Nebiti we gazy çykarmagyň tehnikasynyň we tehnologiýasynyň ösüşiniň döwrebap tapgyry nebit ýataklary özleşdirilende bolup geçýän özgerişler barada önümçilik maglumatlarynyň göwrümini ýokarlandyrmak bilen häsiýetlendirilýär. Nebit ýataklarynda awtomatlaşdyrmak, telemehanika ulgamlarynyň, şeýle hem kompýuter torlarynyň dürli görnüşleriniň ulanylmagy önümçiligi dolandyrmagyň we gözegçilik etmegiň tehnologiýasyny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Halkara tejribesinde nebitgaz pudagynda sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösdürilmegi «intellektual» nebit senagatynyň döredilmegine itergi berýär. Uglewodorod känlerini özleşdirmek işlerini dolandyrmagyň intellektual ulgamy — bu önümli gatlakdan nebiti we gazy çykarmak, şeýle hem olary daşamaga taýýarlamak ýaly proseslere dolandyryjy täsirleri intellektual elementleri ulanmak bilen durmuşa geçirýän ulgamdyr. Dolandyrmagyň intellektual ulgamy aşakdaky şertleri hasaba almak bilen döredilýär:
— uglewodorod çig malyny çykarmakda täze innowasion tehnikalaryň we tehnologiýalaryň, şeýle hem nebitgaz känleri özleşdirilende hemmetaraplaýyn monitoringi üpjün edýän ulgamlaryň döredilmegi;