Ýewropada energiýa önümçiligi «arassalanýar»
Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda elektrik energiýasy has arassa çeşmelerden alnyp başlandy. Maglumatlara görä, şu ýylyň birinji ýarymynda elektrik energiýasynyň dörtden üç bölegi arassa çeşmelerden alnypdyr. Bu barada Belgiýanyň «Eurelectric» assosiasiýasy habar berdi. Maglumata görä, Ýewropada «ýaşyl» önümçilikde rekord goýlupdyr. Şeýlelikde, elektrik energiýasynyň 74 göterimi arassa çeşmelerden öndürilipdir. Alty aýyň dowamynda elektrik energiýasynyň 50 göteriminden gowragy Gün we ýel ýaly çeşmelerden alnan bolsa, 24 göterimi ýadro beketlerinden alnypdyr. Elektrik önümçiliginde tebigy gazyň paýy 13 göterim, kömrüň paýy 9 göterim bolupdyr. Mähriban JUMAMYRADOWA,