«7/24. tm», № 15 (150), 10.04.2023.
Çagalaryň sagdyn pikirli, sagdyn ruhly kemala gelmegi hakdaky aladalar adamzat jemgyýetiniň öňünde duran möhüm meseleleriň biridir. Çagalaryň belent maksatlara ýetmegi üçin bütin dünýäde täsinden-täsin usullar ulanylýar. Ata Watanymyz Türkmenistanda türkmen halkynyň nurana geljeginiň eýeleri bolan şu günki ýaş nesilleriň kämil ösüp ýetişmekleri üçin bimöçber aladalar edilýär. Olaryň okamaklary, öwrenmekleri, wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar. Çagalar üçin sport, sagaldyş-dynç alyş merkezleri, medeni maksatly desgalaryň ýüzlerçesi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berildi. Şeýle hem ýurdumyzdaky çagalar kitaphanalary ýaş nesillerimiziň hyzmatyndadyr. Bu ýerde çagalar ylym-bilimleriň jadyly dünýäsine aralaşýar. Öz gyzyklanýan ugurlary, geljekde saýlan hünärleri bilen bagly kitaplary, çeper edebiýatlary okamaga mümkinçilik alýarlar.