Amaly-okuw sapagy geçirildi

15 Mart 2024
561

Türkmenabat şäheriniň Beýik watançylyk urşy muzeýinde «Ekskursiýalary geçirmek we işläp taýýarlamagyň usuly esaslary» atly mowzuk esasynda amaly-okuw sapagy guraldy. Oňa Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdepde okuw maksatnamasy boýunça «Gid-terjimeçi (syýahatçylyk pudagynda)» atly hünär okuwyny geçýän ýokary synp okuwçylar gatnaşdylar.

Okuw sapagynyň dowamynda mekdep mugallymlary degişli mowzuk we ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň berdiler. Muzeýde ýerleşdirilen gymmatlyklar bilen tanyşlykdan soňra okuwçylary gyzyklandyrýan ugurlar boýunça sowal-jogap alşyldy. Bu işler bilim edaralarynda mekdep okuwçylaryna diňe nazary bilim bermek bilen çäklenmän, olaryň amaly endiklerini ösdürmäge işjeň we guramaçylykly çemeleşilýändigini görkezdi. Amaly-okuw sapagy mekdep okuwçylarynyň ata-babalarymyzyň taryhy geçmişimizdäki gahrymançylykly ýollary bilen baglanyşykly maglumatlary öwrenmeklerine, olaryň şöhratly taryhymyz baradaky düşünjelerini has-da giňeltmeklerine uly mümkinçilik döretdi.

Gözel EMINOWA, Türkmenabat şäheriniň Beýik watançylyk urşy muzeýiniň ylmy işgäri.