Mugallym diýen hormatly käriň eýesi Nurtäç Nyýazdurdyýewanyň ak mekdebiň işiginden ilkinji gezek ätlän körpeleri yssy mähri bilen garşylap ýörenine eýýäm kyrk iki ýyl bolupdyr. Onuň edep-terbiýe beren, sowat öwreden körpejeleriniň ençemesi hormatly kärleriň, at‑abraýyň, öý-ojagyň eýeleri bolup gitdiler. Ýöne, adamyň näçe ýaşyna barsa-da, ilkinji synpa baranynda bilim beren mugallymynyň adyny ömürboýy gursagynda göterip, oňa aýratyn hormat-sarpa goýup gezýändigini bellemek gerek. Hawa, şeýle hormat-sarpanyň eýesi bolan mugallym Nurtäç Nyýazdurdyýewa ajaýyp zamanamyzda ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermekde baý tejribesinden örän ýerlikli peýdalanýar.
Ol 1961-nji ýylda Balkanabat şäherinde dogulýar. 1969 — 1979-njy ýyllarda şäherdäki 20-nji orta mekdepde bilim alýar. Gol doly maşgalada kemala gelen, sekiz doganyň biri bolan Nurtäjiň kalbynda mugallymçylyk kärine bolan söýgini başlangyç synp mugallymy Dursuntagan Bekeşowa döredýär. Şeýlelikde, ol orta mekdebi tamamlandan soňra, 1979 — 1982-nji ýyllarda Türkmenbaşy şäherindäki mugallymçylyk mekdebinde okaýar. Ony üstünlikli tamamlandan soňra-da, öz bilim alan orta mekdebinde zähmet ýoluna başlaýar.