"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Keşbi tebigata siňen Pyragy

Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralar bilen bellenilýän ýylynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, paýtagtymyzyň günorta böleginde söz ussadynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy, «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryha zer harplar bilen ýazylan şanly wakalardyr. Magtymguly öz ýurduny, halkyny ýürekden söýen, bütin ömrüni Watana, halka bagyşlan beýik ynsandyr. Şol esasdan, tebigatymyza hem onuň keşbiniň siňmegini şol söýgüden, beýiklikden gözbaş alýan ajaýyplyk diýip häsiýetlendiresim gelýär.

Nirededigiňi bilmeli

(Tymsal) Segsen ýaşy arka atan bir gojanyň tanyş-bilşi juda köpmüşin. Garranlygyna garamazdan, ol kim myhmançylyga çagyrsa, göwnüni ýykmajak bolup gider eken. Käwagt on ýere dagy barmaly bolaýýan eken. Biriniňkide myhmançylykda otyrka, ondan ýene näçe ýere barmalydygyny sorapdyrlar. Ol elindäki bellikli kagyzyndan gözüni aýyrman oturyşyna:

Dünýäniň dilleri ýa-da diller dünýäsi

Ýer ýüzünde häzirki wagtda 7 müň töweregi dil bolup, dünýäniň ilatynyň ýarysyndan gowragy birden köp dili bilýär.*  *  *Miladydan öňki 3500-nji ýyllara degişli bolan şumer dili iň gadymy ýazuw dilidir, ondan soňra müsür we hytaý dilleri gelýär.*  *  *Papua-Täze Gwineýada 841 dil bolup, olaryň käbirine az sanly adam düşünýär.*  *  *Häzirki wagtda ilat sany boýunça dünýäde birinji orna geçen Hindistanda 800-den gowrak dilde gürleşilýär. *  *  *Arap dili 22 ýurduň resmi dili bolup durýar.*  *  *Sözlük goruna iň baý dil iňlis dilidir. 750 müňden gowrak sözden ybarat bolan bu diliň sözlük goruna her ýylda täze sözleriň hem birgideni goşulýar.*  *  *Iň köp öwrenilýän dil iňlis dili bolup, dünýäniň ilatynyň köpüsi ony ikinji dili hasaplaýar.*  *  *Ylmy we beýleki maglumatlaryň köpdügi sebäpli, iňlis we fransuz dilleri internetde ulanylýan iň meşhur dillerdir. Ylmy maglumatlaryň 80 göterimi iňlis dilinde elýeterlidir.*  *  *Lukmanlaryň geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, birnäçe dili bilmek beýnini ýaş saklaýar we zehini ýiteldýär.

Dumly-duşdan dürli-dümen

Aždarha gaýyklarynyň ýaryşy Hytaý dürli şüweleňleriň geçirilýän ýeri hökmünde tanalýar. Bu ýerde geçirilýän aždarha gaýyklarynyň festiwaly şolaryň biridir. Bu festiwal öz gözbaşyny 2000 ýyl mundan ozal alyp gaýdýar. Ol Hytaýyň liriki şahyry Sýuý Ýuana bagyşlanandyr. Tomsuň başynda derýalarda aýratyn bezelen, öň tarapynda aždarhanyň şekili bolan gaýyklarda ýaryşlar guralýar. Depregiň batly sesi bilen festiwala badalga berilýär. Deprek sesi ýaman ruhlary kowýarmyş. Festiwal munuň bilen çäklenmeýär. Derýalaryň kenary boýunça milli däp-dessurlar ýerine ýetirilýär, dürli tagamlar taýýarlanyp, hödür edilýär. Bu çärä gatnaşýanlar biri-biriniň üstüne suw sepýärler, suwa tüwi dänelerini atýarlar. Ýeňiji bolan topar adamlara ýokary hasyl we bagtly durmuş getirýärmiş diýlip yrym edilýär.

“Ýaşyl ýaýlanyň” şowhuny

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki “Ýaşyl ýaýla” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen çagalaryň 300-si dynç alyp, saglygyny berkidýär. Olaryň arasynda guralýan çäreler çagalaryň wagtlarynyň has-da täsirli, manyly we netijeli geçmegine şert döredýär. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka, Tejen, Sarahs etrap Geňeşleriniň bilelikdäki meýilnamasy esasynda merkezde guralan nobatdaky medeni-köpçülik çäresi diýseň gyzykly hem-de ýatda galyjy boldy. Çagalar el hünärine degişli işleri ýerine ýetirmekde, dag ösümliklerinden şekilleri ýasamakda, surat çekmekde ukybyny görkezdiler.

«Gülüň owadan» atly bäsleşigiň Kaka etrap tapgyry

Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde «Gülüň owadan» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi tarapyndan çeper elli, zähmetsöýer zenanlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň bu tapgyryna el hünärine ussat zenanlaryň uly topary gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşyjy zenanlar türkmen milli keçesini taýýarlamak bilen baglanyşykly ýüp saýlap almak we saýmak, ýüňi daramak, pişge ýasamak, keçäniň gamşyny dokamak ýaly işleri ýerine ýetirdiler, keçäniň görnüşleri, ony taýýarlamak üçin zerur bolan gurallaryň atlary we şol gurallaryň dogry ulanylyşy barada gürrüň berdiler, gadymy nagyşlary keçä saldylar, keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary, rowaýatlary, gazallary, aýdyşyklary aýtdylar.

Ýaşlar sagdyn durmuş bilen

Şeýle at bilen Bäherden etrabyndaky Ýüplük fabriginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Fabrikde zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen duşuşygyň esasy maksady sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmekden ybarat boldy. Duşuşykda ýurdumyzda ýaşlary sport-sagaldyş hereketlerine giňden çekmek, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak babatynda edilýän tagallalar, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda gürrüň edildi. Çykyş edenler ýaşlara ýaramaz endiklerden daşda durmak, sport bilen yzygiderli meşgullanmak bilen bagly öwüt-ündewlerini aýtdylar. Pederlerimizden gelýän asylly ýol-ýörelgeler, watansöýüjilik, maşgala mukaddesligi bilen bagly edilen gürrüňler hem örän täsirli boldy.

Täze okuw ýylyna göwnejaý taýýarlyklar

Täze, 2024-2025-nji okuw ýylyna taýýarlykly barmak bilim işgärleri üçin öňde duran esasy wezipeleriň biridir. Şundan ugur alýan Bäherden etrabynyň bilim işgärleri öňdäki okuw ýylyna taýýarlygyň çäginde mekdeplerde abatlaýyş işlerini göwnejaý alyp barýarlar. Ýeňil abatlaýyş işlerini irki möhletde tamamlan mekdepler hem az däl. Degişli derslere we synplara niýetlenen otaglary döwrebap esbaplar bilen üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Birinji synpa okuwa barjak 6 ýaşly çagalary hasaba almak, bilim işgärleriniň awgust maslahatyna taýýarlyk görmek işleri hem ünsden düşürilmeýär. Häzirki taýýarlyk işleri etrabymyzda täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň ýokary derejede garşylanjakdygyna ynamy artdyrýar. Nesip bolsa, gürrüňi edilýän okuw ýylynda bagtdan paýly çagalaryň ýüzlerçesi ak mekdepleriň bosagasyndan ilkinji gezek gadam basar.

Täzelikler

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň guramagynda sanly ulgam arkaly usuly-amaly maslahat geçirildi. Oňa welaýat kitaphanasynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphana işini zamanabap derejede guramak, kitaphanalara okyjylary çekmek boýunça pikir alşyldy. Şonuň ýaly-da çärede obadyr şäherlerdäki kitaphana şahamçalarynyň hünärmenlerine usuly kömek bermek, olaryň iş tejribelerini baýlaşdyrmak meselelerine garaldy. Maslahat hemmeler üçin örän ähmiýetli boldy.

Watandaşlarymyz haj parzyny berjaý etdiler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda ýurdumyzyň zyýaratçylar topary haj parzyny berjaý etmek maksady bilen, Saud Arabystanynda boldular. Düýn bu toparyň galan bölegi Watanymyza gaýdyp geldi. Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň mübärek günlerinde Türkmenistanyň bäş welaýatynyň we paýtagtymyzyň wekilleri dünýäniň millionlarça zyýaratçylary bilen bilelikde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede boldular. Türkmen zyýaratçylary ýörite uçarda Aşgabadyň Halkara howa menziline geldiler. Soňra bolsa döwrebap awtobuslarda «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän Hezreti Omar metjidine bardylar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi

9-njy iýulda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine 7-nji iýulda geçirilen saýlawlaryň ahyrky netijeleri jemlenildi. Çärä merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde Aşgabat şäheriniň saýlaw toparynyň başlygynyň saýlawlaryň netijeleri baradaky hasabaty diňlenildi.

Watandaşlarymyz haj parzyny berjaý etdiler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda ýurdumyzyň zyýaratçylar topary haj parzyny berjaý etmek maksady bilen, Saud Arabystanynda boldular. Düýn bu toparyň galan bölegi Watanymyza gaýdyp geldi. Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň mübärek günlerinde Türkmenistanyň bäş welaýatynyň we paýtagtymyzyň wekilleri dünýäniň millionlarça zyýaratçylary bilen bilelikde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede boldular. Türkmen zyýaratçylary ýörite uçarda Aşgabadyň Halkara howa menziline geldiler. Soňra bolsa döwrebap awtobuslarda “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän Hezreti Omar metjidine bardylar. Yslam dünýäsiniň özboluşly merkezine öwrülen iki mukaddeslige tagzym eden watandaşlarymyzyň zyýaraty jemgyýetimiziň we döwletimiziň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň, asylly ýörelgeleriň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Olar ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylygyň, dostlukly gatnaşyklaryň berkarar bolmagy ugrunda tagalla edýän Arkadagly hajy Serdarymyza we hajy Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi

Aşgabat, 9-njy iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde Aşgabat şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk”, 2-nji “Bitaraplyk” we 6-njy “Köpetdag” saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine 7-nji iýulda geçirilen saýlawlaryň ahyrky netijeleri jemlenildi. Çärä merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda nygtalyşy ýaly, saýlawlar bäsdeşlik, aýanlyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda geçdi we Türkmenistanyň saýlap alan demokratik ýoluna hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmelere ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Şeýle hem saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezendigi bellenildi. Hususan-da, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna üç saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan 79 müň 121 adam gatnaşdy. Bu bolsa bellige alnan saýlawçylaryň umumy sanynyň 91,32 göterimine deňdir.

Adam bolsaň, gulak goýgul öwüde

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe çykýan esasy aýratynlyk adam, adamzat düşünjeleriniň açylmagynda jemlenýär. Şunuň özi şahyryň «Adamzat», «Söhbet ýagşydyr», «Mal ýagşy», «Gözlär men», «Delalat ýagşy» şygyrlarynda gönüden-göni adamzada ýüzlenmede we adamyň pikirleriniň we dünýägaraýşynyň anyk teswirlenmelerinde ýüze çykýar. Şahyryň döredijiliginiň esasynda adam hakyndaky taglymat uly orun eýeleýär. Şonuň bilen baglylykda, şahyryň döredijilik dünýäsi tutuşlygyna adama, adamzada gönükdirilen pikirlerde açylýar. «Delalat ýagşy» şygrynda : Asla adamzada ajy söz urma,Pakyra-misgine delalat ýagşy.

Gökdere — şatlyk mekany

Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Babadaýhan we Ak bugdaý etrap Geňeşleriniň bilelikdäki meýilnamasy esasynda sport, medeni dynç alyş dabarasy geçirildi. Möwsümiň ikinji tapgyrynda merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalar oňa uly höwes bilen gatnaşdylar. Milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny açyp görkezýän sergi bilen tanyşmakdan başlanan çäre gyzykly tomaşalara utgaşdy. Okuwçy gyzlaryň el hünärine degişli işleri ýerine ýetirýän pursatlary has-da ünsi çekiji boldy. Suratkeş çagalaryň bu ýerdäki gyzykly pursatlary şekillendiriş sungatynda beýan etmekleri we öz eserleriniň sergisini guramaklary ýakymly duýgulary peşgeş berdi. Ruhubelentlige beslenen aýdym-sazly çykyşlaryň owazy bolsa, uzaklara aşdy.

