Döwrebap ösüşleriň ýoly

2 Noýabr 2021
1246

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň döredilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň täze ösüş belentliklerine çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti döretmek bilen baglanyşykly işlere uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllar aralygynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilip, bu ugurda durmuşa geçirilýän işler döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns merkezinde saklanýar. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda hem sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünde aýratyn durup geçdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwür täze garaýyşlarydyr innowasion önümçilikleri döretmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary tehnologiýalara we düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Biz milli ykdysadyýetimiziň täze, depginli ösýän ugruna öwrülen elektron senagatyny döredýäris. Häzirki döwürde ýurdumyzda smart-telewizorlar, noutbuklar, planşetler, monobloklar, senserli ekrany bolan kompýuterler, çek-printerler, skanerler we beýleki görnüşdäki elektron önümleri öndürilýär.

Mähri SARYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar