Mukaddes borja wepalylyk

22 Ýanwar 2021
1593

Welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk sergisi açyldy. «Watany goramak mukaddes borjumyzdyr» atly bu wagtlaýyn sergini muzeýiň işgärleri we welaýatymyzyň harby bölümleriniň wekilleri bilelikde guradylar.

Birnäçe günläp dowam etjek bu sergide hormatly Prezidentimiziň watançylyk mowzugyndaky kitaplaryna, Watan goragçylary we harby gullukçylar bilen okuw-türgenleşik döwründe düşen fotosuratlaryna aýratyn orun berildi. Bulardan başga-da ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini esaslandyrmakda we Garaşsyzlyk ýyllarynda Milli Goşunymyzy pugtalandyrmakda alnyp barlan işlere degişli maglumatlaryň uly toplumy ýerleşdirildi. Watanymyzyň şöhratly taryhyna, syýasy we harby durmuşyna degişli özgertmeleri, soňky ýyllarda ýurdumyzyň serhetçileriniň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň işlemekleri we bagtyýar ýaşamaklary üçin döredilýän şertleri, bu ugurda gazanylýan üstünlikleri, şeýle-de mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ömür we söweş ýoluny beýan edýän dürli görnüşli suratlar we ýazgylar hem sergä gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Sergide görkezilen harby gullukçylaryň irki döwürlerde ulanan harby esbaplary, geýen egin-eşikleri, Watan Gahrymanlarynyň döşüni bezän orden-medallar, olar bilen baglanyşykly maglumatlar ildeşlerimiziň watançylyk ruhuny belende galdyrdy.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar