Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna
Özünden soňkulara bahasyz edebi miras goýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň arasynda aksakgalyň hyzmatyny bitirip gelýär. Onuň pähim-paýhasdan pürepür goşgulary, wagt näçe geçse geçibersin, asla könelmän, tersine, edil göwher ýaly lowurdaýar.