Bilim — geljege binýat

17 Mart 2024
752

Giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, durmuş-ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berýän, jemgyýeti ilerledýän güýç hökmünde ylym-bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň intellektual kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyny tassyklaýar.

Taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, ýaşlar jemgyýetiň galkynmagyna, ylmy açyşlaryň amala aşyrylmagyna, täzeçillikleriň ornaşdyrylmagyna işjeň goşant goşýan esasy güýç bolup durýar. Şu hakykatdan ugur alyp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler, il-güne peýdaly ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda uly alada edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze taryhy döwürde öňde goýulýan möhüm wezipelere, bildirilýän talaplara has içgin göz ýetirmekde gymmatly gollanma bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Men ýaş alymlarymyzyň we talyplarymyzyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerine guwanýaryn. Ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri döwletimiziň abraýydyr, halkymyzyň buýsanjydyr» diýip, zehinli ýaşlarymyzyň üstünlikleriniň ähmiýetine ünsi çekýär.

Meretguly ZAHIROW,
Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň mugallymy.