Önümli gatlaklaryň nebit berijiligini artdyrmak üçin täze tehnologiýalary ulanmak wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Guýularyň önümli gatlaklarynyň deňinde durýan düýpýan zolagyny misellýar erginleri bilen işläp taýýarlamak hem täzeçil usullara degişlidir.
Önümiň suwlulygy 20%-den köp bolanda, guýa nasos-kompressor turba (NKT) sütüniniň ujuny guýy süzgüjiniň aşaky deşiklerine çenli goýberýärler. Guýynyň ýanynda goýlan çelekde nebit sulfonaty-karpatolyň 5%-ini suwa garyp, gatlagyň galyňlygynyň her 1 metrine 0,5 — 1,0 m3 hasabynda misellýar ergin taýýarlanylýar. Soňra göwrümi 20 m3 gapda garyndynyň her 1 m3 mukdaryna 8%-li poliakrilamidiň 63 litrini, 33%-li formaliniň 3,3 litrini, karpatolyň