Ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk esaslary

3 Iýul 2024
317

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kanunçylyk ulgamynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmegine aýratyn uly üns berilýär. Ýurdumyzyň Mejlisi tarapyndan täze kanunçylyk namalarynyň birnäçesiniň taslamalarynyň üstünde işlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek babatda berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda bagtyýar ýaşlarymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi, okamagy, öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Milli kanunçylygymyza laýyklykda, ýaşlara ýaşaýyş jaýyny edinmekde, durmuş gurmakda döwlet tarapyndan birnäçe ýeňillikleriň berilýändigini aýratyn bellemek gerek. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde ýaşlarymyz üçin dürli ýeňillikler kesgitlenilendir. Şolaryň hatarynda durmuş gurýan ýaşlara ýeňillikli karz serişdeleriniň berilmegini aýratyn bellemek möhümdir. Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýaş maşgalalara hojalyk hajatlary üçin 3 ýyla çenli, ýyllyk 1 göterim bilen 20 müň manat möçberinde karz serişdesi berilýär. Bu bolsa ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny hem-de jemgyýetimizde maşgala bitewüligini üpjün etmäge ýardam edýär.

Süleýman NURYÝEW,
Akdepe etrap döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy.
Beýleki habarlar