Ylym­da mö­hüm ugur­lar

12 Mart 2023
1331

Ylym-bi­lim ders­le­ri ta­rap­lar, umu­man, bir­nä­çe iri to­par­la­ra — tebigy, ta­kyk, teh­ni­ki we yn­san­per­wer ýa­ly ugur­la­ra bö­lün­ýär. Bu­lar köp ha­lat­da bi­rek-bi­re­gi bi­len-de gö­ni, ýa-da gy­tak­la­ýyn, na­za­ry hem-de ama­ly taý­dan ara­bag­la­ny­şyk­ly­dyr, aý­ra­tyn-da ylym-bi­lim­de, dür­li gör­nüş­li önüm­çi­lik­de we şu­ňa meň­zeş pu­dak­la­r­da şeý­le bol­ýan­dyr. Şol se­bäp­den hem ant­ro­po­lo­gi­ýa­nyň özi-de (ant­rop adal­ga­sy grek­çe adam, lo­gos bu ýer­de ylym-bi­lim ma­ny­syn­da) yn­sa­nyň, adam­za­dyň te­bi­ga­ty­ny öw­ren­ýän ylym-bi­lim der­si hök­mün­de bo­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan di­ňe bio­lo­gi­ýa de­giş­li däl­dir. Bu jäht­den hem ýo­kar­da bel­le­nen ug­ruň ta­ryh ylym-bi­lim ders­le­ri, öz­baş­dak orun­ly iri bö­lü­m bo­lan ar­heo­lo­gi­ýa bi­len mä­käm ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň bar­dy­gy­ny aýt­sa bo­lar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni ant­ro­po­lo­gi­ýa yl­my­nyň dü­zü­min­dä­ki bir­nä­çe bö­lüm­le­r hem örän oňat gör­kez­ýär. Mu­ňa paliolit döwründe (Ga­dy­my daş asyr za­man­ynda) ýa­şan yn­san­la­ry öw­ren­ýän pa­leoant­ro­po­lo­gi­ýa, ant­ro­po­ge­nez [yn­sa­nyň, adam­za­dyň dö­reý­şi­ni öw­ren­ýän bö­lüm] hem-de soň ta­ry­hy ant­ro­po­lo­gi­ýa ýa­ly bö­lüm­le­ri my­sal­dyr. Bu­la­ry ta­ryh­syz, ar­heo­lo­gi­ýa­syz öw­ren­mek müm­kin däl­dir. Adam­zat geç­mi­şi­ne de­giş­li dür­li te­bi­gy, mad­dy-me­de­ni des­ga­la­ry we şu­ňa meň­zeş­le­ri ant­ro­po­lo­gik ma­te­rial­lar we ga­lyn­dy­lar bi­len köp ha­lat­da yl­my-bar­lag iş­le­ri­miz­de gö­ni, gy­tak­la­ýyn bir gur­şaw­da, çäk­ler­de hem kän ga­bat gel­ýä­ris. Mah­la­sy, ar­heo­lo­gik ýa­dy­gär­lik­le­ri, me­de­ni­ýet­le­ri, si­wi­li­za­si­ýa­la­ry (şä­her, şä­her-döw­let, döw­let), şu­ňa meň­zeş­le­ri öw­re­neni­miz­de, ant­ro­po­lo­gi­ýa hem ýy­gy-ýy­gy­dan ýüz­len­ýä­ris. My­sal üçin, şeý­le ar­heo­lo­gik, ant­ro­po­lo­gik des­ga­la­ra (Bü­rünç asyr za­ma­na de­giş­li çäk­le­ri), zat­la­ra Pa­ryz­de­pe­de, Mon­juk­ly­de­pe­de, Go­ňur­de­pe­de hem-de baş­ga me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­r­de yl­my iş sa­par­la­ry­myz­da, ga­zuw-ag­ta­ryş pur­sat­la­ry­myz­da ýy­gy duş gel­ýä­ris.

Umu­man, ant­ro­po­lo­gi­ýa­da, te­bi­gy (esa­san-da bio­lo­gi­ýa) hem-de yn­san­per­wer (aý­ra­tyn­da ta­ryh) ylym-bi­lim ders­le­ri­niň ut­gaş­dyr­lan sep­git­le­rin­de bol­ýan ugur­dyr. Şo­nuň bi­len bir­lik­de ant­ro­po­log alym­lar hök­ma­ny su­rat­da ta­kyk, teh­ni­ki ylym­la­ryň usul­la­ry­ny-da ge­çir­mek ýa-da gör­mek şer­tin­de yl­my-ama­ly bar­lag iş­le­ri­ni alyp bar­ýar­lar.

Şöh­rat AN­NA­TA­GA­NOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Ta­ryh we ar­heo­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň yl­my iş­gä­ri.