"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Döwrebap ösüşleriň ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň döredilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň täze ösüş belentliklerine çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti döretmek bilen baglanyşykly işlere uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllar aralygynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilip, bu ugurda durmuşa geçirilýän işler döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns merkezinde saklanýar. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda hem sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünde aýratyn durup geçdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwür täze garaýyşlarydyr innowasion önümçilikleri döretmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary tehnologiýalara we düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Biz milli ykdysadyýetimiziň täze, depginli ösýän ugruna öwrülen elektron senagatyny döredýär

Ilkinji foto enjamlar

Taryhyň gatlary ynsan paýhasynyň miwesi bolan täsin oýlap tapyşlardan, ylmy açyşlardan doludyr. Ilkinji fotosuratlaryň düşürilmegi hem adamzadyň durmuşyndaky möhüm wakalaryň biridir. «Fotograf» grek sözi bolup, «fotos» — ýagtylyk, «grafein» — çyzmak, ýazmak ýaly manylary berýär. Fotograf, ýagny fotosurat ilkinji gezek 1826-njy ýylda fransuz oýlap tapyjysy Jozef Neps tarapyndan düşürilýär. Neps «Penjireden Le Grasyň görnüşi» diýip atlandyrylan surat galaýy bilen gurşun garylan tekiz ýerlikde peýda bolýança 8 sagatlap garaşmaly bolupdyr. Surata düşürmek üçin örän köp wagtyň sarp edilendigi sebäpli, bu usul tizara ýatdan çykarylýar. Soňraky döwürde, ýagny 1837-nji ýylda fransuz himigi Luis Daguerre tarapyndan «Daguerreyotipi» ady bilen ilkinji fotoapparat oýlanyp tapylýar. Bu enjamda surata düşürmek üçin himiki birleşmelere batyrylan kümüş garyndyly aýna gap fotoapparatyň içine goýulýardy. Soňra enjamyň kamerasy ýagtylygyň düşüşine baglylykda, 5 — 40 minut aralygynda surata alynýan şekile tarap öwrülipdir. Düşürilen suratlaryň dury görünýändigine garamazdan, kümüş garylan aýna gabyň çalt döwülýändigi sebäpli, surata düşürmegiň bu görnüşi hem kämilleşip bilmeýär. Ýene şol ýyllarda iňlis alymy Genri Foks Talbot ilkinji gezek suraty kagyza geçirýän fotoapparat oýlap tapýar. Ýöne suratyň bulaşyk çykýandygy we wagtyň geçmegi bilen garalýandygy sebäpli, bu enjam hem unudylýar. «Fotosura

Hin­dis­tan ýo­ka­ry tiz­lik­li elekt­ro­kar dö­ret­di

Hin­dis­ta­nyň «Vazi­ra­ni Au­to­mo­tive» kom­pa­ni­ýa­sy «Ekonk» elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­li gi­per­ka­ry­ny gör­ke­zi­li­şe çy­kar­dy. Bir orun­lyk elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­de iş­le­ýän aw­tou­la­gyň kuw­waty­ 722 at güý­jü­ne ba­ra­bar bo­lup, onuň ag­ra­my 738 ki­log­ram­dyr. Elekt­ro­kar 100 ki­lo­metr tiz­li­ge 2,54 se­kun­dyň do­wa­myn­da çykmaga ukyp­ly­dyr. «Ekonk» elekt­ro­ka­ry­nyň iň ýo­ka­ry tiz­li­gi sa­gat­da 309 ki­lio­metr bo­lup, ba­ta­re­ýa­la­ry üçin ýö­ri­te so­wa­dyş ul­ga­my bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan­dyr. «Ekonk» elekt­ro­ka­ryň ba­ha­sy ba­ra­da hä­zir­lik­çe anyk mag­lu­mat ýok.

«Sam­sung» «In­terb­rand»-yň sa­na­wyn­da bä­şin­ji bol­dy

«Sam­sung Electro­nics» kom­pa­ni­ýa­sy «In­terb­rand» hal­ka­ra kon­sal­ting kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ta­ýyn­la­nan «Dün­ýä­niň iň go­wy brend­le­ri» sa­na­wy­nyň bä­şin­ji or­nu­ny eýe­le­di. Hä­zir­ki wagt­da «Sam­sung» bren­di ABŞ-nyň 74,6 mil­liard dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha­lan­ýar. «Sam­sung» bren­di 2012-nji ýyl­dan bä­ri sa­na­wyň bi­rin­ji on­lu­gyn­da sak­la­nyp gel­ýär. Ýöne bu ýylky gör­ke­zi­ji kom­pa­ni­ýa­nyň 2013-nji ýyl­dan bä­ri ösü­şi­niň iň ýo­ka­ry de­re­je­si­dir. Kom­pa­ni­ýa­nyň sa­naw­da il­kin­ji ge­zek 20 ýyl mun­dan ozal peý­da bo­lan­dy­gy­ny we şon­da onuň 43-nji or­ny eýe­län­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. 2010-njy ýyl­da bol­sa kom­pa­ni­ýa 19-njy ýe­re çyk­ma­gy ba­şa­ryp­dy.

«Micro­soft» tä­ze an­ti­wi­rus döredýär

«Micro­soft» kom­pa­ni­ýa­sy «Win­dows»-yň dü­zü­min­de otur­dy­lan an­ti­wi­ru­syň tä­ze gör­nü­şi­ni dö­red­ýär. Hü­när­men­ler il­kin­ji ba­ha ber­mek mak­sat­na­ma­sy­na gat­na­şy­jy­la­ryň ara­syn­da «Micro­soft De­fen­der»-yň («Win­dows»-y go­ra­ý­jy») sy­nag iş­le­ri­ne baş­la­dy­lar. Tä­ze go­şun­dy­nyň ady «Gib­ral­ta­rApp» bo­lup, ol «XAML» we «WPF» teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak ar­ka­ly dö­re­dil­di. Ha­bar­da tä­ze go­şun­dy­nyň ha­çan ula­ny­şa goý­be­ril­je­kdi­gi ba­ra­da ha­bar be­ril­me­ýär. Ýö­ne iri ope­ra­si­ýa ul­gam­la­ry­nyň tä­ze­le­niş­le­riň el­my­da­ma maý aý­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni göz öňü­nde tut­saň, on­da «Micro­soft De­fen­der»-iň tä­ze gör­nü­şi köp­çü­li­ge 2022-nji ýy­lyň maý-iýun aý­la­rynda gör­ke­zi­ler.

Du­baý­da dün­ýä­de iň uly syn ediş te­ke­ri açyl­dy

Du­baý­da dün­ýä­de iň uly syn ediş te­ke­ri açyl­dy. Be­ýik­li­gi 250 metr bo­lan bu att­rak­sion eme­li ada­da ýer­leş­ýär. Oňa «Du­ba­ýyň gö­zi» di­ýip at go­ýup­dyr­lar. Syn ediş te­ke­rin­de 48 ka­bi­na bo­lup, ola­ryň kä­bi­rin­de ka­fe­ler ýer­leş­di­ri­lip­dir. Olar­da bu ýe­re gel­ýän myh­man­la­ryň ar­ka­ýyn dynç al­ma­gy hem-de göw­ne­jaý na­har­lan­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­di­lip­dir. Şeý­le hem ka­bi­na­lar­da kon­fe­ren­si­ýa zal­la­ry, toý da­ba­ra­sy­ny gu­ra­mak üçin ýö­ri­te ýer­ler bar. Bu bol­sa «Du­ba­ýyň gö­zü­niň» myh­ma­ny­nyň ýe­tik bol­jak­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, syn ediş te­ke­ri gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da hyz­mat­da bo­lar we bir öw­rü­li­şi­gi 38 mi­nu­dyň do­wa­myn­da ama­la aşy­rar. 

«Tes­la» 1 tril­lion­lyk sep­gi­de ýet­di

Ame­ri­ka­ly işe­wür Ilon Mas­kyň «Tes­la» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ma­ýa do­la­ny­şy­gy Nýu-Ýor­kuň gaz­na bir­ža­syn­da­ky söw­da­lar­da ABŞ-nyň 1 tril­lion dol­la­ryn­dan geç­di. «Tes­la» 100 müň sa­ny elektro­mo­bil sar­gyt eden «Hertz Glo­bal» hol­din­gi bi­len bag­la­şan şert­na­ma­syn­dan soň, kom­pa­ni­ýa­nyň paý­na­ma­la­ry­nyň ba­ha­sy has-da gym­mat­la­dy. Has ta­ky­gy, paý­na­ma­lar 9% ýo­kar­lan­dy we bu gör­ke­zi­ji «Tes­la»-nyň 1 tril­lion­lyk bel­gi­ni geç­me­gi­ne ýar­dam ber­di. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, Mas­kyň kom­pa­ni­ýa­sy hä­zir­lik­çe ba­za­ryň öň­de­ba­ry­jy­la­ryn­dan ep-es­li yz­da bar­ýar. My­sal üçin, «App­le»-niň ba­zar ba­ha­sy ABŞ-nyň 2,46 tril­lion dol­la­ry­na, «Micro­soft»-yň ba­zar ba­ha­sy ABŞ-nyň 2,3 tril­lion dol­la­ry­na ba­ra­bar­dyr. Ýe­ri ge­len­de, «Tes­la»-nyň 1 tril­lion­lyk sep­gi­de ýet­mek­de tiz­lik re­kor­dy­ny go­ýup, 18 ýy­lyň için­de ýe­ten­di­gi­ni bel­le­me­li­di­ris. 

«Xpeng» uç­ýan aw­tou­lag ön­dü­rip baş­lar

Hy­ta­ýyň «Xpeng» kom­pa­ni­ýa­sy di­ňe bir sür­mä­ge däl, eý­sem, uç­ma­ga hem ukyp­ly bo­lan aw­tou­la­gy­ny ta­nyş­dyr­dy. Ulag «HT Aero» ada eýe bol­dy we ol «Xpeng»-iň gol­çur kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zül­di. Gör­nü­şe gö­rä, ol aw­tou­la­gyň «Xpeng P7» mar­ka­sy­na meň­ze­ýär: se­dan gör­nüş­de bo­lup, üç ga­py­sy we iki otur­gy­jy bar. Şeý­le-de elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji, uçuş üçin he­re­ket­len­di­ri­ji hem-de ýol­lar­da we ho­wa­da daş­ky gur­şa­wa ba­ha be­rip bil­ýän aw­to­pi­lot ul­ga­my bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan­dyr. Aw­tou­lag ho­wa­da 130 km/sag tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýär we uçuş wag­ty 30 mi­nut bi­len çäk­len­di­ri­len­dir.

«Facebook» ady­ny üýt­get­di

Ame­ri­ka­nyň «Facebook» kom­pa­ni­ýa­sy ady­ny «Me­ta» diýip ça­lyş­dy. Bu ba­ra­da ge­çen hep­de kom­pa­ni­ýa­ny esas­lan­dy­ry­jy Mark Su­ker­berg on­laýn ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­syn­da aýt­dy. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, tä­ze at kom­pa­ni­ýa­nyň iş­läp dü­zen «me­taä­lem» kon­sep­si­ýa­sy­nyň do­wa­my bo­lup dur­ýar. Bu kon­sep­si­ýa prog­ram­ma­la­ryň bir­nä­çe top­lum­la­ry­ny özün­de bir­leş­di­rer. «Facebook» dün­ýä­niň iň iri ady­bir in­ter­net ul­ga­my­na eýe­çi­lik ed­ýän kom­pa­ni­ýa­dyr. Ol 2004-nji ýy­lyň 4-nji few­ra­lyn­da Mark Su­ker­berg we onuň Gar­ward uni­wer­si­te­tin­de bi­le oka­ýan ýol­daş­la­ry Eduar­do Sa­we­rin, Das­tin Mos­ko­wis we Kris Hýuz ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­dy.

