Demokratiýanyň belent nusgasy

6 Sentýabr 2024
74

Agzybirlik we jebislik biziň jemgyýetimiziň esasy gymmatlyklary, döwlet berkararlygymyzyň synmaz sütünleri bolup, ýurdumyzda uly ösüşleriň gazanylmagynda, halkymyzyň bähbitlerine, röwşen geljegine gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Döwletimiziň binýatlaýyn esaslaryny has-da berkitmekde beýik işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyz durnukly ösüşe eýe bolup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu ugurdaky işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulyndaky Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmegi möhüm wezipeleriň hatarynda belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi. Oňa laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar