"Balkan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Balkan welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1
Telefon belgileri: 6-37-06, 6-07-92, 6-07-96
Email: balkan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi beýik ösüşler, belent maksatlar bilen ruhubelentlikde garşylanylýan täze ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bagtyýar geljegi, türkmen halkynyň abadan durmuşy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri giňden ýaýmak, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklaryny ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, öňdebaryjy tejribäni alyşmak we ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2025-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy hem-de olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy. Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 30-njy dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna 2025-nji ýylda parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Nesilleriň we döwürleriň şahyry

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döreden ajaýyp şygyrlary   asyrlar aşyp, biziň günlerimize  gelip ýetdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň eserleri döredijilik adamlaryny ruhlandyrmak bilen, olar üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.   Kompozitorlarymyz, şahyrlarymyz, ýazyjylarymyz, aýdymçylarymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny, ömrüni we döredijiligini özleriniň eserlerinde giňden beýan edýärler.  Bu gün beýik şahyryň eserleriniň dünýä dillerinde söýlüp okalmagy onuň many-mazmunynyň baýlygyndan, pikir-garaýyşlarynyň çuňlugyndan habar berýär.  Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ)  tarapyndan  «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilen 2024-nji ýylda söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede dabaralara beslendi. Munuň özi akyldaryň umumadamzat şahyrydygyny tassyklaýar. Dana şahyra aýratyn sarpa goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi. Dana Pyragynyň parasatly pikirleri asyrlarboýy halkymyz üçin, şeýle-de beýleki halklaryň wekilleri üçin hem durmuş ýörelgesine öwrülip geldi» diýen sözleri munuň subutnamasydyr.

Türkmenistan — rowaçlygyň we bagtyýar çagalygyň ýurdy

28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow asylly däbe görä, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk we begenç duýgusyny döretdi. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Älem» medeni-dynç alyş merkezi Täze ýyl baýramynyň dabaralarynyň geçirilýän esasy ýerleriniň biridir. Şol gün hem bu ýerde ýaşajyk türkmenistanlylaryň gatnaşmagynda ajaýyp baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Meýdançanyň merkezinde depesi «2025» ýazgyly, sekizburçly ýyldyz, dürli öwüşgindäki yşyklar we oýunjaklar bilen bezelen belent arça oturdylypdyr. Beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deň bolan ýurdumyzyň Baş arçasynyň töwereginde ertekiler dünýäsi emele getirilipdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar! Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Munuň özi türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan uly hormatyndan nyşandyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

28-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz bagtyýar halkymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady. Milli Liderimiz gyş paslynyň säher çaglarynda döwrüň ösen tejribesi we sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri esasynda gözel künjekde binýat bolan Arkadag şäherine geldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 28-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz we Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy birek-biregi ýetip gelýän täze — 2025-nji ýyl bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, Walentina Matwiýenko türkmen halkynyň Milli Lideriniň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda edýän tagallalaryny aýratyn belledi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi täze — 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny üstünlikli jemleýän häzirki günlerimizde Siziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyňyzyň ilkinji nusgasyny elimize aldyk. Täze kitabyňyzyň neşir edilmegi mynasybetli Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli edebi mirasymyzy öwrenmekde gymmatly gollanma boljak şeýle eserleriňiziň höwrüniň köp, döwet galamyňyzyň mundan beýläk hem ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde alyp barýan döwletli tagallalaryňyz rowaç bolsun!

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 27-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary

2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda

Täze kitaba buýsanç

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň guramagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Oňa bilim işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler ajaýyp kitabyň milli medeniýetimiziň aýratynlyklary barada anyk maglumatlara salgylanýandygy, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, taryhy medeni-mirasyna  bolan buýsanjynyň artmagynda, taryhymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy, edebi däp-dessurlarymyzy, ruhy mirasymyzy ýakyndan öwremmekde uly ähmiýete eýedigi, onuň  ýaşlar üçin hem uly gollanma, terbiýe mekdebi bolup durýandygy dogrusynda biýsanç bilen giňişleýin durup geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Beýik ösüşleriň döwri

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan, onuň agzybir halky bu gün hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda belent sepgitlere ýetýär. Diýarymyzyň rowaçlyklara beslenýän her gününde täze özgertmeler we ösüşler beýanyny tapýar. Durmuşyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler halkyň ýaşaýyş-durmuşyny  gowulandyrmaga gönükdirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýetilýän belent sepgitler, amala aşyrylýan iri möçberli maksatnamalar döwletimiziň berkararlygyny we abraý-mertebesini has-da belende göterýär. Ajaýyp zamanamyz halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar, öndürjilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Biz hem, beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, hormatly Prezidentimiziň öňümizde goýýan wezipelerinden ugur alyp, ilat arasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirýäris. Şol çärelerde  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, il-ýurt bähbitli başlangyçlary, täze taryhy döwrüň beýik ösüşleri barada buýsançly  gürrüňler edilýär. Geljekde hem döwlet Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli, tutumly işlerine goşandymyzy goşmakda tagallalarymyzy gaýgyrmarys.

Şatlyk-şowhuna beslenip, Täze ýyl geldi Diýara

Şeýle at bilen Türkmenbaşy şäherindäki «Tagam» toý mekanynda aýdym-sazly çäre geçirdik. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler barada buýsançly söhbet edildi. Hormatly Prezidentimiziň adyna aýdylan alkyş sözleri dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Soňra aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlar, joşgunly tanslar baýramçylyga özboluşly bezeg berdi. Olarda ajaýyp döwrümiziň, ata Watanymyzy gülledýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň,  Täze ýyl baýramynyň waspy ýetirildi.

Rysgal-bereketli ýyllardan bolsun!

Täze ýyl baýramy mynasybetli Balkanabat şäherindäki «Miras» toý dabaralary merkezinde aýdym-sazly  dabaraly çäre geçirdik. Oňa Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň  welaýat birleşmesiniň işgärleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Çykyşlarda ýetip gelýän täze ýylyň hem tamamlanyp barýan ýylymyz ýaly rysgal-bereketli bolmagy, ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy arzuw edildi. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlarynda  Täze ýyl baýramynyň waspy ýetirildi.

Bildirişler

Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy Batyr Rejepowiç Gartaganowyň awtoulagynyň tehniki pasportynyň ýitirilendigi habar berilýär.***Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan Batyr Rejepowiç Gartaganowyň adyna resmileşdirilen A 2210689 belgili Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyň ýitirilendigi habar berilýär.***Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy Gulahmet Amanowiç Ýazmämmedowyň pasportynyň, TM 1017239 belgili sürüjilik şahadatnamasynyň ýitirilendigi habar berilýär.  ***Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän “Şadyýan ýollar” hususy kärhanasyna degişli bolan ýarym tirkegiň 1864 TBN döwlet belgisiniň ýitirilendigi habar berilýär.***Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan Roza Atabaýewna Kulyýewanyň adyna resmileşdirilen A 0228321 belgili Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyň ýitirilendigi habar berilýär.***Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan Süleýman Tahyrowiç Öwezowyň adyna resmileşdirilen A 0263374  belgili Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyň ýitirilendigi habar berilýär.***Türkmenbaşy şäherindäki 4-nji orta mekdep tarapyndan 2018-nji ýylda Altynaý Pirmyrat gyzy Aşyrgeldiýewanyň adyna berlen A 1733978 belgili orta bilim hakynda şahadatnamanyň ýitirilendigi habar berilýär.***Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk i

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburga çenli uçuşy amala aşyryp, «Pulkowo» Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler. Ir bilen lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumynyň gurulýan ýerine geldi. Milli Liderimiz gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň uzak möhletleýinlik, berklik şertlerini özünde jemlemelidigini aýtdy.

Wagyz-ündew edildi

 Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň  we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda etrapdaky 9-njy orta mekdepde etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň, ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda ýaşlaryň ahlak arassalygyny, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak maksady bilen, «Türkmen jemgyýeti öz geljegini ynamly gurýar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda çykyş edenler ýurdumyzda sagdyn, ruhubelent ýaşlaryň kemala gelmegi, ylym-bilim almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekip, zehin-başarnygyny ýüze çykarmagy üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtap, ýaşlaryň hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesi, edep-terbiýe bilen bagly sargytlaryna hemişe wepaly bolmalydyklaryna ünsi çekdiler. Çärä gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.