«Jelaleddin Rumy, jemg-ul magny...»

11 Iýul 2024
311

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyň asyry» atly bäsleşigine

Magtymguly Pyragynyň «San bolsam» atly goşgusynda ady agzalýan Jelaleddin Rumy XIII asyrda ýaşap geçen beýik söz ussadydyr. Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy», «Türkmen medeniýeti», «Ömrümiň manysy» atly kitaplarynda Rumynyň edebi mirasy baradaky garaýyşlara aýratyn orun berýär. Alym Arkadagymyz: «Biziň akyldar şahyrymyz Möwlana Jelaleddin Rumy» diýip, Rumynyň çuň many-mazmunly ajaýyp eserleriniň halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, ýaş nesli terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigini, beýik türkmen akyldary, şahyry hökmünde belent orna mynasypdygyny nygtaýar.

Gyzylgül TAGANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar