Sagdyn durmuş — bagtyýarlygyň gözbaşy

1 Maý 2024
491

Ynsan saglygy ähli zatdan belentde goýulýan ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Parahatçylyk, abadançylyk, raýatlarymyzyň jan saglygy netijesinde döredijilikli zähmet ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün edýär. Islendik işiň sakasynda ynsan saglygynyň durýandygy, adamyň saýlan käriniň eýesi bolmagy, jemgyýet üçin peýdaly iş bilen meşgullanmagy, göwün islän hünärini edinmegi, ilkinji nobatda, berk bedenli, sagdyn ruhly şahsyýetiň kemala gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Şol maksat bilen raýatlaryň jan saglygyny berkitmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny ýokarlandyrmak, raýatlaryň sagdyn hem-de howpsuz zähmet şertlerini üpjün etmek berk gözegçilikde saklanylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň esasy ýörelgeleri hökmünde jemgyýete sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, şol sanda kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly ugurlar ileri tutulýar. Dünýäniň öňdebaryjy tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkezleri açylyp, halkymyza hyzmat edýär. Lukmançylyk ulgamynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli ýokarlandyrylýar, hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýşy öz kärine ezber hünärmenler we maglumatlar ulgamy bilen üpjün etmekde, sanly lukmançylyk ýörelgelerini ýola goýmakda ägirt uly işler ylmy taýdan esaslandyrylyp, amala aşyrylýar.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar