Türkmen-german dialogy: tagallalary milli we sebit bähbitlerine gönükdirip

6 Sentýabr 2024
74

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýä üçin açykdyr. Biziň ýurdumyz dünýäniň islendik gyzyklanma bildirýän döwleti bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunda Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady taýdan iň kuwwatly ýurdy hasaplanýan Germaniýa bilen hyzmatdaşlyga hem aýratyn orun degişlidir. Geçen 32 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türkmen-german gatnaşyklary ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli ösdürilip, häzirki wagtda ony has-da çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirilýär. Biz hem Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd HAÝNS bilen gürrüňdeş bolup, hyzmatdaşlyk ýyllarynda toplanan tejribeler, onuň geljekki maksat-meýilleri barada söhbet etdik.

— Jenap Bernd Haýns, siz bir aýdan gowrak ozal GFR-iň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenildiňiz we hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdyňyz. Sizi jogapkärli wezipede işe başlamagyňyz bilen gutlap, söhbedimiziň başynda okyjylarymyza özüňiz barada gysgaça gürrüň bermegiňizi haýyş edýäris.

Söhbetdeş bolan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar