Keşbi tebigata siňen Pyragy

10 Iýul 2024
227

Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralar bilen bellenilýän ýylynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, paýtagtymyzyň günorta böleginde söz ussadynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy, «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryha zer harplar bilen ýazylan şanly wakalardyr.

Magtymguly öz ýurduny, halkyny ýürekden söýen, bütin ömrüni Watana, halka bagyşlan beýik ynsandyr. Şol esasdan, tebigatymyza hem onuň keşbiniň siňmegini şol söýgüden, beýiklikden gözbaş alýan ajaýyplyk diýip häsiýetlendiresim gelýär.

Aşyrgeldi HALABOW,
Bereket etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar