Sowadyjynyň taryhyndan

29 Oktýabr 2021
1507

Sowadyjylaryň gelip çykyşy XIX asyrdan başlanýar. 1815-nji ýyl sowadyjylaryň ulanylyp başlanýan ýyly diýlip hasaplanýar. 1902-nji ýylda Uillis Kerrier howany elektroenergiýanyň üsti bilen salkynlatmagy oýlap tapypdyr. Uillisiň oýlap tapan bu otag sowadyjysy ilkinji gezek «bruklin» çaphanasynda ulanylypdyr. Çaphanada gazet-žurnal ýa-da başga neşirler çap edilýän wagty howa şertleriniň üýtgäp durmagy netijesinde otagyň içki temperaturasy hem üýtgäp durupdyr. Bu ýagdaý otagyň çyglylygyna we çap edilýän harytlaryň reňkine, hiline ýaramaz täsir ýetiripdir. Uillis Kerrieriň oýlap tapan enjamynyň kömegi bilen çaphananyň içki temperaturasyny durnukly, ýagny salkyn saklamaklyk başardypdyr. Uillis öz oýlap tapan enjamyny «Howa tämizleýji enjam» diýip atlandyrypdyr. 1906-njy ýylda «Kondisioner» terminini ilkinji bolup Stýuart Kramer teklip beripdir.

1915-nji ýylda Uillis Kerrier we onuň 6 sany inžener kärdeşleri ilkinji bolup «GarnerEngineeringCo.» atly hususy sowadyjy kärhanasynyň düýbüni tutupdyrlar. Kärhana häzirki güne çenli meşhur sowadyjyny öndürýän kärhanalaryň biri bolup çykyş edýär.

Owadan ÖWEZOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar