"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaşlaryň ekologik düşünjeliligini artdyryp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe lukmançylyk ylmyny we bilimini kämilleşdirmek, raýatlaryň saglygyny goramak, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek babatda tutumly işler amala aşyrylýar. Ýokary bilimli lukmanlary we farmasewtleri taýýarlaýan ylym-bilim ojagy bolan uniwersitetimizde hem okuw maksatnamalary okatmagyň iň täze innowasion maglumatlary, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wajyp wezipeleri, ylmy we bejeriş işleriniň seljeriş maglumatlary, keselleri bejermegiň, anyklamagyň, öňüni almagyň iň täze we kämil usullary bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Taýýarlanylýan maksatnamalar umumy okuwlarda we onda alnan nazary bilimleri çuňlaşdyrýan amaly sapaklarda, nazaryýet bilen amalyýeti baglanyşdyrýan önümçilik tejribeliklerinde düýpli özleşdirilýär, berkidilýär. Uniwersitetde ýokary derejeli hünärmenleriň häzirki zaman lukmançylygynyň we adaty däl lukmançylygynyň ýörelgeleriniň esasynda (integratiw lukmançylygy) taýýarlanýandygyny nazara alyp, talyplara berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, okuw we iş maksatnamalary taýýarlananda, häzirki zamanyň ösen tejribelerinden ugur alynýar. Şonuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Türkmenistan — melhemler mekany” atly kitaplaryndaky tebigy serişdeler baradaky maglumatlar, şol sanda dermanlyk ösümlikleriň, bejeriş häsiýe

Kesbine kämil mugallym

Ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek iň hormatly we jogapkärli işleriň biri. Sebäbi mugallymlar ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrümize mynasyp, ilhalar, ýokary başarnykly, watançy ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Şeýle mugallymlaryň biri-de Bazargül Çaryýewadyr. Ol Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup zähmet çekýär. Gürrüňi edilýän mugallymyň zähmet ýoly çärýek asyra uzaýar. Ol geçen ýyllarda, gör, nijeme sapar bilim ojagynyň bosagasyndan ilkinji gezek ätlän çagalary mähir bilen garşy aldy. Soňra irginsiz zähmet çekip, bilmäge, öwrenmäge teşne ýaşlary bilimler dünýäsine alyp gitdi.

Çaga terbiýesi — möhüm wezipe

Döwrümize mynasyp, şöhratly taryhymyza hormat goýýan, geljege ynamly garaýan bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek her bir bilim işgäriniň esasy borjy bolup durýar. Bu işler mekdebe çenli bilim edaralarynda okuw maksatnamasy esasynda sapaklar, dürli oýunlar arkaly amala aşyrylýar. Çaga durmuşyny oýunsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Terbiýeleýji oýunlar körpeler üçin bilim-terbiýe çeşmesidir. Çaga göwni näzik, dünýäsi täsindir. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda çaganyň başarnyklarynyň kemala gelmeginiň maşgaladan, jemgyýetçilik terbiýesinden gözbaş alýandygyny, bu işiň jogapkärlidigini bellemek bilen, onuň ähmiýetine biziň her birimiziň ünsümizi çekýär. Şundan ugur alyp, biz çagalar bagymyzda geçýän sapaklarymyzy dürli terbiýeçilik ähmiýetli oýunlar arkaly guraýarys. Şeýle bolanda çagalaryň ünsi, pikiri oýnaýan oýunlarynda bolýar. Körpeleriň hersiniň hereketlerinden ýa-da ýoldaşlary bilen erkinlikde gürleýşinden pikir-hyýallaryny, zehinini, nämä ukybynyň bardygyny içgin öwrenýäris. Munuň özi çaganyň gylyk-häsiýeti, içki duýgy-düşünjesi boýunça işlemegiň dogry usullaryny saýlap almaga mümkinçilik berýär.

