Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikler aýratyn many-mazmun bilen baýlaşýar. Hormatly Prezidentimiz döwletiň ýokary depginli ösüşini üpjün etmekde ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýaşlar barada öňdengörüjilikli döwlet syýasaty amala aşyrylýar. Bu syýasat ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orun eýelemekleri üçin zerur bolan şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda ylym-bilimde ýaşlara döredilýän mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin beýan edilýär.