Döwrebap özgertmeler

29 Oktýabr 2024
558

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de ylym we bi­lim ul­gam­la­ryn­da mö­hüm öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zy mundan buýana hem ösdürmekde ylym-bi­lim ul­gam­la­ry­na jem­gy­ýet­çi­lik ösü­şi­niň kuw­wat­ly öz­ger­di­ji güý­ji hök­mün­de wa­jyp orun de­giş­li­dir. Ylym jem­gy­ýe­tiň ösü­şin­de he­re­ket­len­di­ri­ji güýç­dür. Ylym-bi­li­mi döw­re­bap ös­dür­mek bi­len bir ha­tar­da jem­gy­ýe­ti­mi­ziň we döw­le­ti­mi­ziň wa­jyp me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge gö­nük­dir­mek esa­sy ugur­la­ryň bi­ri­dir.

Bi­lim öz­gert­me­le­ri­niň bar­şyn­da ça­ga­lar bag­la­ryn­dan baş­lap, or­ta, ýö­ri­te hü­när we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne çen­li äh­li bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ry­ny döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar, hä­zir­ki za­man okuw-usu­ly en­jam­la­ry bi­len üp­jün et­mek we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Bu bol­sa ýaş­la­ra be­ril­ýän bi­li­miň dün­ýä de­re­je­si­ne la­ýyk ge­ti­ril­me­gi ba­bat­da­ky we­zi­pe­le­riň amal edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len müm­kin­çi­lik­le­ri has-da art­dyr­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň has be­lent tap­gy­ry­na ga­dam bas­dy we «Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­li­mi ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» pu­da­gyň äh­li ugur­la­ryn­da giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Bi­lim ul­ga­my­nyň äh­li dü­züm­le­rin­de okat­ma­gyň we iş­le­ri alyp bar­ma­gyň san­ly se­riş­de­le­ri­ni or­naş­dyr­mak ýo­la go­ýul­dy.

Ogul­je­mal AT­DA­ÝE­WA,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len 132-nji or­ta mek­de­biň mü­di­ri.