"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Peýdaly maslahatlar

► Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli. ► Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly, zyýanly endiklerden daşda durmaly.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli pudaklarda ýokary netijeleri gazanmak bilen ýurdumyzyň ykdysady ösüşini ýokary derejelere çykarmakda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda tutumly işler amala aşyrylýar. Şeýle-de ýurdumyzyň sport ulgamyny ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da giň gerim bilen jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmak babatda hem dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülen Watanymyzyň ähli künjeginde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda sport çäreleriniňdir ýaryşlaryň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Şeýle sport çäreleriniň ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de beýleki degişli ministrliklerdir pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň guramagynda yzygiderli ýaýbaňlandyrylýandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Peýdaly maslahatlar

• Ýiti respirator keselleriniň öňüni alyň! • Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň!

«Sag­lygyň gadryny bilgil...»

Ýaz pas­ly­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ho­wa gy­zan­da, Gün şöh­le­sin­den go­ra­nyň.* * * Gü­nüň do­wa­myn­da der­man­lyk ösüm­lik­lerin­den taý­ýar­la­nan mel­hem çaý­la­ry, mi­we şi­re­le­ri­ni içiň.* * * Be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­la­nyň.* * * Sä­her bi­len we ag­şa­ma­ra aras­sa ho­wa­da ýa­rym sa­gat py­ýa­da ýö­räň.* * * Wi­ta­min­le­re baý önüm­le­ri (ke­lem, kä­şir, kä­di...) köp­räk iýiň.* * * Otag­la­ryň pen­ji­re­si­ni wag­tal-wag­tal açyp, ho­wa­sy­ny tä­ze­läp du­ruň.* * * Pas­la gö­rä geý­niň.* * * Der­man se­riş­de­le­ri­ni öz­baş­dak ulan­mak­dan sak­la­nyň.

Arassaçylyk we ýokanç keselleriň öňüni almak

Sebitde ýeke-täk «akylly» şäheriň gurulmagy bilen onda Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň edara binasy hem açylyp ulanmaga berildi. Bu ak mermerli döwrebap binada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Arkadag şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy hem ýerleşip, beýleki edaralar bilen deň hatarda iş alyp barýar. Gullugyň işiniň baş maksady ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça çäreleriň guralmagyny, utgaşdyrylmagyny, gözegçiligini we ýerine ýetirilişine gözegçilik barlagyny amala aşyrmak bolup durýar. Onuň düzüminde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ygtybarly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan we işlerini iň täze usullar bilen amala aşyrýan dört sany uly bölümleri bolup, onuň düzüminde birnäçe bölümçeler we barlaghanalar hereket edýär.

Gün urmadan ägä boluň!

Gün şöhlesiniň adamyň saglygyna peýdasy uludyr. Ýaş çagalarda igleme keseliniň öňüni almaga ýardamly D witamini Gün şöhlesiniň täsiri arkaly emele gelýär. Onuň üçin ýaş çaga bilen her gün irden 09:00-a çenli, agşam 18:00-dan soň, 15 — 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir. Çagalar kölegede oýnamaly. Olara nah matadan tikilen eşikleri geýdirmeli we çagalary Gün urmasyndan goramak üçin başgapsyz gezdirmeli däl. Ýazyň yssy howasynda gezelenç etmek maslahat berilmeýär. Gün şöhlesi uly adamlar üçin hem gerekdir. Haçan-da, bedende Gün şöhlesi ýetmezçilik etse, adamda keýpsizlik, ukynyň bozulmagy we gaharjaňlyk ýüze çykýar. Ýöne şu günler howanyň aşa gyzýandygyny nazara alyp, Günüň ultramelewşe şöhlesiniň astynda aşa köp bolmakdan saklanmaly. Daşary çykylanda, Gün urmasyndan goranmak üçin ak ýa-da açyk reňkli egin-eşik, başgap geýmek, ýaglyk atynmak, saýawan götermek, Günden goraýjy äýnekleri dakmak maslahat berilýär. Ýiti Gün şöhlesinden goranylmadyk ýagdaýynda deride ýanyk, tegmil we ýygyrt peýda bolýar. Şeýle-de, gözüň şikes almak ähtimallygy artýar.

«Beýik Pyragynyň arzuw eden ajap eýýamy» atly bäsleşige

Ýaş lukmanyň täzeçil gözlegleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni zähmet üstünliklerine, belent sepgitlere beslenýär. Ýurdumyzda her bir ynsanyň halal zähmet çekmegi, kesbinden kemal tapyp, ata Watanymyzyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünliklere öz goşantlaryny goşmagy üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. «Halka hyzmat edýän ynsan Haka ýakyn» diýen hikmetli söze sygynýan halkymyz kesbi-kärine ikilik etmeýän ynsanlara uly hormat goýýar.

Sag başym — soltan başym

Ýaz paslynyň gelmegi bilen kömelekden taýýarlanylan tagamlar saçaklarymyza dolýar. Ýöne kömelekleriň dürli görnüşleri bolup, olar adam üçin zäherli we zähersiz toparlara bölünýär. Zäherli kömelekleriň sütünjigi uzyn, telpekleriniň aşagyndaky gasynlar biri-birinden açyk we ýazgyndyr, onuň göbegi bolsa edil keýigokaranyň baldagynyň okarajykdan çykyşy ýaly, okarajykdan çykýar. Reňki çal-gür ak, şikeslenen, mynjyran, telpejigi epilen, garalan we içi goňur tegmillerden doly kömelek iýmäge ýaramsyzdyr. Iň howply zäherlenme kömelek zäherlenmesidir. Muňa iki ýagdaý sebäp bolup bilýär, ýagny zäherli kömelegiň iýilmegi, iýilýän kömelegiň nädogry taýýarlanylmagy.

Saglygymyz öz elimizde!

Sagdyn durmuş — bagtyýarlygyň gözbaşy

Ynsan saglygy ähli zatdan belentde goýulýan ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Parahatçylyk, abadançylyk, raýatlarymyzyň jan saglygy netijesinde döredijilikli zähmet ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün edýär. Islendik işiň sakasynda ynsan saglygynyň durýandygy, adamyň saýlan käriniň eýesi bolmagy, jemgyýet üçin peýdaly iş bilen meşgullanmagy, göwün islän hünärini edinmegi, ilkinji nobatda, berk bedenli, sagdyn ruhly şahsyýetiň kemala gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Şol maksat bilen raýatlaryň jan saglygyny berkitmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny ýokarlandyrmak, raýatlaryň sagdyn hem-de howpsuz zähmet şertlerini üpjün etmek berk gözegçilikde saklanylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň esasy ýörelgeleri hökmünde jemgyýete sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, şol sanda kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly ugurlar ileri tutulýar. Dünýäniň öňdebaryjy tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkezleri açylyp, halkymyza hyzmat edýär. Lukmançylyk ulgamynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli ýokarlandyrylýar, hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýşy öz kärine ezber hünärmenler we maglumatlar ulgamy bilen üpjün etmekde, sanly lu

Il saglygy — ýurt baýlygy

Haýyrly — alkyşly aladalar Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenilişi ýaly, döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Şonuň üçinem Garaşsyz döwletimizde ilatyň saglygyny goramakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen tagallalary ilata edilýän lukmançylyk hyzmatyny hil taýdan täze derejelere çykarmaga mümkinçilik berýär.

Turp — köp derdiň dermany

Ynsan saglygyna peýdaly, köp witaminlere baý ekinleriň biri ýaşyl turpdur. Ýaşyl turpy işdäaçarlara goşup iýseň, iýmit siňdiriş ulgamyny işjeňleşdirýär. Özünde A witamini saklaýandygy üçin turpy nerw ulgamy bozulan, görşi peselen adamlara iýmek maslahat berilýär. Çünki, turp nerw ulgamynyň işi bozulanda gan emele getiriş prosesini gowulandyrýar. Turp kaliý duzuna baý bolansoň, immunitetiňi dikeltmek üçin örän peýdalydyr. Onuň düzüminde B witamini hem bar. Bu bolsa madda çalşygy üçin möhümdir. Alymlaryň bellemegine görä, turpuň mikroblary öldürmek ukyby ýokarydyr. Şonuň üçin ony bedenimizde bolýan dürli çiş kesellerinde peýdalanmak mümkindir. Turpuň gripp, bronhit, öýken çişmesi, gökbogma ýaly kesellerde, mundan başga-da, bedende iýmit siňdirişiň bozulmagynda, iç gatamanyň, süýji keseliň öňüni almakda hem ähmiýeti uludyr.

Baýlygyň sakasy — saglyk

Saglygyň baş baýlyga deňelmegi ýöne ýere däldir. Bu barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýip nygtaýşy ýaly, onuň gadyryny bilip, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek gerek. Çünki sagdyn adam ruhubelent bolýar, durmuşda islendik işe maksada okgunlylyk bilen çemeleşýär. Sagdyn ynsanlaryň sagdyn jemgyýeti kemala getirýändigini hem durmuş bize aýdyň görkezýär. Ýurdumyzda döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adamyň saglygyny goramak, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda ençeme hassahanalardyr dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Olarda häzirki zamanyň döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylandygyny buýsanç bilen belläsimiz gelýär.

Allergiýadan ägä boluň!

Allergiýa — bu bedeniň immun ulgamynyň adatça, zyýansyz hasaplanylýan zatlara bolan ýiti täsiridir. Bu keseliň alamatlary bedeniň dürli böleklerinde ýüze çykyp bilýär. Onuň dowamlylygy bolsa, birnäçe minutdan ençeme güne çekýär. Şeýle-de gijilewügiň agyrlyk derejesi boýunça hem dürli-dürlüdir. Allergiýa käbir haýwanlaryň tüýleri, dürli önümler, tozanlar, dermanlyk serişdeleri, mör-möjekler hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döreýär. Keseliň ýüze çykmagyna getirýän bölejikler allergenler diýlip atlandyrylýar. Kähalatlarda gijilewükler şeýle bir gowşak ýüze çykýar we ondan ejir çekýändigiňizden bihabar galýarsyňyz. Allergiýa has agyrlaşyp, adamyň janyna howp hem salýar. Ondan ejir çekýän adamlarda bedeniň allergena bolan adatdan daşary ýiti garşylygy netijesinde agyr ýagdaýa hem getirýär. Burundan suwuklyk akmasy, göz ýaşarmasy we sowuklamanyň beýleki ýagdaýlary allergiýanyň ilkinji alamatlarydyr. Şeýle-de bedende uly bolmadyk örgün emele gelip ugraýar. Eger-de siz özüňizde ýa-da ýakynlaryňyzda keseliň şuňa meňzeş alamatlaryny ýüze çykaran bolsaňyz, hökman lukmana ýüz tutuň!

Saglygy goramakda peýdaly maslahatlar

Bahar paslynda günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli. Elleri elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Adamlaryň saglygy — jemgyýetiň sagdynlygy

Ýurdumyzda ynsan saglygy barada alada etmek, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler bu ugurda döwlet derejesinde uly tagallalaryň edilýändiginiň nyşany bolup durýar. Häzirki zamanyň ösen lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalaryň, şypahanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi, öňden bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi ulgamda işleriň barha ilerleýändiginiň güwäsidir. Bu günki gün «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ata Watanymyzda ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklary gazanylýar. Ösüşlere beslenýän ýurdumyzda Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan kemal tapan tutumly işler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda has-da rowaçlanýar, uly üstünliklere beslenýär.

Gollary terje semzek

Güneşli Diýarymyzyň gözel tebigaty barada gürrüň edilende, mukaddes topragymyzyň ýerüsti bezegi bolan ösümlik dünýäsi barada söz açmazlyk mümkin däl. «Ýaşyl dünýä» diýlip söýülýän ösümlikler diňe bir tebigatyňdyr ynsan ýaşaýşynyň bezegi bolman, eýsem, ýaşaýşa dowamat berýän peýdalary bilen hem uly ähmiýete eýedir. Şeýle bolansoň, adamzat ýaşaýşynyň bütin dowamynda ösümlikler, hususan-da, dermanlyk ösümlikler aýratyn orun tutup gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda ýurdumyzyň çäginde bitýän dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň ýüzlerçesi barada düýpli ylmy maglumatlar giňişleýin beýan edilýär. Olaryň biri hem semzek ösümligidir. Gollary terje, gülleri delje semzek ösümligi ýurdumyzyň medeni zolaklarynda, ekerançylyk meýdanlarynda bitýär. Halkymyz gadym döwürlerden bäri ony iýmit hökmünde peýdalanyp gelýär. Milli Liderimiziň ajaýyp kitabynda bu ösümligiň dermanlyk häsiýetleri giňden açylyp görkezilýär we onuň öt bilen baglanyşykly ähli sökelliklere dermandygy barada maglumat berilýär. Eli süýji türkmen zenanlary bu işdä açyjy otdan dürli tagamlary taýýarlaýarlar.

Bulary bilmek peýdaly

Witamin ýetmezçiligi beden sagdynlygynda dürli näsazlyklaryň peýda bolmagyna getirýär. Meselem, A witamininiň ýetmezçiligi görşüň bozulmagyna we bedeniň umumy gorag funksiýalarynyň gowşamagyna, ýygy-ýygydan sowuklama we deri bilen bagly nähoşluklara sebäp bolýar. B toparynyň witaminleriniň ýetmezçiligi, adatça, ýürek-damar we nerw ulgamlarynyň bozulmagy, aşgazanasty mäz we bagyr keselleri bilen häsiýetlendirilýär. Bedende C witaminiň ýetmezçiligi bolsa, gan damarlarynyň, süňkleriň we diş syrçalarynyň döwülmegine getirýär. Bedende beýleki peýdaly elementleriň we witaminleriň azalmagy sebäpli ýüze çykýan ýetmezçilik, iýmit siňdiriş ulgamynyň bozulmagyna, saçyň haýal ösmegine, gormonal bozulmalara we başga-da köp hadysalara getirip bilýär. Şu sebäpli-de, witamin we mineral gory hasaplanýan iýmitlerden yzygiderli peýdalanmak her bir adam üçin hökmany zerurlykdyr. Eger bedeniňizde aşakdaky alamatlar bar bolsa, olary ýeňletjek iýmitlerden peýdalanmagy hem bilmegiňiz gerek:

Kadaly iýmitlenmek peýdalydyr

Adam islendik zatda özüne erk etmegi başarmaly. Islän zadyny isledigiçe iýse semreýär we öz saglygyna zyýan ýetirýär. Artykmaç agramlylyk diňe bir adamyň köp iýmek endiginden gözbaş alman, eýsem, iýmitiň görnüşine, hiline, taýýarlanylyşyna we kabul edilişine hem bagly bolup durýar. Naharlar saglyk maksatly taýýarlanmaly. Munuň üçin olary diňe ösümlik ýagynda bişirmeli we mümkin boldugyça, etleriň ýagsyz görnüşinden peýdalanmaly. Ýagly naharlardan alynýan uglewodlaryň aglabasyny buglanan naharlar ýa-da ter gök önümler, miweler bilen çalyşmaly. Iýmitiňizde çörek we çörek önümleri, duza ýatyrylan önümler we şor tagamlar çäklendirilmeli. Gije-gündiziň dowamynda 2-2,5 litrden az bolmadyk mukdarda suw içmeli. Bedeniň agramyny kadaly ýagdaýa getirmek we saklamak üçin iýip-içmegiň düzgünlerini dogry berjaý etmeli. Şeýlelikde, nahary ýygy-ýygydan we az-azdan iýmeli. Bu düzgün ata-babalarymyzyň «Köp iýen hassa, az iýen arassa» diýen aýtgysyny hem ýada salýar. Adam gündizki naharlanyşyna-da dykgat etmeli welin, agşamlyk naharynyň ýeňil bolmagyna aýratyn ünsli çemeleşmeli. Şunda saçaga gök önümler, buglanan et ýa-da kelem we dorag äberilmeli. Her gün agşam ýatylmazdan 1-2 sagat öň bir bulgur gatyk içmek peýdaly.

Saglygyň gadyryny bilgil...

Ýaz paslynda gün şöhlesi dogry peýdalanylanda, bedende azlyk edýän D witamini emele gelýär. Şonuň üçin günüň dowamynda belli wagtlarda Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanmaly. Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin nah matadan tikilen, açyk reňkli baş gaplary geýmeli, saýawanlary ulanmaly.