Jahanyň täsin bilim ojaklary

30 Awgust 2023
1299

Döwrebap şertler nesilleriň hyzmatynda

Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ajaýyp künjeginde ýerleşýän 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebi okuwçylaryň bilimini artdyrmaga gönükdirilen döwrebap şertleriň ählisini özünde jemleýär. Ýöriteleşdirilen toplumda innowasion taýdan okatmagyň konsepsiýasyna laýyklykda, taýýarlaýyş toparyndan başlap, esasy dersler bilen bir hatarda, türkmen, iňlis we rus dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Goşmaça okuwlar okuwçylaryň başarnyklaryna görä guralýar. 5-nji synpdan başlap, iňlis dilindäki dersleriň sany has-da artdyrylýar. Çagalaryň ygtyýarynda uly we kiçi sport zallary hem-de mekdebiň çäklerinde ýerleşdirilen açyk howada futbol, woleýbol, basketbol, ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, şeýle hem sport ýaryşlaryny geçirmäge niýetlenen döwrebap sport meýdançalary işjeň hereket edýär. Mundan başga-da, mekdebiň okuw-tejribe zolagynda howanyň ýagdaýyny synlamak üçin meteorologiýa stansiýasy hem-de meýdany 250 inedördül metr bolan ýyladyşhana bar.

Taýýarlan Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.