Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda bilim ulgamy uly ösüşleri başdan geçirýär. Eziz Diýarymyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, şuňa laýyklykda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň» tassyklanylmagy nurana geljegiň eýeleri bolan ruhubelent ýaşlaryň kämil bilim almaklaryna, döredijilikli zähmet çekmeklerine uly mümkinçilikleri döredýär.
Döwlet Baştutanymyzyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ähli türkmenistanlylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Berkarar Watanymyzda ýaş nesilleriň durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, olara döwrebap bilim bermek ugrunda alnyp barylýan işler talyplar üçin täze mümkinçilikleriň gapysyny açýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat, Arkadag şäherlerinde orta hünär okuw mekdeplerini açmak baradaky taryhy kararlary bu ugurda gazanylan üstünlikleriň bir bölegi bolup, ýaşlara täze hünärleri ele almakda giň mümkinçilikleri hödürleýär. Şu günki gün bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler arkaly aň-düşünjeli, ukyp-başarnykly, döwletiň bähbitlerini gorap biljek şahsyýetleri ýetişdirmekde üstünlikler gazanylýar. Bilim ulgamy ýurt ösüşiniň berk binýady bolup, talyp ýaşlaryň ylma bolan söýgüsi bilen watançylyk ruhunyň birleşmeginde bagtyýar geljege tarap ädilýän ädimleriň aýdyň beýanydyr.