Eýýamlaryň paýhas çyragy

12 Iýul 2024
248

Gadymdan gelýän medeni mirasy, çuňňur mazmunly milli edebiýaty bolan türkmen halkymyz ençeme beýik şahsyýetleri, söz ussatlary bilen umumadamzat paýhasyna uly goşant goşan halkdyr. Merdana pederlerimiziň ruhy-ahlak, ylmy-pelsepewi garaýyşlaryny iň kämil derejede özleşdiren hem-de ösdüren Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi her bir ynsanyň kalbyny ganatlandyrýar. Beýik söz ussadynyň miras goýan ajaýyp pähimleri we ynsanperwerlik ýörelgeleri ýaş nesillerimiziň kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.

XIX asyryň ikinji ýarymyndan tä bu günki güne çenli milli şahyrymyzyň edebi mirasy köptaraplaýyn içgin öwrenilip, ençeme garaýyşlar beýan edildi, dürli dillerde ylmy kitaplardyr makalalar çap edildi. Magtymguly Pyragy umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pelsepewi we ynsanperwer garaýyşlary bilen türkmen halkynyň adyny dünýä ýaýdy.

Akmaral ÝAGMUROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar