Özara tejribe sapaklary

30 Oktýabr 2024
318

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplary bilen TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda geçirilen özara tejribe alyşmak duşuşygynyň örän täsirli we ýokary derejede guramaçylykly geçirilendigini bellemek bolar. Harby institutda serkerdeler we harby talyplar tarapyndan ylym-bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler ýokary baha mynasypdyr. Çünki Ýaragly Güýçlerimiziň düzüm birlikleri üçin taýýarlanylýan harby hünärmenler bu ugurda dünýäniň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilipdir. Institutyň kafedralarynyň häzirki zaman we döwrebap okuw otaglarynda, tejribehanalarynda harby talyplaryň ýokary derejede bilim almaklary üçin döredilen mümkinçilikler bizde diýseň uly täsir galdyrdy. Aýratyn-da, harby bilimiň sanly ulgam arkaly we hakyky söweş ýagdaýlaryna ýakynlaşdyrylyp geçirilmegi üçin ýörite tehniki serişdeleriň bolmagy biziň ünsümizi özüne çekdi. Özara tejribe alyşmak duşuşygy bolsa, Türkmenistanda giň gerimli işleriň amala aşyrylmagy, ilkinji nobatda, ilatyň rahat we abadan durmuşyny üpjün etjek ýokary bilimli harby hünärmenleriň taýýarlanylýandygynyň ýene bir gezek aýdyň subutnamasy boldy.

Durdy ANNAGYLYJOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyby.