Dünýäniň dilleri ýa-da diller dünýäsi

10 Iýul 2024
255

Ýer ýüzünde häzirki wagtda 7 müň töweregi dil bolup, dünýäniň ilatynyň ýarysyndan gowragy birden köp dili bilýär.
*  *  *
Miladydan öňki 3500-nji ýyllara degişli bolan şumer dili iň gadymy ýazuw dilidir, ondan soňra müsür we hytaý dilleri gelýär.
*  *  *
Papua-Täze Gwineýada 841 dil bolup, olaryň käbirine az sanly adam düşünýär.
*  *  *
Häzirki wagtda ilat sany boýunça dünýäde birinji orna geçen Hindistanda 800-den gowrak dilde gürleşilýär.
*  *  *
Arap dili 22 ýurduň resmi dili bolup durýar.
*  *  *
Sözlük goruna iň baý dil iňlis dilidir. 750 müňden gowrak sözden ybarat bolan bu diliň sözlük goruna her ýylda täze sözleriň hem birgideni goşulýar.
*  *  *
Iň köp öwrenilýän dil iňlis dili bolup, dünýäniň ilatynyň köpüsi ony ikinji dili hasaplaýar.
*  *  *
Ylmy we beýleki maglumatlaryň köpdügi sebäpli, iňlis we fransuz dilleri internetde ulanylýan iň meşhur dillerdir. Ylmy maglumatlaryň 80 göterimi iňlis dilinde elýeterlidir.
*  *  *
Lukmanlaryň geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, birnäçe dili bilmek beýnini ýaş saklaýar we zehini ýiteldýär.

Beýleki habarlar