Sport ýaryşlary uly üstünliklere beslendi

Çagalaryň tomusky dynç alyş günleriniň şadyýan we ýatda galyjy pursatlara beslenmegi üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýörite çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy. Dynç alyş möwsüminde çäreleriň täsirli geçmegi we olara çagalaryň höwes bilen gatnaşmaklary üçin guramaçylyk işlerine has uly üns berilýär. Golaýda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Gökderedäki «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirilen «Sagdyn nesil — bagtyýar geljek» atly sportuň hereketli we sanly görnüşi boýunça ýaryşlar uly ruhubelentlige beslendi. Ony Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilelikde guradylar. «Sagdyn nesil — bagtyýar geljek» atly sportuň hereketli we sanly görnüşi boýunça guralan ýaryşlaryň esasy maksady tomusky dynç alyş möwsüminde bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ähmiýetini wagyz etmekden ybarat boldy.

Hasyl ussatlarynyň zähmet ýeňşi

Mälim bolşy ýaly, 8-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimize daşoguzly gallaçylaryň 270 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, zähmet üstünligini gazanandygy baradaky hoş habar aýdyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýatymyzyň edermen hasyl ussatlarynyň gazanan zähmet üstünligi bilen gutlap, olara täze üstünlikleri arzuw etmegi ähli halkymyz bilen birlikde, welaýatymyzyň edermen gallaçy kärendeçilerini hem diýseň guwandyrdy, buýsandyrdy. Welaýat häkimliginde bu şanly waka mynasybetli maslahat geçirildi. Onuň dowamynda galla oragy möwsüminde yhlasly zähmet çeken kärendeçilere we oba hojalyk işgärlerine welaýat häkimliginiň adyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän günlerinde edermen gallaçylaryň gazanan zähmet ýeňşi ýurdumyzda oba hojalyk özgertmeleriniň ajaýyp miwe berýändiginiň aýdyň netijesidir. Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlaryndan peýdalanyp, häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehniki talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde möhüm ähmiýete eýe bolan oba hojalyk toplumynyň agzybir işgärleri bu babatda tagallasyny gaýgyrmaýarlar. Yhlasly zähmet, sazlaşykly iş belent sepgitleriň eýelenmegine ýardam edýär.

Arşdan-kürsden ýalkym saçýar «Arkadag»

Agzybirligi, erkanalygy, bagtyýarlygy, beýik özgerişleri bilen adamzady haýrana goýýan halkymyzyň, ata Watanymyzyň toý tutumynyň hem-de şan-şöhratynyň owazasy äleme ýaň salýar. Ýagşy arzuwlaryň wysala, belent maksatlaryň myrada gowuşýan ýerine öwrülen ýurdumyzy synlamak, ynsanperwer halkymyz bilen dost-dogan bolmak, ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin dünýäniň çar künjünden myhman gelýär. Olar eziz Diýarymyzyň gyralary güllere, zümerret baglara bürenip oturan, aýna ýaly tekiz, ýagty, döwrebap enjamlaşdyrylan şaýollaryny, köçelerini setirligine jäheklän Zeminiň ak guwy ýaly mermer binalaryny, älemgoşar çüwdürimli seýilgählerini seýran edip lezzet alýarlar. Türkmeniň toý döwresiniň we oňa mynasyp sowgatly barmak adatynyň özlerinde ýakymly täsir galdyrýandygyny nygtap, ony hupbulwatanlygyň naýbaşy nusgalaryndan biri hasaplaýarlar. Milli gahryman Görogly begiň: «Bir toý tutuň, älem galsyn haýrana» diýen joşgunly namasynyň häzirki döwrüň bagtyýarlyk hakykatyna öwrülendigini belleýärler. «Akylly» şäheriň bir ýyllygynyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň doglan gününiň bellenen senesinde hem munuň şeýledigine nobatdaky gezek göz ýetirildi. Şol gün Arkadag şäheriniň häkimliginde goşa toý mynasybetli baýramçylyk maslahaty geçirildi. Dabara beslenip, göwünlere ganat, ýagty geljege uly ynam beren maslahatda «

Soňky sütün

* Binagärligiň taryhyny öwrenijiler Köneürgençdäki Il-Arslanyň aramgähiniň on iki taraply prizma we on iki taraply çadyr görnüşindäki gümmezli kub şekillidigini aýdýarlar. Ol orta asyrlarda Merkezi Aziýada şeýle binagärlik aýratynlygyna eýe bolan ýeke-täk taryhy ýadygärlik hasaplanýar.

Halkara ylmy maslahat

Tejribe alşyldy