Bilim — bagtyň çyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň dünýä laýyk derejede döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmäge döwlet  syýasatynyň ileri  tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, hünärli, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli ugurlaryndaky ösüşi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy köp babatda milli bilimiň we ylmyň ösüş derejesine baglydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky syýasaty Türkmenistan döwletimizi dünýäniň has ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmakdan ybaratdyr. Interaktiw we multimediýa tehnologiýalary, kämil okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim-terbiýe ojaklarynyň bagtyýar nesillerimiziň hyzmatyna berilmegi, ýaşlara berilýän bilimiň many-mazmunynyň baýlaşdyrylmagy, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bizi — bilim işgärlerini has-da begendirýär, işimize döredijilikli çemeleşmäge ruhlandyrýar. Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Hünärli ýaşlar bilen beýik ösüşlere tarap

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamy hem ösýär. Oňa sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar. Ata Watanymyzyň buýsanjy we geljegi bolan ýaş nesle çuňňur bilim, milli ýörelgelerimiz hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýe bermekde döwrebap usullar peýdalanylmak bilen, okatmagyň hili ýokarlandyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşlaryň höwes edýän hünärlerini ele almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynda ileri tutýan döwlet Baştutanymyz: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýip belläp geçýär. Şundan ugur almak bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde hem talyp ýaşlara bilim özgertmelerine we döwrüň talaplaryna laýyklykda bilimdir terbiýe bermekde uly işler alnyp barylýar. Bu ýerde sanly ulgamyň giňişleýin ornaşdyrylmagy, maglumat howpsuzlygynyň döredilmegi, onlaýn sapaklaryň yzygiderli guralmagy okuw sapaklarynyň has täsirli bolmagyny üpjün edýär we özüniň oňat netijesini berýär.

Hünär derejeleri kämilleşdirilýär

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, ondan netijeli peýdalanmak hem-de harby gullukçylaryň bilim derejelerini has-da kämilleşdirmek baradaky berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň hünär derejeleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Şonuň netijesinde, halypa serkerdeler tarapyndan sanly ulgam arkaly okuw sapaklary dowamly guralýar. Şeýle okuw sapaklarynyň yzygiderli guralmagy, harby gullukçylaryň öz saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşip, raýatlarymyza döwrebap migrasiýa hyzmatyny etmekde uly mümkinçilik döredýär. Häzirki döwürde gullugyň içerki portalynyň binýadynda döredilen elektron kitaphana ulgamynyň ähmiýeti uludyr. Çünki bu elektron kitaphanada hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri ýerleşdirilen, şeýle hem şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi halkara derejede bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyny, migrasiýa iş ugurlaryna degişli kanunlary, düzgünnamalary, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallary görmek bolýar.

Bilimli ýaşlar — buýsanjymyz

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu gün eziz Watanymyzda ýaşlar döwrebap ylym, bilim alyp, geljegiň kämil şahsyýetleri bolup ýetişmäge hemmetaraplaýyn mümkinçilik alýarlar. Netijede, ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan ýaş nesillerimiziň gazanýan üstünlikleri diňe bir döwlet däl, eýsem, halkara derejesinde hem ýokary netijelere eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýaşlarymyz döwrebap bilim alyp, ylym dünýäsine çuňňur aralaşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat birnäçe halkara derejeli ylmy-amaly maslahatlaryň, seminarlaryň, şeýle hem bäsleşikleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ine, ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetimizde hem şeýle halkara derejeli zehin bäsleşigi — IV Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS — 2024) geçirildi. Bu bäsleşikde ýurdumyzyň talyplarynyň hem öz zehin-başarnyklaryny ussatlyk bilen açyp görkezendiklerini, medallaryň jemi 191-sine mynasyp bolandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi ýaşlaryň okamakda, öwrenmekde halkara tejribesinden hem giňden peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.

Bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň mugallymy – 2024» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan mugallymlaryň 10-sy gatnaşdy. Mugallymlar bäsleşigiň şertlerine görä, görelde sapaklaryny geçmek, okuw-görkezme esbaplaryny taýýarlamak boýunça öz ukyplaryny görkezdiler. Şeýle-de bäsleşigiň dowamynda ökde bilim işgärleri ýörite taýýarlanylan sowalnama boýunça syýasy taýdan sowatlylyklaryny hem görkezdiler.Netijede Saýat etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymy Öwezgeldi Hallyýew bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Dänew etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň matematika mugallymy Akjagül Haýdarowa birinji, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Merdan Haitow we Darganata etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Şeker Jumabaýewa ikinji, Kerki etrabyndaky 36-njy orta mekdebiň iňlis-fransuz dili mugallymy Aýna Allakulowa bilen Çärjew etrabyndaky 64-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Manzura Awliýakulyýewa üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine welaýat baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Edebi-döredijilik bäsleşigi jemlenildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy: döwrebap hünärmenleri taýýarlamakda okuw we hünär tejribeliginiň orny» atly okuw-usuly maslahaty we edebi-döredijilik işleriniň bäsleşigi geçirildi. Maslahat bilen ugurdaşlykda geçirilen bäsleşikde ýeňijiler ýokary okuw mekdepleri, orta hünär okuw mekdepleri we umumybilim berýän orta mekdepler boýunça aýry-aýrylykda yglan edildi.

Kämilligiň berk binýady

Ylmyň we tehnologiýalaryň üznüksiz kämilleşmegi ähli ugurlardaky ösüşleriň esasy hereketlendirijisine öwrülip, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýeňilleşdirýär, dürli gurşawlarda täze mümkinçilikleri döredýär. Sanly ulgama geçişiň işjeňleşýän döwründe islendik ýurduň ykdysady kuwwaty, hyzmatlar, söwda, işewürlik we beýleki ulgamlarynyň ösüşi maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen baglanyşykly täzeçil taslamalaryň durmuşa geçirilmegine esaslanýar. Innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolsa sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylmagynyň we netijeli peýdalanylmagynyň güwäsidir. Şeýle hünärmenleri taýýarlamak bilim edaralarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir. Watanymyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda maglumat tehnologiýalary ulgamynda hünär biliminiň kämilleşdirilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Maglumat we telekommunikasiýa ulgamyny, tehnologiýanyň tejribelerini öwrenmäge ýöriteleşen ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagy, talyp ýaşlaryň döwrebap taslamalary durmuşa geçirmekleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu barada Arkada

Görkezme esbaplaryndan peýdalanmagyň ähmiýeti

Körpeleriň ýaşy ulaldygyça, olaryň gyzyklanmalary we bilmäge bolan höwesleri has hem artýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň mekdebe taýýarlaýyş topary bolsa körpäniň agzalýan ýaş aýratynlyklaryna gabat gelýän döwürleri bolýar. Şonda çagalar bilen guralýan her bir sapaga örän usully çemeleşmek möhümdir. Bu döwür çaganyň öwredeniňi özleşdirýän döwri hasaplanylýar. Olaryň gündelik durmuşlarynda, öýde oýun oýnanlarynda bolsa san sanap, hasaplamaga bolan zerurlyklary has hem artýar. Munuň özi terbiýeçilerden çagalara ýönekeý hasaplamalary öwretmek bilen baglanyşykly guraýan sapaklaryna örän guramaçylykly çemeleşmeklerini talap edýär. Körpelere bu döwürde ýatdan hasaplamak endiklerini öwretmek kyn bolýar. Olar muny doly özleşdirip bilmeýärler. Şonuň üçin terbiýeçi görkezme esbaplaryndan peýdalanmaly bolýar. Has takygy, her gezekki sapakda görkezme esbaplarynyň üýtgedilip durulmagy çaga üçin has-da peýdaly bolýar, sebäbi olar her gezek dürli-dürli şekiller, görnüşler bilen tanyşmaga mümkinçilik alyp bilýärler. Ýyllyk düzülýän meýilnama boýunça çagalara ýönekeý hasaplamalary öwretmekde dürli temalar bellenilýär. Ilkinji basgançakda bolsa, sanlary we sanamagy öwretmek has zerurdyr. Terbiýeçi sapagy dürli-dürli gurap biler, emma onuň her gezekki sapagy ýatda galyjy we çaganyň höwes bilen gatnaşar ýaly derejede guramagy esasy şertdir. Terbiýeçiniň elde ýasaýan görkezme esbaplary, mul

Ýaş alymlaryň sergi bäsleşigi geçirilýär

Biziň baýry ýokary okuw mekdebimizde bilim beriş işinden daşary ýaşlary ylma we döredijilige höweslendirmek maksady bilen dürli bäsleşikler geçirilýär. Şu günlerde bolsa institutymyzda «Zehinli ýaşlar ― ylym-bilim, tehnologiýalar äleminde» atly bäsleşik dowam edýär. Ýaşlary ylmy-barlag işlerine çekmek, zehinli talyplary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşige ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlaryň ýüzlerçesi gatnaşýar.

Üstünligiň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikler aýratyn many-mazmun bilen baýlaşýar. Hormatly Prezidentimiz döwletiň ýokary depginli ösüşini üpjün etmekde ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýaşlar barada öňdengörüjilikli döwlet syýasaty amala aşyrylýar. Bu syýasat ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orun eýelemekleri üçin zerur bolan şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda ylym-bilimde ýaşlara döredilýän mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin beýan edilýär.

Çagalaryň şadyýan bäsleşigi

Geçen hepdäniň anna güni paýtagtymyzda ýerleşýän «Watan» kinokonsert merkezinde «Iň eýjejik gyzjagaz — 2024» atly şadyýan bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşige Aşgabat, Arkadag şäherlerinden we welaýatlardan birinji we ikinji orna mynasyp bolan gyzjagazlaryň 14-si gatnaşdy. Bu bäsleşik her ýylda Milli bahar baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralýar. Bu bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde bilim alýan 2 — 4-nji synp okuwçy gyzjagazlarynyň gatnaşmagynda geçirilýär.

Edebiýat sapagynda Annagylyç Mätäjiniň döredijiligini öwretmek

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Orta mekdeplerde okadylýan edebiýat sapagy hem, çeper edebiýatymyz barada düşünje bermek bilen bir hatarda, ýaşlarda belent adamkärçiligi terbiýeleýär. Edebiýat sapagynda okuwçylar şöhratly taryhymyzda ajaýyp eserleri döreden şahyrlarymyz, akyldarlarymyz bilen tanyş bolýarlar. Orta mekdepleriň 5-nji synpynda XIX asyrda ýaşan Annagylyç Mätäjiniň ömri we döredijiligi öwredilip, ol okuwçylarda uly gyzyklanma döredýär. Sapagy guramaçylykly geçmek üçin okuw kitaby, Mätäjiniň goşgular ýygyndysy we multimedia tagtasynda taýýarlanan ýörite şekiller peýdalanylýar. Sapakda şahyryň mertligi, tebigaty, durmuşy wasp edýän «Gerekdir», «Onda bar», «Dilber», «Elden gider», «Bedew», «Ýüň getirer» ýaly şygyrlary barada giňişleýin gürrüň berýärin. Bu goşgular barada ýörite şekilleri multimedia tagtasynda görkezýärin. Şeýle hem okuw kitabynda ýerleşdirilen «Bugdaý» goşgusyny labyzly okaýarys.

Bilim — geljege binýat

Giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, durmuş-ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berýän, jemgyýeti ilerledýän güýç hökmünde ylym-bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň intellektual kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyny tassyklaýar. Taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, ýaşlar jemgyýetiň galkynmagyna, ylmy açyşlaryň amala aşyrylmagyna, täzeçillikleriň ornaşdyrylmagyna işjeň goşant goşýan esasy güýç bolup durýar. Şu hakykatdan ugur alyp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler, il-güne peýdaly ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda uly alada edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze taryhy döwürde öňde goýulýan möhüm wezipelere, bildirilýän talaplara has içgin göz ýetirmekde gymmatly gollanma bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Men ýaş alymlarymyzyň we talyplarymyzyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerine guwanýaryn. Ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri döwletimiziň abraýydyr, halkymyzyň buýsanjydyr» diýip, zehinli ýaşlarymyzyň üstünlikleriniň ähmiýetine ünsi çekýär.

