Kazan şäheriniň Halkara howa menzilinde ýolagçylaryň dynç almagy üçin futurist äheňinde bezelen şahsy kapsula otaglary peýda boldy. Olar ýolagçylara uçuş wagtyna çenli rahat we oňaýly dynç almagyna şert döreder.
Eger-de saý-sebäp bilen uçaryň uçuş wagty gijikdirilse, ýolagçy garaşmak we dynç almak üçin 7 (977) 493-28-35 belgisine jaň etmek arkaly öňünden dynç alyş kapsulany öňünden bronlap ýa-da Kazanyň howa menziliniň “Air Lounge” ýazgyly ýerine barmak arkaly kapsulalary kireýine alyp bilerler. Bu barada howa menzili habar berýär.