Ähli reňkleriň başlangyjy ak reňkde!

22 Ýanwar 2021
1532

Ynha, indi her gezek gözüň düşende, buýsançly kalbyňa ganat bekledýän Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» eserindäki Ýer togalagynyň daşyndan aýlanyp, ak ýol çekip barýan guşuň — parahatçylygyň ilçisi hökmünde bütindünýä söýgüsini gazanan ak kepderiniň şekili bu eýjejik guşuň halkyň ruhy dünýäsine girip, hemişelik orun alşy, şeýle-de «ak ýol» diýen aňlatmanyň giň hem-de nurana many öwüşginleri barada oýlandyrýar. Eýsem, nirede asudalyk we parahatlyk bolsa, şol ýerde gowulyklaryň hem şowlulyklaryň, rowaçlyklaryň jeminden hasyl bolýan ak ýollar ynsanlary ösüşlere, parlak geljege tarap ynamly öňe äkidýär. Şol ak ýol bolsa milli Liderimiziň adybir eserinde belentden beýan edilen baky Bitaraplygymyzdyr.

Ýaşaýşyň buşlukçysy

Ejegyz ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar