"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Talyplarymyz ― halkara bilim bäsleşiginiň ýeňijileri

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika boýunça geçirilen II Açyk halkara internet olimpiadasyna Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarynyň bäşisi gatnaşyp, olaryň ikisi baýrakly orunlara mynasyp boldy. Has takygy, institutyň talyplaryndan Atamyrat Sähedow bilen Aziz Muhammedow bäsleşikde üçünji orny eýelemegi başardylar. Atamyrat bäsleşikde 15 utuk toplap bilen bolsa, Aziz 14,5 utuk bilen tamamlady. Munuň özi ýokary netijedir. Çünki oňa dünýä döwletleriniň 17-sine wekilçilik edýän 75 sany ýokary okuw mekdebinden talyplaryň 479-sy gatnaşdy. Şolaryň diňe 131-si türkmenistanly, 348-si bolsa daşary ýurtly talyplardyr. Munuň özi dünýäniň bilim jemgyýetçiliginde Türkmenistanda geçirilýän halkara bilim bäsleşiklerine uly gyzyklanma bildirilýändigini görkezýär.

Ça­ga­lar ki­tap­ha­na­la­ry

«7/24. tm», № 15 (150), 10.04.2023. Ça­ga­la­ryň sag­dyn pi­kir­li, sag­dyn ruh­ly ke­ma­la gel­me­gi hak­da­ky ala­da­lar adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň öňün­de du­ran mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri­dir. Ça­ga­la­ryň be­lent mak­sat­la­ra ýet­me­gi üçin bü­tin dün­ýä­de tä­sin­den-tä­sin usul­lar ula­nyl­ýar. Ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan­da türk­men hal­ky­nyň nu­ra­na gel­je­gi­niň eýe­le­ri bo­lan şu gün­ki ýaş ne­sil­le­riň kä­mil ösüp ýe­tiş­mek­le­ri üçin bi­möç­ber ala­da­la­r ed­ilýär. Ola­ryň oka­mak­la­ry, öw­ren­mek­le­ri, wagt­la­ry­ny hoş ge­çir­mek­le­ri üçin ýur­du­myz­da äh­li müm­kin­çi­lik­ler bar. Ça­ga­lar üçin sport, sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­ri, me­de­ni mak­sat­ly des­ga­la­ryň ýüz­ler­çe­si ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Şeý­le hem ýur­du­myz­da­ky ça­ga­lar ki­tap­ha­na­la­ry ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň hyz­ma­tyn­da­dyr. Bu ýer­de ça­ga­lar ylym-bi­lim­le­riň ja­dy­ly dün­ýä­si­ne ara­laş­ýar. Öz gy­zyk­lan­ýan ugur­la­ry, gel­jek­de saý­lan hü­när­le­ri bi­len bag­ly ki­tap­la­ry, çe­per ede­bi­ýat­la­ry oka­ma­ga müm­kin­çi­lik al­ýar­lar.

Gazlift klapanlary we olaryň işleýiş aýratynlyklary

«Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň gazlift usuly bilen işleýän guýularynda ornaşdyrylan ýerasty enjamlar, esasan-da, dürli kysymly gazlift klapanlary nebit çykarylyşyny birsyhly artdyrmaga we tehnologik iş proseslerini kämilleşdirmäge ýardam berýär. Gazlift klapanlar hem, öz gezeginde, gaz goýberiji (gysyjy) we iş klapanlaryna bölünýär. Goýberiji klapanlar göteriji turbalarda oturdylyp, guýulary iş agenti (gaz) bilen özleşdirmek üçin niýetlenen bolsa, iş klapanlary guýular özleşdirilenden soň, olaryň ulanyş wagtynda gatlak ýa-da çuňluk basyşlary peselende ýa-da gazyň berlişi üýtgände, guýularyň kadaly işlemegi üçin iň aşakda goýulýan klapandyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň günorta-günbatar sebitleriniň nebitgaz çykaryjy bölümlerinde differensial (ýaýjykly) we silfonly klapanlar giň möçberde ulanylýar. Differensial klapanlar turbaňry we nasos-kompressor turbalar arasyndaky giňişlikde basyş tapawutlary bilen işleýän bolsa, silfonly klapanlar turbaňry giňişlikde iş agentiniň (gazyň) basyş täsiri astynda işleýär.

Magtymgulynyň filosofiýasynyň ähmiýeti

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Magtymgulynyň filosofik mirasy we bu filosofiýany jemgyýeti öwrenýän ylymlarda beýan etmegiň meseleleri» atly seminaryň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Belläp geçsek, milli miras, jemgyýetçilik we ylym babatynda ähmiýetli bolan bu çäre 2021-nji ýyldan bäri dowamly guralýar. Seminara ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň mugallymlary, alym-professorlary, talyp ýaşlary, şeýle-de belli magtymgulyşynaslar, mirasy öwrenijiler, sungat işgärleri gatnaşyp, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin çykyş edýärler. Bu gezekki seminara Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň professory Nurýagdy Suwhanowyň alyp barmagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy Amannepes Şyhnepesow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew, uniwersitetiň mugallymlary Jemal Sapargulyýewa, Täçmyrat Baýramgeldiýew we talyp ýaşlar gatnaşdy.

Nebitgaz känlerini özleşdirmegiň döwrebap usullary

Nebiti we gazy çykarmagyň tehnikasynyň we tehnologiýasynyň ösüşiniň döwrebap tapgyry nebit ýataklary özleşdirilende bolup geçýän özgerişler barada önümçilik maglumatlarynyň göwrümini ýokarlandyrmak bilen häsiýetlendirilýär. Nebit ýataklarynda awtomatlaşdyrmak, telemehanika ulgamlarynyň, şeýle hem kompýuter torlarynyň dürli görnüşleriniň ulanylmagy önümçiligi dolandyrmagyň we gözegçilik etmegiň tehnologiýasyny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Halkara tejribesinde nebitgaz pudagynda sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösdürilmegi «intellektual» nebit senagatynyň döredilmegine itergi berýär. Uglewodorod känlerini özleşdirmek işlerini dolandyrmagyň intellektual ulgamy — bu önümli gatlakdan nebiti we gazy çykarmak, şeýle hem olary daşamaga taýýarlamak ýaly proseslere dolandyryjy täsirleri intellektual elementleri ulanmak bilen durmuşa geçirýän ulgamdyr. Dolandyrmagyň intellektual ulgamy aşakdaky şertleri hasaba almak bilen döredilýär: — uglewodorod çig malyny çykarmakda täze innowasion tehnikalaryň we tehnologiýalaryň, şeýle hem nebitgaz känleri özleşdirilende hemmetaraplaýyn monitoringi üpjün edýän ulgamlaryň döredilmegi;

Tehnologiýalar merkezi: Ýaşlar. Oýlap tapyşlar. Täzeçillik.

Ylmy goldamak we ony ösdürmek ýurduň geljegi üçin örän derwaýysdyr. Ylmyň ösüşiniň derejesi jemgyýetiň durmuşynyň derejesiniň esasy görkezijileriniň biridir. Ylymly adam hemişe täzeçilligiň gözleginde bolýar. Kämillige ymtylýar. Kämillik bolsa ylymdan başlanýar. Taryha nazar aýlanyňda, geçen ençeme ýüzýyllyklarda türkmen topragynyň oýlap tapyşlar bilen dünýä taryhyna giren şahsyýetleriň mekany bolandygyna buýsanýarsyň. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş alymlaryň täze nesli kemala gelýär. Belent ynamdan ruhlanýan ýaşlar biri-birinden netijeli oýlap tapyşlary bilen ýurdumyzyň ylym, tehnologiki we ykdysadyýet babatda gazanýan üstünliklerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Täze žurnal — täze başlangyç

Haýsydyr bir täzeligi jemgyýete ýetirmekde habar beriş serişdeleri möhüm rol oýnaýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalynyň döredilmegi hem giň ylmy jemgyýetçiligi türkmen ylmynyň gazananlary we innowasion işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrmaga ýardam eder. Hormatly Prezidentimiziň goldamagy bilen täze žurnalyň döredilmegi baradaky çözgüt geçen ýylyň oktýabr aýynda geçirilen Hökümet mejlisleriniň birinde kabul edilipdi. Ýakynda bu žurnalyň ilkinji sany elektron görnüşde internet ulgamy arkaly okyjylara ýetirildi. Žurnalda ýerleşdirilýän makalalarda ileri tutulýan ugurlar boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy işler hem-de innowasion işläp taýýarlamalar şöhlelendirilýär. Täze ylmy-amaly elektron žurnalynyň redaksion düzümine ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň hyzmatdaş alymlary girizildi. Innowasiýa tehnologiýalary boýunça ylmy-barlaglary alyp barýan hünärmenler, bu ugurlar boýunça bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplary hem-de giň okyjylar köpçüligi bu elektron žurnalyň üsti bilen düýpli, ylmy-amaly barlaglaryň netijeleri we olaryň önümçiliklere ornaşdyrylyşy bilen tanyş bolarlar.

Iňlis dilini netijeli öwrenmek üçin

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň iň täze gazananlary işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şunda bilim ulgamyna hem sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygyny bellemegimiz gerek. Ylym-bilimiň ösen döwründe islendik ýurduň ykdysady kuwwaty kesgitlenende, onuň innowasion ösüş derejesine seredilip baha berilýär. Bu günki gün dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryndaky ornuny barha berkidýän Türkmenistanda-da ýurdy innowasiýalaşdyrmak, sanly ulgama geçirmek işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalardyr nou-haular ornaşdyrylýar. Bu işleriň gözbaşynda bolsa, ilkinji nobatda, Arkadagly Serdarymyzyň belent maksatlarynyň bardygyny bellemelidiris. Hormatly Prezidentimiz ösen ýurtlaryň tejribesini nazara alyp, ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Şonuň üçin hem şu günki ýaşlaryň kämil bilimi, başarnygy has-da ösdürilýär, olara ylmyň iň täze gazananlary, döwrüň häzirki tehnologiýalary öwredilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň maglumat howpsuzlygy we aragatnaşyk tehnologiýalary barlaghanasynda «C#» programmirleme dilinde we «Visual Studio» programmalaşdyrma gurşawynda orta mekdepleriň iňlis dili mugallymlary üçin elektron gollanma ýazyldy. Bu taslama arkaly iňlis diliniň harplaryny, diliň ýazuw kadalaryny, sö

Bioenergetikada täze mümkinçilik

Hormatly Arkadagymyz «Suw – ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda türkmen halkynyň suwuň gadyr-gymmatyna nähili sarpa goýýandygy barada çuňňur paýhasa ýugrulan ündewleri öňe sürýär. Howanyň üýtgeýän şertlerinde gurakçylyga durnukly ekerançylygy ýola goýmak maksady bilen, goşmaça suw gorlaryny döretmek baradaky pikirler şol ündewleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Hormatly Arkadagymyz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmeginiň maksadynyň diňe bir ýurdumyzyň ähli çägindäki zeý suwlaryny toplamakdan däl, eýsem, suwy oba hojalygynda gaýtadan ulanmak we beýleki zerurlyklar üçin häzirki zaman tehnologiýalaryň esasynda ony gaýtadan işlemekden ybaratdygyny nygtaýar. Lagym suwlaryny, şol sanda zeý suwlary mikrosuwotularyň kömegi bilen arassalamak dünýä tejribesinde giňden peýdalanylýan innowasion usullaryň biridir. Bu tehnologiýany ýurdumyzyň şertlerinde bioenergetika maksatlarynda utgaşykly peýdalanmak üçin Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde zeýkeş suwlary mikrosuwotularyň kömegi arkaly arassalamak, ekologik taýdan arassa biodizel ýangyjyny öndürmek bilen baglanyşykly ylmy-barlag işleri dowam edýär. Ylmy işiň maksady zeýkeş suwlarynyň düzümindäki maddalary mikrosuwotular üçin iýmit gurşawyny döretmekde peýdalanmakdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda suwarymly ekerançylykda ösdürilip ýetişdirilýän ek

Ylymly ýaşlar — Watanyň daýanjy (Dünýä we ýaşlar)

Täze taryhy eýýamymyzda ýaşlaryň ylym babatdaky başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek, kämil düşünjeli nesli kemala getirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap şertler döredilýär. Ylma teşne talyplar mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalarda, bäsleşiklerde öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny, bilim derejelerini görkezip, ýokary netijeleri gazanýarlar. Ýakynda, has takygy, şu ýylyň 25-nji fewraly — 4-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplaryndan ybarat bolan topar Albaniýanyň Durres şäherinde geçirilen halkara Žan Pikte bäsleşigine gatnaşdy. Halkara ynsanperwerlik hukugy ugrundan geçirilmegi däbe öwrülen bu bäsleşik gerimi boýunça dünýäde iň iri we meşhur taslamalaryň biridir. Bäsleşik iňlis we fransuz dillerinde geçirilýär. Onda eminler topary talyplaryň halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça bilimine hem-de ony ulanyp bilmek başarnygyna, halkara jemagat hukugy hem-de onuň degişli şahalary boýunça bilimine, toparlaýyn işlemek başarnyklaryna, bäsleşige bolan höwesine, jedelleşmek, başga toparlary diňläp bilmek hem-de dilewarlyk sungaty boýunça başarnyklaryna baha berdiler.

Ylym­da mö­hüm ugur­lar

Ylym-bi­lim ders­le­ri ta­rap­lar, umu­man, bir­nä­çe iri to­par­la­ra — tebigy, ta­kyk, teh­ni­ki we yn­san­per­wer ýa­ly ugur­la­ra bö­lün­ýär. Bu­lar köp ha­lat­da bi­rek-bi­re­gi bi­len-de gö­ni, ýa-da gy­tak­la­ýyn, na­za­ry hem-de ama­ly taý­dan ara­bag­la­ny­şyk­ly­dyr, aý­ra­tyn-da ylym-bi­lim­de, dür­li gör­nüş­li önüm­çi­lik­de we şu­ňa meň­zeş pu­dak­la­r­da şeý­le bol­ýan­dyr. Şol se­bäp­den hem ant­ro­po­lo­gi­ýa­nyň özi-de (ant­rop adal­ga­sy grek­çe adam, lo­gos bu ýer­de ylym-bi­lim ma­ny­syn­da) yn­sa­nyň, adam­za­dyň te­bi­ga­ty­ny öw­ren­ýän ylym-bi­lim der­si hök­mün­de bo­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan di­ňe bio­lo­gi­ýa de­giş­li däl­dir. Bu jäht­den hem ýo­kar­da bel­le­nen ug­ruň ta­ryh ylym-bi­lim ders­le­ri, öz­baş­dak orun­ly iri bö­lü­m bo­lan ar­heo­lo­gi­ýa bi­len mä­käm ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň bar­dy­gy­ny aýt­sa bo­lar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni ant­ro­po­lo­gi­ýa yl­my­nyň dü­zü­min­dä­ki bir­nä­çe bö­lüm­le­r hem örän oňat gör­kez­ýär. Mu­ňa paliolit döwründe (Ga­dy­my daş asyr za­man­ynda) ýa­şan yn­san­la­ry öw­ren­ýän pa­leoant­ro­po­lo­gi­ýa, ant­ro­po­ge­nez [yn­sa­nyň, adam­za­dyň dö­reý­şi­ni öw­ren­ýän bö­lüm] hem-de soň ta­ry­hy ant­ro­po­lo­gi­ýa ýa­ly bö­lüm­le­ri my­sal­dyr. Bu­la­ry ta­ryh­syz, ar­heo­lo­gi­ýa­syz öw­ren­mek müm­kin däl­dir. Adam­zat geç­mi­şi­ne de­giş­li dür­li te­bi­gy, mad­dy-me­de­ni des­ga­la­ry we şu­ňa meň­zeş­le

Nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň netijeli usuly

Önümli gatlaklaryň nebit berijiligini artdyrmak üçin täze tehnologiýalary ulanmak wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Guýularyň önümli gatlaklarynyň deňinde durýan düýpýan zolagyny misellýar erginleri bilen işläp taýýarlamak hem täzeçil usullara degişlidir. Önümiň suwlulygy 20%-den köp bolanda, guýa nasos-kompressor turba (NKT) sütüniniň ujuny guýy süzgüjiniň aşaky deşiklerine çenli goýberýärler. Guýynyň ýanynda goýlan çelekde nebit sulfonaty-karpatolyň 5%-ini suwa garyp, gatlagyň galyňlygynyň her 1 metrine 0,5 — 1,0 m3 hasabynda misellýar ergin taýýarlanylýar. Soňra göwrümi 20 m3 gapda garyndynyň her 1 m3 mukdaryna 8%-li poliakrilamidiň 63 litrini, 33%-li formaliniň 3,3 litrini, karpatolyň

Ylmy täzeçillik jahana şugla saçýar

Türkmenistanyň PrezidentiSerdar Berdimuhamedow: — Innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly tebigy gazy gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleri öndürip, uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna dürli ugurlar boýunça çykarmak babatda alnyp barylýan işler örän guwandyryjydyr.

Ähli döwürleriň we halklaryň beýik alymy

Fizikanyň taryhy beýik şahsyýetlere baýdyr. Şolaryň biri iňlis fizigi we matematigi Isaak Nýutondyr. Isaak Nýuton 1643-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Angliýanyň Linkolnşir graflygynyň Wulstorp obasynda fermeriň maşgalasynda dogulýar. Heniz dünýä inmänkä kakasynyň aradan çykandygy zerarly ol 12 ýaşyna çenli enesiniň terbiýesini alýar. Ylym bilen çagalygyndan meşgullanyp ugraýar. Çaga mahalynda suw bilen işleýän sagady oýlap tapýar. Ony öýündäkiler hezil edip ulanýarlar. Ol ýaşlygyndan örän okumyş bolupdyr, hatda bütin gününi kitaba sarp edendigi sebäpli ýekeje dosty hem bolmandyr. Ýöne bütin dünýä ony özüniň döwürdeşleriniň içinde, hatda, olaryň iň beýikleriniň içinde hem, has beýigi, ähli döwürleriň we halklaryň beýik alymy hökmünde ykrar edýär. Hatda ylym heniz görlüp-eşidilmedik has uly derejelere ýetende hem Nýutonyň işleriniň ähmiýetiniň kemelmejekdigini tassyklaýarlar. Nýuton häzirkizaman ylmy taglymaty esaslandyryjylaryň biridir, nusgawy mehanikanyň atasydyr. Nýuton ylmy işine matematikadan (hatarlar nazaryýeti) we serpikdiriji teleskopy oýlap tapmakdan başlaýar. Serpikdiriji teleskop Nýutona 1668-nji ýylda uly abraý getirýär. Bu teleskopyň uzynlygy bary-ýogy 15 santimetr bolupdyr. Şol döwrüň teleskoplarynyň uzynlyklary 10 metre ýetýär eken. Nýuton 1671-nji ýylda uly ölçegli we öňküden has gowy hilli teleskopy ýasaýar. Alymyň esasy we möhüm üstünligi mehanikadadyr. Ol güýçler

Täze kafedra maksadyna tarap

Institutymyzda ÝUNESKO kafedrasynyň işläp başlamagy mugallymlarymyzdyr talyplaryň oňyn maksat edinen ugruna bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Mälim bolşy ýaly, täze kafedra ilkinji maksady hökmünde «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ugry saýlap aldy. Şu günler talyp ýaşlar halypa mugallymlarymyzyň ýolbaşçylygynda agzalan ugur boýunça ylmy gözleglerini güýçlendirdiler. Bu gözlegleriň binýadynda bolsa institutyň alymlary tarapyndan ozal geçirilen gözlegler durandyr. Şunda daşary ýurtlaryň ÝUNESKO kafedralary bolan ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk hem özüniň oňyn miwesini berýär.

Hünär rysgal-berekediň egsilmez çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri döwrebap ösdürip, öz milli köklerimiz esasynda guramak, ösüp gelýän ýaş nesli ata-babalarymyzyň göreldesinde terbiýelemek mugallymlaryň öňündäki esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Watanymyzyň kuwwatly geljegi bolan türkmen ýaşlarynyň ýokary hilli bilim almaklary, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, hünär ussatlygyny ele alyp, üstünlikleri gazanmaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri, kämilleşmekleri üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilendir. Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy ylym-bilimdir. Şeýle baýlygyň eýesi bolup bilen halk bolsa, jemgyýeti yzygiderli kämilleşdirmäge, döwleti kuwwatlandyrmaga ukyplydyr. Ylmyň ösmegi bilim kämilligine baglydyr. Bilim bolsa ýaş nesliň sowatlylyk ýolundaky ilkinji ädimleriniň biridir. Ynsan bilimiň ilkinji şinelerini maşgalada, çagalar bagynda, mekdepde öwrenýär. Çaganyň kämil adam bolup ýetişmeginde maşgalanyň, mekdebiň, mugallymyň, halypanyň orny örän uludyr. Ynsanyň ynamly dosty onuň sowatlylygydyr. Magtymguly Pyragynyň: “Alymlara uýsaň açylar gözüň” diýen goşgy setiriniň many-mazmuny has-da özüne çekijidir. Dana şahyryň bu paýhasly setiri ylym-bilimiň ynsanyň giň gözýetimli bolmagyndaky orny barada beýan edýär. Halkymy

Bagtyýar ýaşlar nurana geljegimizdir

Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilimi ösdürmek babatdaky taýsyz tagallalary netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylym-bilimli, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly bolmagy, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan, täze hünärleri ele alyp, döwrebap hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Jemgyýetimiziň öňe gitmeginde, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde öz işine ussat hünärmenler dürli ugurlar boýunça taýýarlanylýar. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giň mümkinçilikler döredilýär, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle hem, bilim ulgamynda uly işler durmuşa geçirilýär, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üpjün edilýär. Häzirki döwürde sanly tehnologiýalar dünýä ykdysadyýetiniň ösüşinde hem-de adamzat jemgyýetiniň kämilleşmeginde möhüm orun eýeleýär. Telekommunikasiýa, maglumat we kompýuter tehnologiýalary dünýäde ýokary depginler bilen ösýär we dünýä ykdysadyýetiniň hil taýdan täze belentlige çykmagyna esas bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň: “Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir” diýýän sözleri ýaşlara döwrebap bilim bermegiň wajypdygyny aýdyň görkezýär.

Meşhur himiýaçy alymlar

Görnükli şwed himigi Karl Wilgelm Şeýele (1742-1786) hünäri boýunça derman taýýarlaýjy bolupdyr. Ýönekeý abzallardan peýdalanyp himiki tejribeleri ussatlyk bilen geçirmegi başarypdyr. Derman taýýarlaýjynyň altyn eli bar, el degren islendik maddasyndan açyş edip bilýär diýip, döwürdeşleri gürrüň edipdir. Ol köp sanly organiki däl we organiki maddalary açdy. Olardan ftorowodorod, kükürtwodorod, fosfor, çakyr, limon, alma, şawel, süýt, benzoý kislotalaryny, kaliý permanganatyny, bariý, wolfram (III) we molibden (III) oksidlerini görkezmek bolar. K. W. Şeýele ilkinji bolup 1772-nji ýylda arassa kislorody tejribe ýoly bilen aldy.Emma alymlar kislorody 1774-nji ýylda iňlis alymy Žozef Pristli (1733-1804) ilkinji bolup açdy diýip hasap edýärler. Sebäbi K. W. Şeýeläniň geçiren işleriniň netijesi barada ýazylan “Ot we howa baradaky himiki traktat” diýen kitaby 1777-nji ýylda çykypdy.

Daşary ýurt dillerini öwrenmekde giň mümkinçilikler

Häzirki wagtda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlara döwrebap bilim bermäge aýratyn üns berilýär. Milli bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, sanly bilim ulgamy esasynda okuw usulyýetlerini hem-de bilim maksatnamalaryny özgertmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Elektron okuw okuwçylary özbaşdak okuw bilen meşgullanmaga, döredijilikli pikirlenmäge, uzak aralykdan bilim almaga höweslendirýän täsirli aragatnaşyk ulgamdyr. Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha berkeýän, halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolýan döwründe has-da uly ähmiýete eýe bolýar. Ol diňe birek-birek bilen düşünişmek, aragatnaşyk serişdesi bolmak hyzmatyny amal etmän, eýsem depginli ösüş gazanmagyň hem möhüm ugruna öwrülýär. “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” ýurdumyzyň dünýä giňişligine aralaşmagy, sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwerlik gatnaşyklarynda öňdebaryjy orny eýelemegi, türkmen jemgyýetiniň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, kämilleşmegi üçin ýurdumyzda raýatlaryň ene dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini kämil bilmeklerini sazlaşykly üpjün etmegi döretmek barada anyk ugurlar beýan edilýär. Bu bolsa, ilki bilen, bu ugurda zäh

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gynyň döredijiligine ba­gyş­la­nan yl­my mas­la­hat

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mad­dy gym­mat­lyk­lar bi­len bir ha­tar­da hal­ky­my­zyň me­de­ni-ru­hy gym­mat­lyk­la­ry mil­li ru­hy ösüş­ler üçin eg­sil­mez çeş­me bo­lup hyz­mat ed­ýär. Bu ba­bat­da Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da hal­ky­my­zyň asyr­lar aşyp kä­mil­le­şen me­de­ni­ýe­ti, di­li, ede­bi­ýa­ty, sun­ga­ty, ta­ry­hy we ga­dy­my mil­li mi­ra­sy yl­my nuk­daý­na­zar­dan düýp­li öw­re­nil­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, türk­men ede­bi­ýa­ty dün­ýä­niň ru­hy gen­ji-ha­zy­na­syn­da özü­niň örän köp dö­re­di­ji­lik şah­sy­ýet­le­ri bi­len my­na­syp orun eýe­le­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da türk­men hal­ky­nyň nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň aý­ra­tyn or­ny bar. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ni hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ba­ku şä­he­rin­de «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy — dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň gör­nük­li we­ki­li» at­ly yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Bu yl­my-ama­ly mas­la­ha­ta Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň alym­la­ry, yl­my iş­gär­le­ri hem gat­naş­dy.