Dilleri bilmegiň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ykdysady we medeni durmuş ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Dil halklaryň arasyndaky dostluk köprüsi hasaplanýar. Şeýle hem daşary ýurt dillerini bilýän hünärmen dünýäniň ylmy edebiýatlaryndan habarly bolýar. Munuň özi ylym-bilimde hem möhüm ähmiýete eýedir. Diliň özi pikirleniş bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem dil bilýän ýaşlaryň pikirlenişi hem ösýär, ylym-bilime bolan garaýşy kämilleşýär.

Kitap — gymmat bahaly sowgat

«Gowy kitaby ilkinji gezek okanymyzda, biz täze dost tutunan ýaly bolýarys. Öň okan kitabymyzy gaýtadan okanymyzda bolsa, köne dostumyza sataşan ýaly bolýarys» diýip, meşhur söz ussatlarynyň biri juda jaýdar belläp geçýär. Hakykatdan hem, kitap — iň wepaly dost, durmuşda iň ýakyn syrdaş, mydama dogry ýollary salgy berýän, kyn pursatlardan baş alyp çykmagy öwredýän iň gowy maslahatçy. Şöhratly taryhymyza ýüzlensek, akyldarlar, ilki bilen, kitapdan, soňra durmuş tejribesinden ugur alypdyrlar. Üns berip görseňiz, paýhasly adamlaryň ählisi-de gün tertibinde hökmany suratda kitap okamaga wagt aýyrýandyr. Kitap diňe bir özünde bar bolan maglumatlary size ýetirmek bilen çäklenmän, pikirleniş endikleriniň ösmegine, dürli ýagdaýlarda çalt netije çykaryp bilmek ukybynyň kämilleşmegine, özüňde gowy adamkärçilik sypatlaryny kemala getirmek arkaly adamlar bilen oňyn aragatnaşyk saklamaga ýardam berýär.

Bilim bermekde döwrebap usullar

Adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym-bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Srdarymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman dünýäsi ylmy esasda ösdürilýär. Ylym-bilim pudagynyň işini kämilleşdirmek, bu işi häzirki zamanyň talaplary esasynda ýola goýmak bilen baglanyşykly guramaçylyk, hukuk, kanunçylyk çäreleriniň uly tapgyry amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy munuň aýdyň görkezijisidir. “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzda umumybilim maksatnamasynyň çäklerinde bilim almagyň döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda, bilimiň basgançaklarynda tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň maksatlaryny, wezipelerini we usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman çemeleşmelerine, şeýle hem bu dersleri okatmagyň milli tejribesine, halkara ölçeglerine laýyklygyny kesgitleýär. Şeýle hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýla

Amaly-okuw sapagy geçirildi

Türkmenabat şäheriniň Beýik watançylyk urşy muzeýinde «Ekskursiýalary geçirmek we işläp taýýarlamagyň usuly esaslary» atly mowzuk esasynda amaly-okuw sapagy guraldy. Oňa Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdepde okuw maksatnamasy boýunça «Gid-terjimeçi (syýahatçylyk pudagynda)» atly hünär okuwyny geçýän ýokary synp okuwçylar gatnaşdylar. Okuw sapagynyň dowamynda mekdep mugallymlary degişli mowzuk we ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň berdiler. Muzeýde ýerleşdirilen gymmatlyklar bilen tanyşlykdan soňra okuwçylary gyzyklandyrýan ugurlar boýunça sowal-jogap alşyldy. Bu işler bilim edaralarynda mekdep okuwçylaryna diňe nazary bilim bermek bilen çäklenmän, olaryň amaly endiklerini ösdürmäge işjeň we guramaçylykly çemeleşilýändigini görkezdi. Amaly-okuw sapagy mekdep okuwçylarynyň ata-babalarymyzyň taryhy geçmişimizdäki gahrymançylykly ýollary bilen baglanyşykly maglumatlary öwrenmeklerine, olaryň şöhratly taryhymyz baradaky düşünjelerini has-da giňeltmeklerine uly mümkinçilik döretdi.