Iň go­wy smart­fon­la­ryň sa­na­wy çap edil­di

«Ros­ka­çest­wo»-nyň hü­när­men­le­ri iň go­wy smart­fon­la­ryň sa­na­wy­ny çap et­di­ler. Bilermenler «iP­ho­ne 13 Pro Max»-y ba­za­ryň iň go­wy smart­fo­ny di­ýip at­lan­dyr­dy­lar. «App­le»-niň iň gym­mat we iň öň­de­ba­ry­jy smart­fo­nyn­dan baş­ga-da, sa­na­wyň bi­rin­ji bäş­li­gi­ne «So­ny Xpe­ria 5 II», «Sam­sung Ga­laxy S10+», «iP­ho­ne 13 Pro» we «iP­ho­ne 11 Pro Max» smart­fon­la­ry gir­di­ler. Sent­ýabr aýy «Ros­ka­çest­wa»-nyň hü­när­men­le­ri iň ar­zan smart­fon­la­ryň sa­na­wy­ny dü­züp­di­ler. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da, sa­na­wyň iň ýo­kar­ky bö­le­gi­ni «Xiao­mi Red­mi No­te 10s», «Sam­sung Ga­laxy M32», «Sam­sung Ga­laxy A12», «TCL 20L» we «Real­me Nar­zo 30 5G» smart­fon­la­ry eýe­le­di­ler.

«3M» kompaniýasynyň girdejisi artýar

Sag­ly­gy go­ra­ýyş­dan baş­lap ulag ul­ga­my­na çen­li äti­ýaç­lyk ha­ryt­la­ryny ön­dür­ýän «3M» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gir­de­ji­si ep-es­li art­dy. Şu ýy­lyň do­wa­myn­da kom­pa­ni­ýa­nyň söw­da­la­ry ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki ABŞ-nyň 23,6 mil­liard dol­la­r gir­de­ji­si bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 87% ýo­ka­ry bol­dy. Kom­pa­ni­ýa dör­dün­ji çär­ýek­de söw­da­la­ry­nyň iki es­se ýo­kar­lan­ma­gy­na ga­raş­ýar. Bi­ler­men­ler kom­pa­ni­ýa­nyň söw­da­la­ry­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­nyň se­bä­bi­ni sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň hyz­mat­la­ry­na we ha­ryt­la­ry­na bo­lan zerurlygyň artmagy bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar­lar.

«Shopify»-nyň paýnamalary ýokarlanýar

«Sho­pi­fy» elektron kom­mer­si­ýa kom­pa­ni­ýa­synyň paýnamalary ýokarlanmagyny dowam edýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň çalt dep­gin­de ös­me­gi­ne elekt­ron kom­mer­si­ýa­nyň pa­jar­la­ma­gy se­bäp bol­dy. «The Wall Street Jour­nal»-yň bi­ler­men­le­ri­niň pi­ki­ri­ne gö­rä, «Sho­pi­fy» gel­jek­de biz­ne­si­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni has-da ýo­kar­lan­dy­ryp, sa­tyl­ýan ha­ryt­la­ryň möç­be­ri­ni art­dy­rar. Ge­çen çär­ýe­giň ha­sa­ba­ty­na la­ýyk­lyk­da, kom­pa­ni­ýa­nyň söw­da­la­ry ep-esli artyp, gir­de­ji­si 100%-den hem ýo­kar­lan­dy.

Hünärli elleriň kömekçisi

Adamlaryň aň düşünjesiniň ösmegi, islendik haryda bolan gyzyklanmanyň artmagy dürli enjamlaryň oýlanylyp tapylmagyna getirdi. Bu tikin maşyny babatynda hem şeýle. Eýsem, tikin maşynlar özüniň gözbaşyny nireden alyp gaýdýarka?! Bulary bilmek, megerem, gyzykly bolsa gerek. Egin-eşikleri el bilen tikmegiň mukdaryny azaltmak, şeýle-de tikiniň has ýerlikli düşmegi üçin tikin maşynyny döretmek iňlis alymlaryna başardýar. 1790-njy ýylda ilkinji tikin maşynyny iňlis inženeri Tomas Sent tarapyndan oýlanyp tapylýar. Tomasyň täze önümi üstünlikli mahabatlandyrylmandygy üçin meşhurlyk gazanyp bilmeýär. Ol tikin maşynyny deri we kanwas materiallaryny tikmek maksady bilen döredipdi. Çünki bu önümleri el bilen tikmek kynçylyk döredýärdi. Ilkinji tikin maşyny zynjyryň kömegi bilen çarhlaryň aýlanmagynda tikin işini amala aşyrýar. Tomasyň döreden tikin maşyny senagatda önümçilikde ulanylmasa-da, oýlap tapyşlaryň gözbaşy hasaplanylýar.

Sowadyjynyň taryhyndan

Sowadyjylaryň gelip çykyşy XIX asyrdan başlanýar. 1815-nji ýyl sowadyjylaryň ulanylyp başlanýan ýyly diýlip hasaplanýar. 1902-nji ýylda Uillis Kerrier howany elektroenergiýanyň üsti bilen salkynlatmagy oýlap tapypdyr. Uillisiň oýlap tapan bu otag sowadyjysy ilkinji gezek «bruklin» çaphanasynda ulanylypdyr. Çaphanada gazet-žurnal ýa-da başga neşirler çap edilýän wagty howa şertleriniň üýtgäp durmagy netijesinde otagyň içki temperaturasy hem üýtgäp durupdyr. Bu ýagdaý otagyň çyglylygyna we çap edilýän harytlaryň reňkine, hiline ýaramaz täsir ýetiripdir. Uillis Kerrieriň oýlap tapan enjamynyň kömegi bilen çaphananyň içki temperaturasyny durnukly, ýagny salkyn saklamaklyk başardypdyr. Uillis öz oýlap tapan enjamyny «Howa tämizleýji enjam» diýip atlandyrypdyr. 1906-njy ýylda «Kondisioner» terminini ilkinji bolup Stýuart Kramer teklip beripdir. 1915-nji ýylda Uillis Kerrier we onuň 6 sany inžener kärdeşleri ilkinji bolup «GarnerEngineeringCo.» atly hususy sowadyjy kärhanasynyň düýbüni tutupdyrlar. Kärhana häzirki güne çenli meşhur sowadyjyny öndürýän kärhanalaryň biri bolup çykyş edýär.

Saz we sanly tehnologiýalar

Edil sungat adamsynyň, sazşynaslaryň hemişe öz üstlerinde işlemeginiň netijesinde kem-kem kämilleşişleri ýaly, saz tehnologiýalary-da wagtyň geçmegi bilen kämilleşýär. Käbir saz gurallaryna, toplumlaryna ornaşdyrylýan özgerişlikler, täzeçillikler saz ýazmagyň, döretmegiň usullaryny-da üýtgedýär. Barha kämilleşýän sanly we onlaýn tehnologiýalar bu ugurdan ösüşiň tizligini has-da artdyrdy. Täze tehnologiýalar diňe bir sazy döretmekde däl, eýsem, ony giň diňleýjiler köpçüligine ýetirmekde-de mümkinçilikleriň çägini giňeltdi. Täze saz gurallary, enjamlary görnüşinde durmuşa ornaşan innowasiýalaryň saz döretmäge çemeleşişi düýpgöter özgertdi. Öňler saz döretmek we ýazmak sazandalaryň giden topary bilen bir wagtda uly çykdajylary, wagty talap edýän bolsa, indi «Logic», «Pro Tools», «Ableton», «Nuendo» ýaly sanly stansiýalaryň peýda bolmagy bilen bu iş has ýeňilleşdi hem arzanlady. Häzirki zaman programma üpjünçiliginiň — mikşerleriň, sintezatorlaryň, kompressorlaryň ornaşdyrylmagy saz döretmek işini aňsatlaşdyrmak bilen tygşytlylygy döretdi. Indi kompýuter ulgamynyň kömegi bilen özbaşdak saz döretmek mümkinçiligi bu ugurdan başarnyga eýe bolanlaryň ählisinde bar. Täze tehnologiýalar we MIDI oýlap tapyşlar sazandalara çylşyrymly saz eserlerini aňsatlyk bilen ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Indi ajaýyp eserleriň döremegi saz guralyna gowy erk etmek bilen birlikde täze pikirleri t

Döwrebap mümkinçilikler döredilýär

Hä­zir­ki bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miz­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti we dur­muş ul­ga­my­ny san­ly­laş­dyr­mak ba­bat­da düýp­li iş­ler alnyp baryl­ýar. San­ly ul­ga­ma üs­tün­lik­li geç­mek üçin ýurt­da yg­ty­bar­ly hu­kuk we mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýat we ze­rur şert­ler dö­re­dil­di. Döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň äh­li ul­gam­la­ry­ny san­ly­laş­dyr­mak hem-de umu­my san­ly gur­şa­wy dö­ret­mek bo­ýun­ça iş­ler has-da çalt­lan­dy­ryl­dy. Ber­ka­rar döw­le­tiň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de bi­lim ul­ga­my­ny yzy­gi­der­li we mak­sa­da ok­gun­ly kä­mil­leş­dir­mek hem-de in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak iş­le­ri hem ýo­ka­ry de­re­je­le­re eýe bol­ýar. Şeý­le giň ge­rim­li san­ly ul­ga­ma geç­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan çä­re­ler hem­me­ta­rap­la­ýyn ösen, hä­zir­ki za­ma­nyň ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny iş­jeň öz­leş­dir­mä­ge ukyp­ly nes­liň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. «Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny» ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň çäk­le­rin­de bir­nä­çe mö­hüm iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da zäh­met çek­ýän iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin uzak ara­lyk­dan hü­när bi­li­mi­ni ber­mek usul­la­ryn­dan peý­da­la­nyl­ýar. San­ly bi­lim por­ta­ly­ny dö­ret­mek­de, ylaý­ta-da, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri iş­jeň­lik gör­kez­ýär­ler.

Sanly ulgam ösdürilýär

Türkmen halkymyzda nesilleriň sowatly bolup ýetişmegi baş alada saýylýar. Her bir maşgalada ogul-gyzlaryň akyl-paýhasyny taplamakda, ýokary adamkärçilik häsiýetlerini kemala getirmekde terbiýe bilen bir hatarda bilime uly orun degişli edilýär. Türkmençilikde perzendiniň zehin baýlygyna, ýagşy göreldesine, haýyrly işiniň üstünligine guwanmak ata-enäniň bahasyna ýetip bolmajak arzuwy. «Öwrenmek bir hünär, öwretmek iki hünär» diýen atalar sözünden hem belli bolşy ýaly, öwrenmäge we öwretmäge yhlasly çemeleşip, şägirtlikden halypalyk hem-de ussatlyk derejesine ýetmelidigi sargyt edilýär. Bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi şahsyýetiň aň-düşünjesiniň ösmegini we jemgyýetçilik durmuşyna, döredijilige we işjeňlige çalt ugrukmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, milli bilim ulgamy dünýä ölçeglerine laýyk derejä getirilýär. Ýaş nesle ata Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşynyň ösüşlere nazarlamagynyň ygtybarly güýji hökmünde garalýar. Bilime bolan hukuklaryň we mümkinçilikleriň giňeldilmegi bilen, berkarar ýurdumyzyň berk binýady boljak nesliň kemala gelmegi kepillendirilýär. Ýaşlaryň ökde hünärmenler bolup, döwlet-jemgyýetçilik gurluşynyň oňyn özgertmelerine işjeň gatnaşmaklary üçin giň ýollar açylýar.

Ep­len­ýän mo­to­sikl tanyşdyryldy

Şä­her ýer­le­rin­de elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän iki ti­gir­li ulag­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Bu ulag­lar ýe­ňil hem-de ýol dyk­ny­şy­gyn­dan aň­sat­lyk bi­len geç­mek­de amat­ly ha­sap­lan­ýar. Ep­len­ýän we­lo­si­ped­le­riň çy­ka­ny­na köp wagt ge­çen hem bol­sa, hä­zi­re çen­li göw­rü­mi ki­çel­ýän mo­to­sikl ýok­dy. Ýa­po­ni­ýa­nyň «Icoma» at­ly kom­pa­ni­ýa­sy elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän «Ta­ta­mel» at­ly mo­to­ry ta­nyş­dyr­dy. Nus­ga­lyk gör­nü­şi çy­ka­ry­lan mo­to­sikl ep­le­nip, sto­luň aşa­gy­na syg­jak de­re­je­de ki­çel­ýär. Ula­gyň ýo­ka­ry tiz­li­gi sa­gat­da 40 ki­lo­met­re ýet­ýär. Bu ula­gyň bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 50 ki­lo­metr ýol ge­çip bol­ýar.

Aw­tou­lag önüm­çi­li­gi aza­lar

Aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da şu ýyl eme­le ge­len ýet­mez­çi­li­giň önüm­çi­lik muk­da­ry­na tä­sir et­jek­di­gi mä­lim edil­di. Bi­ler­men­ler bu me­se­lä­niň aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da ýy­lyň ahy­ry­na çen­li 210 mil­liard dol­lar goş­ma­ça çyk­da­jy dö­ret­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. «AlixPart­ners» mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­synyň taý­ýar­lan mag­lu­ma­tyn­da ýa­rym­ge­çi­ri­ji ýet­mez­çi­li­gi­niň onuň ba­ha­sy­nyň gal­ma­gy­na se­bäp bo­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Soň­ky çak­la­ma­la­ra gö­rä, şu ýy­lyň do­wa­myn­da ön­dü­ri­len aw­tou­lag­la­ryň sa­ny ga­ra­şy­lan­dan 7,7 mil­li­on az bo­lar. Mun­dan ozal kom­pa­ni­ýa bu gör­ke­zi­ji­niň 3,9 mil­li­on bol­jak­dy­gy­ny bel­läp­di. Ýa­rym­ge­çi­­ri­ji mad­da­lar­dan ön­dü­ri­len, de­mir gat­la­gyň ýü­zü­ne ýer­leş­di­ri­len elekt­ron she­ma­la­ra çip di­ýil­ýär. Çip­ler dür­li elekt­ron en­jam­lar bi­len bir ha­tar­da aw­tou­lag önüm­çi­li­gin­de hem giň­den peý­da­la­nyl­ýar.

Halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürip

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryna innowasiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylmyň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbidine gönükdirip, Türkmenistan iri halkara guramalar bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy berkidýär. Halkara ylmy mümkinçilikleriň ösdürilmegi gönüden-göni ylmy merkezleriň, ylmy-barlag institutlaryň özara hereket etmegine, degişli ugurlar boýunça alymlaryň we bilermenleriň bilelikde iş alyp barmaklaryna baglydyr. Halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.