"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ожидается возобновление в ближайшие месяцы пассажирского авиарейса Ашхабад-Париж

В Туркменистане прорабатывают технические детали возобновления в ближайшие месяцы пассажирских авиаперевозок между Ашхабадом и Парижем. Такой новостью поделился заместитель генерального директора Агентства транспорта и коммуникаций Туркменистана Батыр Аннаев, выступая на Деловой встрече с французскими компаниями. Функционировавший с 2013 по 2018 годы авиарейс Ашхабад-Париж был одним из самых оптимальных сообщений между двумя странами, напомнил он.

“Pýotr Welikiý” syýahatçylyk gämisi 2024-nji ýylda Türkmenbaşy portuna geler

Hazar deňzi bilen Gara deňizinde gezelençleri ýola goýup başlajak “Pýotr Welikiý” syýahatçylyk gämisi 2024-nji ýylda Türkmenbaşy halkara deňiz portuna geler. Bu barada Türkmenbaşy portunyň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, gezelenjiň dowamynda bu syýahatçylyk gämisi Azerbeýjanyň (Baku), Gazagystanyň (Aktau) we Russiýanyň (Mahaçkala) portlaryna hem barar.

Bulary bilmek gyzykly

Ajaýyp çyralar XIX asyr tehnologiýalaryň ösen döwri bolup, adamlar hem her bir oýlap tapyjylyk işinde olardan ugurtapyjylyk, başarjaňlyk bilen peýdalanýarlar. Ösen sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen öz işlerine täzeçillik çaýýan hünärmenler dünýä meşhur bolýan, şeýle-de täsin görnüşi hem-de gurluşy taýdan Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun alýan zatlary oýlap tapýarlar.

Ýeňil awtoulaglaryň rallisine gatnaşyjylar Türkmenistana geldiler

“Dunaýdan Orhuna çenli Ýüpek ýoly” ýeňil awtoulaglaryň ilkinji rallisine gatnaşyjylar Tükmenistana geldiler. Olary ýurduň resmi adamlary garşyladylar we paýtagtymyzyň gözel ýerlerine aýlandylar.  Bu awtorallä gatnaşyjylar 11 müň kilometrlik ýol geçerler. Ralliniň maksady Günbatar we Gündogar hlklarynyň arasynda dostlugy, medeniýetara aragatnaşygy berkitmekden ybaratdyr. Jemi 15 awtomobiliň gatnaşýan awtorallisi Wengriýadan badalga alyp, Gyrgyzystanda hem tamamlanar. 

Kazanyň aeroportynda uçuş wagtyna çenli dynç almak üçin futurist kapsulalar peýda boldy

Kazan şäheriniň Halkara howa menzilinde ýolagçylaryň dynç almagy üçin futurist äheňinde bezelen şahsy kapsula otaglary peýda boldy. Olar ýolagçylara uçuş wagtyna çenli rahat we oňaýly dynç almagyna şert döreder. Eger-de saý-sebäp bilen uçaryň uçuş wagty gijikdirilse, ýolagçy garaşmak we dynç almak üçin 7 (977) 493-28-35 belgisine jaň etmek arkaly öňünden dynç alyş kapsulany öňünden bronlap ýa-da Kazanyň howa menziliniň “Air Lounge” ýazgyly ýerine barmak arkaly kapsulalary kireýine alyp bilerler. Bu barada howa menzili habar berýär.

«Belawiýa» petek satuwyny we bron hyzmatlaryny wagtlaýynça togtadar

Belarusyň «Belawiýa» awiakompaniýasy howa petekleri bronlamak we bermek, şeýle hem goşmaça hyzmatlar mümkinçiliginiň wagtlaýyn çäklendirilendigini yglan etdi. Bu awiakompaniýanyň «Leonardo» howa peteklerini bronlamak üçin rus ulgamyna geçmegi baradaky tehniki işler bilen baglanyşyklydyr. Awiakompaniýanyň web sahypasyndaky habara görä, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Minsk wagty bilen sagat 20:00-dan awiakompaniýanyň we degişli agentlikleriň satuw ofislerinde, web sahypasynda, şeýle hem «Belawiýa» mobil programmasynda awiapetekleri bronlamak, satyn almak, çalyşmak we yzyna gaýtarmak, şeýle hem goşmaça hyzmatlar wagtlaýyn elýeterli bolmaz.

Jahanyň täsin bilim ojaklary

Döwrebap şertler nesilleriň hyzmatynda Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ajaýyp künjeginde ýerleşýän 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebi okuwçylaryň bilimini artdyrmaga gönükdirilen döwrebap şertleriň ählisini özünde jemleýär. Ýöriteleşdirilen toplumda innowasion taýdan okatmagyň konsepsiýasyna laýyklykda, taýýarlaýyş toparyndan başlap, esasy dersler bilen bir hatarda, türkmen, iňlis we rus dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Goşmaça okuwlar okuwçylaryň başarnyklaryna görä guralýar. 5-nji synpdan başlap, iňlis dilindäki dersleriň sany has-da artdyrylýar. Çagalaryň ygtyýarynda uly we kiçi sport zallary hem-de mekdebiň çäklerinde ýerleşdirilen açyk howada futbol, woleýbol, basketbol, ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, şeýle hem sport ýaryşlaryny geçirmäge niýetlenen döwrebap sport meýdançalary işjeň hereket edýär. Mundan başga-da, mekdebiň okuw-tejribe zolagynda howanyň ýagdaýyny synlamak üçin meteorologiýa stansiýasy hem-de meýdany 250 inedördül metr bolan ýyladyşhana bar.

Astrahanyň «Beýik Pýoter» gämisi Hazar deňzi boýunça syýahatçylyga başlar

Astrahan sebitinde «Beýik Pýoter» atly häzirki zaman gämisiniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Ol 2024-nji ýylda Hazar deňzi boýunça syýahatçylyga başlar. Ýolagçylaryň syýahat etmegi üçin niýetlenen bu gämi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda-da durup geçer. Bu barada 23-nji awgustda Balkan welaýatynyň häkiminiň Russiýanyň Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda aýdyldy. Öz gezeginde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Seýitguly Baýseýidow häzirki wagtda türkmen portunda «Beýik Pýoter» gämisini garşy almak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde işlenilýändigini aýtdy.

“Belavia” awiakompaniýasynyň bilet satuwynda bökdençlik bolmaz

“Belavia” awiakompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň ulgamynyň täzelenmegi bilen baglanyşykly biletleriň satuwynda hiç-hili bökdençlik bolmaz. Ýakynda Belarus döwletiniň awiakompaniýasy 1-nji sentýabrdan başlap, birnäçe goşmaça hyzmatlary bes edýändigi hakynda habar ýaýradypdy. Şonda mälim edilişi ýaly, bes edilýän hyzmatlar uçar gatnawynda ýer saýlamak, goşmaça ýük we sport enjamlaryny alyp gitmek mümkinçiligini aradan aýyrmagy mümkin.

Türkmenbaşy - Gyzylsuw gämili deňiz gatnawyna biletleriň bahasy arzanladyldy

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty 1-nji sentýabrdan Türkmenbaşy - Gyzylsuw aralygyna gämi gatnawlaryna biletleriň bahalaryny arzanlatdy. Bu deňiz ugruna gatnawlar "Çarlak" we "Rowaç" ýolagçy gämileri arkaly amala aşyrylýar. "Çarlak" gämisinde degişli ugra bir tarapa biletiň bahasy 20 manatdan 15 manada çenli arzanladyldy. Bu gämide ýapyk we açyk oturylýan ýerlerde barmaly ýerlerine baryp bilerler. Gämi günde Gyzylsuwa 11:00-da ýola düşüp, yzyna 13:30-da gaýdýar.

Jümle-jahan habarlary

185 metr belentlikdäki rekord Sleklaýning sporty boýunça üç gezek dünýäniň çempiony bolan Ýan Ruz 185 metr belentlikde çekilen urganyň üstünden ýöräp geçip, täze dünýä rekordynyň eýesi boldy. Ol Kataryň paýtagty Doha şäherindäki «Katar Tauers» diýlip atlandyrylýan beýik binalarynyň arasynda çekilen urgan boýunça 150 metr aralygy ýöräp geçmegi başardy. Onuň üstünden ýörän urganynyň ini bary-ýogy 2,5 santimetre barabardy. Bu howply synagyň hötdesinden gelmegi başaran Ruz öz netijesine guwanýar. Sportuň bu täsin görnüşiniň tapawutly tarapy sleklaýn urganynyň darwazçylaryň tanap ýüpi ýaly däl-de, maýyşgak görnüşde bolmagydyr.

Meşhur söwda merkezleri

Döwrebap desga 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň golaýynda «Türgen» söwda merkezi açyldy. Toplum iki gatdan ybarat bolup, onuň birinji gatynda azyk önümleriniň, ikinji gatynda bolsa sport, senagat we hojalyk harytlarynyň dürli görnüşleri bar. Söwda bölümleri marketiň düzgünlerine we hyzmatyň döwrebap ugrunyň talaplaryna laýyklykda ýerleşdirilen. Bu bolsa, alyjylar üçin amatly şertleri döredýär. Galyberse-de, tölegler alyjynyň islegine görä nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar.

Türkmenistan Kamboja göni uçuşlary amala aşyrýan Merkezi Aziýada ilkinji ýurt bolmagy maksat edinýär

Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen ýurdumyzyň Kamboja göni uçuşlary ýola goýmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Maşalow Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyna göni uçuşlary amala aşyrýan Merkezi Aziýada ilkinji ýurt bolmagy maksat edinýändigini habar berdi.

Awgustyň başynda Türkmenabadyň howa menziline daşary ýurt awiakompaniýalarynyň 2 uçary tehniki gonuşlary ýerine ýetirdi

Awgust aýynyň başynda daşary ýurt kompaniýalarynyň uçarlary Türkmenabat halkara howa menziline tehniki gonuşlary amala aşyrdylar. 3-nji awgust gijesinde «MNG airlines» kompaniýasynyň (Türkiýe) A-330 uçary Türkmenabat halkara howa menziline tehniki gonuşy ýerine ýetirdi.

Awaza — halkara hyzmatdaşlygyň mekany

Döwlet Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soň, ýurdumyzyň syýasy-geografik kartasynda ençeme täze atlar, şertli belgiler köpeldi. Şolaryň iň naýbaşylarynyň biri hem gojaman Hazar deňziniň kenarynda dörän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagydyr. Ylmy çeşmelere salgylansak, şeýle-de ýerli halkyň gürrüňini diňlesek, «Awaza» sözüniň «owaz edýän tolkunlar» manysyny aňladýandygyny bilmek bolýar. Hakykatdan hem, Awazanyň tolkunlarynyň çalýan heňi tebigy simfoniýanyň owazydyr. Taryha ýüzlensek, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «terjimehaly» Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň 2007-nji ýylyň maý aýyndaky duşuşygyndan başlanýar. Şonda Gahryman Arkadagymyz: «Biz Hazaryň kenarynda peýda boljak milli syýahatçylyk zolagyna «Awaza» adyny berdik» diýipdi. Şonda milli syýahatçylyk pudagyny dünýä derejesine ýetirmegiň başlangyjy öz gözbaşyny tapypdy.

Täsinlikler äleminde

Uly göwrümli ulag Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň awtoulag öndüriji «Cadillac» kompaniýasy golaýda «Cadillac Escalade IQ» atly uly elektrik awtoulagy bilen tanyşdyrdy. Internet maglumatlaryna görä, ulag uly göwrümli bolup, uzynlygy 5,7 metre barabardyr. «Cadillac Escalade IQ» elektrik ulagy 689 at güýje eýe bolup, iki sany elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edilendir. Awtoulag sagatda 100  kilometr tizlige barabar bolup, zerur bolan tizlige 5 sekuntda çykyp bilmegi ulagyň täsin aýratynlyklarynyň biridir. Bu äpet awtoulagyň elektrik ätiýaçlyk kuwwaty 724 kilometr töweregidir.

Awaza — medeniýetli dynç alşyň parlak geljegi

Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda halkara derejedäki şypahanany döretmek baradaky başlangyç ilkinji gezek üç döwletiň — Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Baştutanlarynyň 2007-nji ýylyň maýynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen sammitinde öňe sürlüpdi. Bu başlangyç Gahryman Arkadagymyza degişlidir. Şonda dünýä jemgyýetçiligi dynç alşyň we syýahatçylygyň halkara ulgamynyň gurluşygynyň başlanan ýeriniň — Awazanyň adyny, megerem, ilkinji sapar has joşgunly eşidipdi. Sammitden iki aý geçenden soňra — 21-nji iýulda Hazaryň kenaryna görk berip oturan «Serdar» myhmanhanasynda onlarça daşary ýurtly iri gurluşyk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geljekki kenarýaka dynç alyş zolagynyň tanyşdyrylyş dabarasy guralypdy. Maketlerde we wideoşekillerde görkezilen 7,5 million inedördül metr meýdany tutýan gurluşyklaryň taslamalary halkymyzda eýýämden Awazanyň täze, has ösen geljegine ynam döredipdi. Bu ýöne ýere däldi. Eýýäm şol ýylyň sentýabrynda bu ýerde ilkinji gezek halkara forum geçirilipdi. Şeýlelikde, Awazanyň täze taryhy eýýamy başlapdy... Syýahatçylyk ugurlarynyň geografiýasyny, onuň köpdürlüligini giňeltmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmek, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, pudak üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, maglumat-mahabat işini güýçlendirmek arkaly içerki we daşarky bazarlarda ý

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kazan — Aşgabat ugrundaky uçuşlaryň täzelenen tertibini hödürledi

Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentligi 2023-nji ýylyň 8-nji awgustynda güýje girjek Kazan — Aşgabat ugrundaky uçuşlaryň täzelenen tertibini hödürledi. Uçuş tertibi boýunça her howa menzili üçin ýerli wagt görkezilýär.

Deňizde

- Gün şöhlesiniň ýiti düşýän wagtynda suwa düşmekden saklanmaly. - Kenardan uzakda, çuň ýerlerde, güýçli tolkunlar dörände, ýel turanda suwa düşmeli däl.

Meşhur köprüler

Äpet geçelge «Öresund» köprüsi dünýäniň meşhur geçelgeleriniň biridir. Ol Şwesiýa bilen Daniýanyň arasyndaky Öresund bogazyndan geçýän iki zolakly demir ýoldan we dört zolakly awtomobil ýolundan ybaratdyr. Bu köpri Ýewropadaky demir ýol we awtomobil ulaglary üçin niýetlenen iň uly köpri bolup, ol iki gatdan ybaratdyr. Köpriniň diregleriniň beýikligi 204 metre barabardyr. Köpriniň umumy uzynlygy 7845 metr bolup, bu Şwesiýa bilen Daniýanyň arasyndaky ýoluň, takmynan, ýarysyna deňdir. Onuň beýikligi deňiz derejesinden 57  metr beýiklikde ýerleşýär. Äpet köpri bogazyň ýarysynda gutaryp, ol deňziň aşagyndaky tunel bilen birleşýär.