Ýaş alymlaryň sergi bäsleşigi geçirilýär

18 Mart 2024
503

Biziň baýry ýokary okuw mekdebimizde bilim beriş işinden daşary ýaşlary ylma we döredijilige höweslendirmek maksady bilen dürli bäsleşikler geçirilýär. Şu günlerde bolsa institutymyzda «Zehinli ýaşlar ― ylym-bilim, tehnologiýalar äleminde» atly bäsleşik dowam edýär.

Ýaşlary ylmy-barlag işlerine çekmek, zehinli talyplary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşige ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlaryň ýüzlerçesi gatnaşýar.

Merdan GELDIMYRADOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.