"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Magtymgulynyň döredijiliginde watançylyk we gahrymançylyk

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Aja­ýyp şy­gyr­la­ry bi­len türk­men hal­ky­nyň dün­ýä­ga­raý­şy­ny, wa­tan­çy­lyk ha­kyn­da­ky dü­şün­je­le­ri­ni baý­laş­dy­ran Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi kä­mil bilimli ne­sil­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Akyl­dar şa­hyr ýi­git­le­ri Wa­tan go­ra­gy­na aýa­ga gal­ma­ga, türk­men ýi­git­le­rin­de har­by-gah­ry­man­çy­lyk, wa­tan­çy­lyk, mert­lik, har­by us­sat­lyk häsiýetlerini ter­bi­ýe­le­mä­ge çal­şyp­dyr.

Beýik akyldaryň şanly toýuna sowgat

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Gö­rog­ly et­rap Me­de­ni­ýet öýün­de Gö­rog­ly et­rap hä­kim­li­gi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň et­rap ge­ňe­şi­niň, et­ra­byň me­de­ni­ýet bö­lü­mi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da be­ýik söz us­sa­dy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy hem-de «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly my­na­sy­bet­li «Da­na, us­sat, pä­him-paý­has um­ma­ny, be­ýik şa­hyr — Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ady bi­len «te­ge­lek sto­luň» ba­şyn­da söh­bet­deş­lik ge­çi­ril­di. Oňa Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň et­rap ge­ňe­şi­niň we­kil­le­ri, et­ra­byň me­de­ni­ýet we bi­lim ul­gam­la­ryn­da zäh­met çek­ýän ýaş­lar gat­naş­dylar.

Hem­me­le­ri ruh­lan­dyr­ýan şy­gyr­lar

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 «Ajap eý­ýam ge­lip­dir, seý­ra­na gel Py­ra­gy» ady bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Esen­gu­ly et­rap Ge­ňe­şi bi­len et­rap bi­lim bö­lü­mi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­lyk se­ne­si my­na­sy­bet­li Esen­gu­ly et­ra­by­nyň 5-nji ça­ga­lar ba­gyn­da du­şu­şyk ge­çi­ril­di.

Goşgular çemeni

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Du­şu­şyk­da

Çörek — gudratly söz

Çörek adamzat üçin ähli eşretlerden beýigidir. Çörek — gudratly söz. Bu ynsanyň ýaşamagy üçin suw we howa dek zerur. Bugdaýy ekinleriň genji saýan türkmen halky çöregi gadymy zamanlardan bäri hormatlap, maňlaýyna sylmagy, çöregiň owuntygyny hem ýere gaçyrmazlygy adata öwrüpdir. Çörek keramatdyr. Asyrlaryň dowamynda çöregiň keramaty dogrusynda dürli däp-dessurlar döredilipdir. Miladydan ozalky I müňýyllygyň ýazuw ýadygärligi bolan «Awestada» hem çöregiň keramatly güýje eýedigi beýan edilýär: «Berekediň açary daýhanyň elindedir. Däne peýda bolanda, döwler derleýärler, degirmen peýda bolanda, döwler howsala düşýärler, un peýda bolanda, döwler gorkudan ýaňa bogazyna sygdygyndan gygyryp başlaýarlar, haçanda çörek bişirilende, döwler ondan hem beter gorkýarlar». «Nan — öwlüýä», «Nan — bereket», «Duz-çörekden şeýtan gaçar», «Däne aýan dänä ýeter, nany aýan — nana» ýaly pähimler nanyň — duz-çöregiň türkmen halky üçin gadyr-gymmatynyň örän ýokary bolandygynyň güwäsidir.

Köňülleriň şahyrynyň sarpasy

Halkyň bagty çüwende ýyllaryň her biri üstünliklere, şanly wakalara beslenip gelýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz hem taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Çünki bu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we halkara derejesinde giňden dabaralanýar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň berkararlygynyň we milletimiziň bagtyýarlygynyň kemala gelmegine uly goşant goşan söz ussadynyň sarpasynyň belent tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň mertebesini arşa göteren milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň gymmaty ýyl-ýyldan has-da artýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly şahyrymyzyň döredijiligini öwrenmäge we dabaralandyrmaga gönükdirilen beýik işleriniň netijesinde Magtymguly Pyragynyň at-owazasy dünýä ýaýylýar. Çünki akyldar şahyrymyzyň eserlerinde öňe süren pikirdir garaýyşlary, öwüt-ündewleri ähli halklar we döwürler üçin örän uly ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu barada «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Magtymguly — taryhy köklerden, milli däp-dessurlardan aýagyňy üzmän, döwrüň täzeçilliklerine, belent ösüşlerine uýup ýaşamakdyr» diýip belleýär.

Eýýamlaryň paýhas çyragy

Gadymdan gelýän medeni mirasy, çuňňur mazmunly milli edebiýaty bolan türkmen halkymyz ençeme beýik şahsyýetleri, söz ussatlary bilen umumadamzat paýhasyna uly goşant goşan halkdyr. Merdana pederlerimiziň ruhy-ahlak, ylmy-pelsepewi garaýyşlaryny iň kämil derejede özleşdiren hem-de ösdüren Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi her bir ynsanyň kalbyny ganatlandyrýar. Beýik söz ussadynyň miras goýan ajaýyp pähimleri we ynsanperwerlik ýörelgeleri ýaş nesillerimiziň kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. XIX asyryň ikinji ýarymyndan tä bu günki güne çenli milli şahyrymyzyň edebi mirasy köptaraplaýyn içgin öwrenilip, ençeme garaýyşlar beýan edildi, dürli dillerde ylmy kitaplardyr makalalar çap edildi. Magtymguly Pyragy umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pelsepewi we ynsanperwer garaýyşlary bilen türkmen halkynyň adyny dünýä ýaýdy.

Duýguly dünýä

EJEM Pelek synaglary bükdi-le bilim,Şükür, goldawyma bar ulus-ilim,Sen bar, garaňkyda ýitirsem ýolum,Saňa kän-kän diýjek arzym bar, ejem.

Şygryýet çemeni

DURMUŞ Durmuş meňzeş eken goşga,Isleýşiňçe ýazyberýäň.Dünýäňi dolduryp yşka,Ýanyberýäň, ýanyberýäň.

Ylham joşguny

OL... Uçmaga höwes ýok, islänok uçmak,Ganatyny ýük edinip gezip ýör.Gözni göge dikip, açýar uludan,Käte bolsa gyýa garap, süzüp ýör.

Mag­tym­gu­ly, söz bin­ýa­dyň...

Magtymguly Pyragynyň galyň kitabyny elime alýaryn. Şahyryň setirlerini gözüm bilen yzarlap ugraýaryn. Goşgulary içimden okaýaryn, daşymdan, sesli okamaga çekinýärin... «Manysyna, çuňlugyna doly düşünmän, ol goşgulary sesli okamaga hakym beri barmyka?!» diýip oýlanýaryn... Şy­gyr oka­ma­gy go­wy gör­sem-de, Py­ra­gy­nyň şy­gry­ýe­ti ýö­ne okap ge­çi­läý­me­li däl­di­gi üçin, di­ňe bir ada­myň yk­ba­ly däl, di­ňe bir mil­le­tiň yk­ba­ly däl, bü­tin adam­za­dyň yk­ba­ly çöz­le­nil­ýän­di­gi üçin her ki­mi go­la­ýyn­dan elt­me­ýän bol­ma­ly.

Magtymgulyşynas alymy sarpalap

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy taýdan öwrenmek, bu ugurda uly hyzmatlary bitiren alymlary sarpalamak işi söz ussadymyzyň ýubileý ýylynda has-da rowaçlanýar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň türkmen edebiýaty we edebi gatnaşyklar bölüminiň baş ylmy işgäri, alym Gurbanjemal Ylýasowanyň ýakynda «Ylym» neşirýatynda çapdan çykan «XX asyrda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilişi» atly kitabynyň üsti bilen hem göz ýetirmek bolýar. Akyldar şahyryň döredijiligini öwrenmekde türkmen alymlary köp iş bitiripdirler. Şolaryň biri-de filologiýa ylymlarynyň doktory, akademik Baýmuhammet Garryýewdir. Biz görnükli türkmen alymynyň bitiren işleri bilen täze neşir arkaly ýene bir ýola ýakyndan tanşyp bilýäris. Şonuň bilen birlikde kitabyň girişinde dana Pyragynyň döredijiligini öwrenen daşary ýurtly alymlar hakda maglumatlaryň berilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şeýle maglumatlaryň kitabyň birinji babynda hem dowam etmegi aýratyn bellärliklidir. Kitabyň esasy mazmunynda akademik B.Garryýewiň akyldar şahyryň döredijiligini öwrenmekde bitiren işleri hakda gürrüň berilýär. Şolaryň hatarynda görnükli alymyň öz şägirtlerini ylmy işe ugrukdyrmakdaky hyzmatlary hakda hem ýatlanyp geçilýär. Bu bolsa ähli ugurlarda bolşy ýaly, ylymda hem halypa-şägirtlik ýöre

Ady Arşa galan akyldar

Gazagystanyň Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi açyldy Edebiýatçy alym Ahmet Mämmedowyň «Magtymguly türki halklaryň edebiýatynda» atly iri göwrümli ylmy işinde türkmen-gazak halklarynyň edebi hyzmatdaşlygynyň taryhy kökleri barada giňişleýin durlup geçilýär. Iki halkyň hem edebi mirasynyň altyn hazynasy hasaplanylýan «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan nusgalyk eserlerdäki keşpleriň we ýordumlaryň arasyndaky bitewi umumylygy, ýakynlygy aýdyň duýmak bolýar. Magtymguly Pyragynyň watançylyk we ynsanperwer duýgulara ýugrulan şygyrlary gazak halkynyň ýazyjy-şahyrlaryna öz täsirini ýetiripdir. Şahyryň 70-den gowrak şygryny 1947-nji ýylda ilkinji gezek gazak diline terjime eden Gazagystanyň halk şahyry Galy Ormanowyň bitiren hyzmatlary toýly günlerde hormat bilen ýatlanylýar. Pyraga bolan bimöçber söýgüsini bu şahyr «Magtymgulynyň mekanynda» atly şygrynda aýdyň ýüze çykarýar.

Şygryýet

Magtymgulynyň şygyrlary Pyragynyň şygyrlarnyň her sözünKalbyma keşdeläp okaýan çagym,Täsin dünýä düşüp, täzeden-täzeDüşünjeler bilen baýlaşýar aňym.

Ýabany balyň tagamy (Hekaýa)

Onuň bu daglara gelmeýänine bäş ýyl gowrak bolupdy. Indi galan ömrüne-de bärik gaýtmak niýetinde ýokdy. Ýöne, ynha, ýene-de gelmeli boldy. Ýok, ol dagda bolmakdan gorkmaýardy. Dag bilen düşünişmegi hem başarýardy. Daglaryň öz kada-kanunynyň bardygyny, şolary äsgermese, heläk bolmagynyň mümkindigini bilýärdi. Daglar ejizi, gorkagy halamaýar. Gaýadan-gaýa dyrmaşyp, dagyň depesine çykmagyň hem ondan seresaply düşmegiň, gaýalaryň bilindäki bir adam zordan sygarlyk geçitlerden geçmegiň, köwdür jaýryklardan aňry ýüzüne bökmegiň özi juda töwekgelçiliklidi. Islendik säwligiň heläkçilige eltmegi ähtimal. Ine, şol säwligi goýbermezlik, ätiýaçly bolmak dag bilen iş salyşýan adam üçin hökmanydyr.

Söýginiň syrly sowaly (Nowella)

Meniň gürrüňini edýän wakam ýokary okuw mekdebini tamamlap, edaralaryň birinde işe başlan döwürlerim bolup geçipdi. Iş otagymyzda özümden başga ýene-de iki işgär oturýardy. Şolaryň biri — Jemal atly gyz bilen işe başlan günümden gep-sözümiz alyşdy. Açyk göwünli hem mylakatly bolansoň, biz onuň bilen edil iki dogan ýaly bolup işleýärdik. Aramyzda hiç hili düşünişmezlik bolmazdy. Ýürek diýeniň saňa geňeşjek bolup duranok, günleriň birinde oňa bolan garaýşymyň dostluga, doganlyga asla çalym etmän ugrandygyny boýun aldym. Soňam şol baradaky pikirler bilen uklap, Jemally düýş bilenem oýanyp ugradym. Ýaman ýeri, ýüregimde söýgi döräli bäri onuň bilen gürleşmäm kynlaşdy. Gürlänimde peltekledim, onuň seredýänini aňanymda büdredim. Jemalyň meni dogany ýaly görýändigini bilýändigim sebäpli, oňa söýgimi bildirmäge ýaýdandym. Ýagdaýymy aýdyp, geňeşeýin diýsem, edarada iç döküşip, syr alyşýan dost-ýarymam ýok. Deň-duşlarymyňam aglabasy gyz-gelinler. Ýöne gönüläp söz aýtmasamam, Jemalyň meniň ýagdaýymdan habarlydygyna ynanýardym. Sebäbi soňky wagtlar özüm oňaýsyz ýagdaýa düşenimde, onda-da nähilidir bir üýtgeşikligiň bolýanyny aňýardym.

Lukman şahyr

Gözläp, gözläp, gözläp sözleň gowsuny,«Magtymguly» atly diwandan tapdym. Men bu setirleri zehinli şahyr Öwez Sähetdurdyýewiň şahsy öý arhiwinden çykan «Tapdym» diýen goşgusyndan aldym. Dogrudan-da, zehin lybasyny geýip, ylham atyna atlanan her bir şahyr ýürek joşgunyny ile ýaýmak üçin sözleriň şirinden-şirinini gözleýär. Öwez Sähetdurdyýew ýaly il saglygynyň goragynda kyrk ýyl bir egne zähmet çeken lukman üçin bolsa sözleri taraşlap aýtmak ilkinji zerurlyk. Onda-da ýürek lukmanyna salyhatly, sypaýy, hoş sözli bolmak ýaraşýar. Zandynda şahandazlyk, şahyranalyk bolan Öwez lukmanyň zybanyna hoş sözler öz-özünden gelibererdi. Ol ýürekden yza çekip gelýänlere salamlaşyp duran pursatyndan bir bent goşgy aýdyp, syrkawyň göwnüni götermegi endik edinipdi. Şeýdip adamlaryň ýüregini hem el bilen, hem dil bilen bejererdi. Çünki ol ynsanyň içki gözelligini duýup, oňa sarpa goýmagy, durmuşdaky ähli zada ýagşy niýet bilen garamagy başarýardy. Ýagşylyga durky bilen köňül goýýardy. Bu babatda onuň «Ýagşy niýet bilen» diýen goşgusynda şeýle diýilýär:

«Jelaleddin Rumy, jemg-ul magny...»

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyň asyry» atly bäsleşigine Magtymguly Pyragynyň «San bolsam» atly goşgusynda ady agzalýan Jelaleddin Rumy XIII asyrda ýaşap geçen beýik söz ussadydyr. Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy», «Türkmen medeniýeti», «Ömrümiň manysy» atly kitaplarynda Rumynyň edebi mirasy baradaky garaýyşlara aýratyn orun berýär. Alym Arkadagymyz: «Biziň akyldar şahyrymyz Möwlana Jelaleddin Rumy» diýip, Rumynyň çuň many-mazmunly ajaýyp eserleriniň halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, ýaş nesli terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigini, beýik türkmen akyldary, şahyry hökmünde belent orna mynasypdygyny nygtaýar.

Türkmen edebiýatynyň uly dosty

Suratda: (çepden) Arseniý Tarkowskiý, Tatýana Ozerskaýa, Nargylyç Hojageldiýew, Italmaz Nuryýew, Nury Baýramow. Magtymguly Pyragynyň baý şahyrana mirasyny rus diline terjime etmäge saldamly goşant goşan ussatlaryň biri, rus şahyry we terjimeçisi Arseniý Aleksandrowiç Tarkowskiý 1907-nji ýylyň 12-nji iýunynda Herson guberniýasynyň Ýelisawetgrad şäherinde dünýä inýär.

Goşgular çemeni

Sowgat Toý güni, baýram güni,Sowgat berdiler maňa.Süýjüdir kökelerdenHökman bererin saňa.