"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Bagtymyzyň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşdy. Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan şol iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz 2021-nji ýylda öňde durýan belent maksatly wezipeleri kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary Garaşsyz ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň her biri, aýratyn-da medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri üçin aýdyň ugur-ýol görkezijidir. Garaşsyz ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda gazanylýan ösüşler, oňyn özgertmeler eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň daşary hem içeri syýasatda alyp barýan parasatly ýörelgeleri halkymyza gülläp ösüşiň miwelerini eçilýär, mukaddes Garaşsyzlygy tug edinen türkmen döwletiniň at-abraýyny dünýä ýaýýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler, milli maksatnamalar, durmuşa geçirilýän taslamalar döwlet Baştutanymyzyň adam hakdaky aladalaryndan gözbaş alýar. Şonuň üçin hem halkymyz asuda durmuşda, parahat ýaşaýşyň hözirini görüp ýaşaýar.

Döwrümiziň binagärlik waspy

Hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň 2021-nji ýyldaky ilkinji mejlisinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk komitetini döretmek hakynda» Karara gol çekmegi, maslahatlardyr iş saparlarynda öňde goýýan wezipeleri taryhy ähmiýetli şanly senä uludan taýýarlyk görülýändigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän bu ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň ençemesini açyp, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu dabaralar bilen birlikde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilmegi, Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň, tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň guralmagy, Lebap welaýatyndaky Medeniýet hepdeligi we beýleki taryhy wakalar Garaşsyzlygyň gymmatlyklaryny, ýurdumyzyň özygtyýarly ösüş ýolundaky gazananlaryny dabaralandyrar.

Şanly toýa uly tutumlar bilen...

22-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň dowam edýändigi, gowaça hasylynyň düýbüni tutmak boýunça ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň geçirilýändigi barada hasabat berdi. Şunda ýerleri gowaça ekişine taýýarlamak, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk çigitleri taýýarlamak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Türkmeniň nurana ýoly parahatçylyk, abadançylyk, durnukly ösüş ýoludyr

Bagtyýar ýaşaýşy üpjün etmek üçin ilkinji nobatda, parahatçylyk, abadançylyk, durnukly ösüş zerur. Täze taryhy eýýamda zähmet we bagtyýarlyk mukamy sazlaşykly hem-de belentden-belent ýaňlanýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hut şu zerurlyklary üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýär. Bu belent maksada döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen ýetilýär. Şonuň netijesinde eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň sene ýazgysyna şanly wakalar ýazylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň, ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen Garaşsyz Türkmenistan gülläp ösüşiň mekanyna, arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna, parahatçylygyň merkezine, halklaryň dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna gönükdirilen halkara forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şeýlekin ösüş, belent sepgitlere ýetilmegi halkymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri, döredijilikli zähmet, dostlukly gatnaşyklar, özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly üpjün edildi.

Üstünlikler — ösüşlere badalga

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda bagtyýar ýaşaýan halkymyz ýagşy umytlar, arzuwlar bilen 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny garşy aldy. Parahatçylygyň, asudalygyň, ynanyşmagyň mekany hökmünde at-owazasy dünýä dolan Türkmenistan ýurdumyz ösüşleriň aýdyň ýoly bilen barýar. Ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, sungatda, umuman, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler ýurduň kuwwatlanmagyna we halkara abraýynyň has-da artmagyna alyp barýar. Ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine çykarmak, talyp ýaşlaryny ylymly-bilimli, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler edip ýetişdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyndaky amala aşyrýan özgertmeleri biziň ählimizi — mugallymlary, talyplary örän buýsandyrýar. Bilimde bolup geçýän özgertmeler bolsa, barmak büküp sanardan köpdür. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, bagtyýarlyk döwrümizde okuw mekdeplerinde zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, okatmagyň interaktiw usullaryndan peýdalanmaga, sapaklarda sanly tehnologiýalardan we dünýä tejribesinden peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredildi. Interaktiw usul mugallymy we okuwçyny, talyby täze tehnologiýa esasynda taýýarlanylan ders maglumatlaryndan netijeli peýdalanmaga gönükdirýär. Şeýle hem okatmagyň bu usuly mugallymlary we talypl

«Dostluk» — türkmen-azerbaýjan dost-doganlygynyň we netijeli hyzmatdaşlygynyň nyşany

21-nji ýanwarda türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Bu resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi beýan edilýär. Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowy kabul etdi.

Hazar: taryhyň täze sahypasy

XXI asyryň 21-nji ýylynyň 21-nji güni! Utgaşygy, sazlaşygy bilen asyrda bir gezek gaýtalanýan täsin sene diýýärler şu güne. Biziň üçin bolsa bu sene diňe bir daşky sazlaşygy bilen däl, eýsem, taryhy ähmiýeti bilen hem geldi. 21-nji ýanwarda türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

EKSPORT UGURLY AHAL. Bäherden etrabyndaky ýüplük fabrigi 2020-nji ýyly ýokary iş görkezijileri bilen jemlän kärhanalaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň önümleriniň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, içerki bazarlarymyzy degişli harytlar bilen üpjün etmek, bar bolan çig mal serişdelerini gaýtadan işlemegiň hasabyna pudagyň girdejilerini artdyrmak babatdaky tagallalaryna mynasyp goşant goşýan bu kärhanada geçen ýyl 71 million 135 müň 84 manatlyk önüm öndürilip, 128,1 göterime barabar ösüş gazandy.

Sebitleri toplumlaýyn ösdürmek maksady bilen iş tejribesi alşyldy

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem beýleki käbir ýolbaşçylar Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, dürli ugurlarda iş tejribesi bilen tanyşdylar. Welaýatlaryň häkimleri, medeniýet ministri, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň rektory paýtagtymyzda, soňra Mary welaýatynyň häkimliginde milli Liderimiziň öňde goýan degişli wezipelerini toplumlaýyn ýerine ýetirmek boýunça işleriň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Watan goragçylarynyň gününe

Mertebe mukaddesligi Baky Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Türkmenistan döwletimiz dünýä ýüzünde parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge, dostana gatnaşyklary ösdürmäge hem-de olaryň täze derejelere çykarylmagyna saldamly goşant goşup gelýär. Bu babatda milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Muny Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň ählumumy ykrary bilen üstümizdäki ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem tassyklaýar. Döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasy hem baky Bitaraplyk derejesiniň talaplaryna doly laýyk gelýär. Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan syýasaty netijesinde ol ýurdumyzda hem-de halkara giňişliginde parahatçylygy, howpsuzlygy, özara ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilendir.

Paýhasdan nurlanýan ak şäher

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi döwletimizde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagynyň asylly däbe öwrülendigini tassyklaýar. Munuň özi, 2019-njy ýylyň sentýabrynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýasyndan gözbaş almak bilen, halkymyzyň abadançylygyny, raýatlaryň watançylyk ruhuny, amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny has-da ýokarlandyrýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde maksatnamalaýyn özgertmeler durmuşa geçirilip, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň: «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm orna eýedir» diýip bellemegi, durmuşa geçirilýän işlerde aýdyň beýanyny tapýar.

Mukaddes borja wepalylyk

Welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk sergisi açyldy. «Watany goramak mukaddes borjumyzdyr» atly bu wagtlaýyn sergini muzeýiň işgärleri we welaýatymyzyň harby bölümleriniň wekilleri bilelikde guradylar. Birnäçe günläp dowam etjek bu sergide hormatly Prezidentimiziň watançylyk mowzugyndaky kitaplaryna, Watan goragçylary we harby gullukçylar bilen okuw-türgenleşik döwründe düşen fotosuratlaryna aýratyn orun berildi. Bulardan başga-da ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini esaslandyrmakda we Garaşsyzlyk ýyllarynda Milli Goşunymyzy pugtalandyrmakda alnyp barlan işlere degişli maglumatlaryň uly toplumy ýerleşdirildi. Watanymyzyň şöhratly taryhyna, syýasy we harby durmuşyna degişli özgertmeleri, soňky ýyllarda ýurdumyzyň serhetçileriniň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň işlemekleri we bagtyýar ýaşamaklary üçin döredilýän şertleri, bu ugurda gazanylýan üstünlikleri, şeýle-de mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ömür we söweş ýoluny beýan edýän dürli görnüşli suratlar we ýazgylar hem sergä gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Sergide görkezilen harby gullukçylaryň irki döwürlerde ulanan harby esbaplary, geýen egin-eşikleri, Watan Gahrymanlarynyň döşüni bezän orden-medallar, olar bilen baglanyşykly maglumatlar ildeşlerimiziň watançylyk ruhuny belende galdyrdy.

Parahatçylygyň aýdyň ýoly

2021-nji ýyly „«Türkmenistan — — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagynyň asylly däbe öwrülendigini tassyklady. Munuň özi, halkymyzyň abadançylygyny raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwuny şöhlelendirýär. Şonuň bilen birlikde Türkmenistanyň Mejlisiniň bu Kararynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem--de dünýä ýaýmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Türkmenistana uly buýsanç we wepalylyk ruhunda terbiýelemek wezipelerini amala aşyrmakda uly ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjekleri ösýär we özgerýär. Ykdysady taýdan güýçli we kuwwatly döwletde şäherleriň we obalaryň ösmegi, özgermegi bolsa, adam hakyndaky aladadan nyşandyr.

Ähli reňkleriň başlangyjy ak reňkde!

Ynha, indi her gezek gözüň düşende, buýsançly kalbyňa ganat bekledýän Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» eserindäki Ýer togalagynyň daşyndan aýlanyp, ak ýol çekip barýan guşuň — parahatçylygyň ilçisi hökmünde bütindünýä söýgüsini gazanan ak kepderiniň şekili bu eýjejik guşuň halkyň ruhy dünýäsine girip, hemişelik orun alşy, şeýle-de «ak ýol» diýen aňlatmanyň giň hem-de nurana many öwüşginleri barada oýlandyrýar. Eýsem, nirede asudalyk we parahatlyk bolsa, şol ýerde gowulyklaryň hem şowlulyklaryň, rowaçlyklaryň jeminden hasyl bolýan ak ýollar ynsanlary ösüşlere, parlak geljege tarap ynamly öňe äkidýär. Şol ak ýol bolsa milli Liderimiziň adybir eserinde belentden beýan edilen baky Bitaraplygymyzdyr. Ýaşaýşyň buşlukçysy

Dostlugyň we agzybirligiň ýoly

Milli Liderimiz «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly eserinde: «Biziň eziz Diýarymyzyň geljegini has-da rowaçlandyrmak hakyndaky düýpli aladalarymyzyň esasynda Watanymyza iňňän uly söýgimiz, tutanýerlilik hem-de maksadaokgunlylyk bilen ýaýbaňlandyran beýik ynsanperwer ýörelgelerimiz bardyr. Şular hem sagdyn durmuşy söýmäge, bagtyýar ýaşaýşy kemala getirmäge, dostluga hem-de agzybirlige gönükdirilen tutumly maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmegimiziň esasy şertidir» diýip, dünýäde ösüş arkaly parahatçylygy gazanmakda sport diplomatiýasynyň ähmiýetiniň uludygyny nygtaýar. Arkadagly eýýamymyzda ata Watanymyz Türkmenistan ähli arzuwlary hasyl bolýan bagtyýar adamlaryň ýurduna, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň we halkara derejeli sport çäreleriniň geçirilýän mekanyna öwrüldi.

Kitaphana — göwher däne Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzda kitaphana ulgamy döwrebap ösüşlere eýe boldy

2017-nji ýylyň 20-nji martynda «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren görkezmesi esasynda kitaphanalara internet ulgamy ornaşdyryldy.

Rowaçly menziller

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň paýtagtyny we sebitlerini ösdürmek babatynda dünýä nusgalyk guwandyryjy işleri durmuşa geçirýär. Şol maksat bilen, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda, Diýarymyzyň obalarynda, şäherçedir şäherlerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna aýratyn üns berýär. Medeni-durmuş, önümçilik maksatly döwrebap desgalaryň, nusgalyk obadyr şäherçeleriň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi bilen ýurdumyzyň sebitleri günsaýyn täze keşbe beslenýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda täze, döwrebap obalaryň we şäherçeleriň ençemesiniň gurluşyklary alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag, Owadandepe, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşlikleriniň çäginde şeýle döwrebap obalar gurulýar. Mundan başga-da Gökdepe etrabynyň çäginde Ahal welaýatynyň döwrebap dolandyryş merkeziniň gurluşyk işleri güýçli depginde dowam edýär. Bu zatlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň her bir welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatdaky maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň alamatydyr. Türkmen halky Arkadagly döwrümiziň her bir ýylynda dürli maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna şaýat bolup gelýär. Geçen, 2020-nji ýylda Watanymyzda köp sanly durmuş, önümçilik maksatly binalaryň we desgal

Arkadagyň dünýä nusgalyk syýasaty

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlary ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, iri gaýtadan işleýän önümçilikleri döretmek we ösdürmek babatynda ileri tutulýan taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň goruna dünýäde baý ýurtlaryň hatarynda bolmagy nebitiň we gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmaga, energiýa serişdeleriniň eksportynyň çäklerini tapgyrlaýyn giňeltmäge gönükdirilen energetika strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň geçirilmegi ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýakyndaky we alysdaky döwletler bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, uglewodorod serişdelerini iberijiler we sarp edijiler üçin amatly şertleriň döremegine, Türkmenistan üçin täze sarp edijileriň bazarlaryny açmaga oňyn şertleri döredýär we ýurdumyzda işlemek isleýän daşary ýurt maýa goýujylaryň gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar. Şu ýylyň 15-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desga ulanmaga berildi. Garagum sährasynyň bu welaýata degişli çäginde ýerleşýän «Malaý» ýatagyndan 1986-njy ýyldan bäri tebigy gaz çykarylyp gelinýär. Sebitiň ilatly ýerlerini, dürli maksatly desgalary gaz bilen üpjün edýär, şeýle-de Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi

Taryha şan goşýan wakalar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki şanly ýyl taryha ýaň salýan wakalara ulaşýar. Ýaňy-ýakynda Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol şahasynyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ulgamynyň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy üstaşyr akymlarynyň, şeýle-de «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi hem şeýle diýmäge esas berýär. Bu desgalaryň açylyş dabaralary şanly ýylymyzyň başyndaky buýsançly wakalar hökmünde kalbymyzy joşdurdy, göwünlerimize ganat berdi. Hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Çärjew etrabynda dabaraly ýagdaýda işe girizen «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desga uly ähmiýetli taslamalaryň biridir. Bu waka dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň gaz pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak, baý uglewodorod serişdelerimizi doly derejede ulanmak babatdaky tagallalarda ähmiýetli bolmak bilen, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga özboluşly itergi berýär.

Beýik işler — üstünliklere badalga

2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän ýylymyz uly dabaralara, beýik tutumly işlere badalga berýär. Mynasyp derejede atlandyrylan ýylymyz many-mazmun taýdan bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Bu bolsa ähli watandaşlarymyzyň köňül buýsanjyny joşduryp, ajaýyp ýeňişlere besleýär. Biziň ýurdumyz asudalygyň, parahatçylygyň ýurdy hökmünde jahanda giňden tanalýar. Eziz Diýarymyz şu ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny uly dabaralara beslär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşiniň ähli ugurlar boýunça möhüm wezipeleri kesgitlenildi. Bu bolsa Diýarymyzyň oňyn ösüşe we ählumumy parahatçylyga gyzyklanmalarynyň, milli taryhy-medeni gymmatlyklara ygrarlylygynyň ähmiýetini aýan edýär.