TÜRK­ME­NIS­TAN–EÝ­RAN: GAZ PU­DA­GYN­DA HYZ­MAT­DAŞ­LYK PUG­TA­LAN­DY­RYL­ÝAR

5 Iýul 2024
229

1–3-nji iýulda paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gaz pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, hususan-da, türkmen tebigy gazyny swap usuly arkaly EYR-nyň çäginden üstaşyr Yrak Respublikasyna ibermegiň meselelerine garaldy.

Eý­ran ýur­du­my­zyň söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry alyp bar­ýan iň mö­hüm hyz­mat­daş ýurt­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şun­da hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da­ky hyz­mat­daş­lyk, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň eks­port edil­me­gi, üs­ta­şyr ge­çi­ril­me­gi ba­bat­da gat­na­şyk­lar öza­ra dia­lo­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­dyr.

Beýleki habarlar