Awaza — medeniýetli dynç alşyň parlak geljegi

11 Awgust 2023
925

Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda halkara derejedäki şypahanany döretmek baradaky başlangyç ilkinji gezek üç döwletiň — Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Baştutanlarynyň 2007-nji ýylyň maýynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen sammitinde öňe sürlüpdi. Bu başlangyç Gahryman Arkadagymyza degişlidir. Şonda dünýä jemgyýetçiligi dynç alşyň we syýahatçylygyň halkara ulgamynyň gurluşygynyň başlanan ýeriniň — Awazanyň adyny, megerem, ilkinji sapar has joşgunly eşidipdi. Sammitden iki aý geçenden soňra — 21-nji iýulda Hazaryň kenaryna görk berip oturan «Serdar» myhmanhanasynda onlarça daşary ýurtly iri gurluşyk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geljekki kenarýaka dynç alyş zolagynyň tanyşdyrylyş dabarasy guralypdy. Maketlerde we wideoşekillerde görkezilen 7,5 million inedördül metr meýdany tutýan gurluşyklaryň taslamalary halkymyzda eýýämden Awazanyň täze, has ösen geljegine ynam döredipdi. Bu ýöne ýere däldi. Eýýäm şol ýylyň sentýabrynda bu ýerde ilkinji gezek halkara forum geçirilipdi. Şeýlelikde, Awazanyň täze taryhy eýýamy başlapdy...

Syýahatçylyk ugurlarynyň geografiýasyny, onuň köpdürlüligini giňeltmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmek, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, pudak üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, maglumat-mahabat işini güýçlendirmek arkaly içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň syýahatçylyk önümçiliginiň ösüşini gazanmak häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan işleriň esasy ugry bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň syýahatçylyk ulgamyndaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň özeninde Milli Liderimiziň başlangyjy netijesinde işlenip taýýarlanan we oňyn dünýä tejribesine, Türkmenistanyň mynasyp hem çynlakaý hyzmatdaş hökmünde ählumumy bazara goşulyşmagyna gönükdirilen düýpli başlangyçlary, pudagy ösdürmäge badalga beren binýatlyk işleri ýatyr. Bu binýat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da pugtalandyrylýar. Iş ýüzünde üsti ýetirilýär. Netijede, bu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy türkmenistanlylaryň we daşary ýurtly myhmanlaryň dynç alýan, saglygyny dikeldýän mekanyna, halkara forumlaryňdyr ýokary derejedäki gepleşikleriň geçirilýän merkezine, dynç alyş döwürlerinde bagtyýar çagalaryň şadyýan gülküleriniň ýaňlanýan mesgenine öwrüldi. Çünki bir döwürler, hatda Garaşsyzlygymyzyň ilkinji onýyllygynda-da dynç almak, deňziň jana şypaly suwuna düşmek üçin bassyrmalaryň kölegeleri, başly-barat gurlan, hiç hili şerti bolmadyk wagtlaýyn jaýlar, tüweleýläp ýatan kenar bilen oňňut edilen bu ýerlerde indi gözüňi dokundyrýan myhmanhanalar, sagaldyş-dynç alyş merkezleri, kottejler toplumlary, seýilgähler, söwda merkezleri... seleňläp otyr. Häzirki döwürde Awaza bu ýere dynç almaga gelýänleriň birbada müňlerçesini kabul edip, olara iň kämil derejede hyzmat edýär. Bu gün iş sapary, syýahatçylyk, işewürlik, täjirçilik... maksady bilen Türkmenistana gelýän daşary ýurtlularyň islendigi gysga wagtlyk-da bolsa, Awazada dynç almagyň arzuwynda. Bu gün dünýä jemgyýetçiliginde Awazanyň ady ýygy-ýygydan gaýtalanýar.

Ysmaýyl TAGAN.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar