Bilim işgärleriniň iş tejribesinden
Sözleýiş we ýazuw kadalaryny öwretmek Häzirki wagtda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek asylly ýörelgä öwrüldi. Şunda ýaşlarda ene dilimize söýgi döretmek, olaryň ýazuw kadalaryna düşünmeklerini gazanmak esasy ugurlardyr. Dilimizde ýörite öwrenilýän ylmy, çeper, publisistik stili, resmi hem-de iş-kagyz stilini okuwçylara öwretmek bilen olaryň ýazuw işinde hem kämilleşmegini gazanmak bolýar. Sözleýşiň umumy aýratynlyklary gepleşigiň haýsy gurşawda bolup geçýänligi bilen bagly bolýar. Ol ýa-da beýleki gurşawdaky gepleşik jemgyýetçilik aňyň formasyna görä bolýar. Muňa mysal hökmünde şulary beýan edip bolar, ýagny gepleşigiň ylmy gurşawyndaky sözleýşe ylmy stil diýlip, bu stiliň öz funksional-stilistik kadasy we alamatlary bolýar.