Görkezme esbaplaryndan peýdalanmagyň ähmiýeti

19 Mart 2024
992

Körpeleriň ýaşy ulaldygyça, olaryň gyzyklanmalary we bilmäge bolan höwesleri has hem artýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň mekdebe taýýarlaýyş topary bolsa körpäniň agzalýan ýaş aýratynlyklaryna gabat gelýän döwürleri bolýar. Şonda çagalar bilen guralýan her bir sapaga örän usully çemeleşmek möhümdir. Bu döwür çaganyň öwredeniňi özleşdirýän döwri hasaplanylýar. Olaryň gündelik durmuşlarynda, öýde oýun oýnanlarynda bolsa san sanap, hasaplamaga bolan zerurlyklary has hem artýar. Munuň özi terbiýeçilerden çagalara ýönekeý hasaplamalary öwretmek bilen baglanyşykly guraýan sapaklaryna örän guramaçylykly çemeleşmeklerini talap edýär.

Körpelere bu döwürde ýatdan hasaplamak endiklerini öwretmek kyn bolýar. Olar muny doly özleşdirip bilmeýärler. Şonuň üçin terbiýeçi görkezme esbaplaryndan peýdalanmaly bolýar. Has takygy, her gezekki sapakda görkezme esbaplarynyň üýtgedilip durulmagy çaga üçin has-da peýdaly bolýar, sebäbi olar her gezek dürli-dürli şekiller, görnüşler bilen tanyşmaga mümkinçilik alyp bilýärler. Ýyllyk düzülýän meýilnama boýunça çagalara ýönekeý hasaplamalary öwretmekde dürli temalar bellenilýär. Ilkinji basgançakda bolsa, sanlary we sanamagy öwretmek has zerurdyr. Terbiýeçi sapagy dürli-dürli gurap biler, emma onuň her gezekki sapagy ýatda galyjy we çaganyň höwes bilen gatnaşar ýaly derejede guramagy esasy şertdir. Terbiýeçiniň elde ýasaýan görkezme esbaplary, multimedia tagtasynda görkezýän şekilleri, ýelimleri ulanyp, reňkli kagyzlardan ýasaýan işleri sapagyň gyzykly geçmegi üçin has möhümdir. Sanlary we sanamagy öwredenimizde, multimedia tagtasynda taýýarlanan slaýd şekilleriniň üsti bilen sapagy guramak çagalar üçin has-da täsirli bolýar. Şeýle ýagdaýda olar sapaga höwesli gatnaşýarlar.

Gülaýym DOSOWA,
Tejen etrabyndaky 10-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri.