Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýoly

3 Maý 2024
410

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli pudaklarda ýokary netijeleri gazanmak bilen ýurdumyzyň ykdysady ösüşini ýokary derejelere çykarmakda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda tutumly işler amala aşyrylýar. Şeýle-de ýurdumyzyň sport ulgamyny ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da giň gerim bilen jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmak babatda hem dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülen Watanymyzyň ähli künjeginde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda sport çäreleriniňdir ýaryşlaryň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Şeýle sport çäreleriniň ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de beýleki degişli ministrliklerdir pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň guramagynda yzygiderli ýaýbaňlandyrylýandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Gurbangeldi GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar