Döwlet Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soň, ýurdumyzyň syýasy-geografik kartasynda ençeme täze atlar, şertli belgiler köpeldi. Şolaryň iň naýbaşylarynyň biri hem gojaman Hazar deňziniň kenarynda dörän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagydyr. Ylmy çeşmelere salgylansak, şeýle-de ýerli halkyň gürrüňini diňlesek, «Awaza» sözüniň «owaz edýän tolkunlar» manysyny aňladýandygyny bilmek bolýar. Hakykatdan hem, Awazanyň tolkunlarynyň çalýan heňi tebigy simfoniýanyň owazydyr.
Taryha ýüzlensek, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «terjimehaly» Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň 2007-nji ýylyň maý aýyndaky duşuşygyndan başlanýar. Şonda Gahryman Arkadagymyz: «Biz Hazaryň kenarynda peýda boljak milli syýahatçylyk zolagyna «Awaza» adyny berdik» diýipdi. Şonda milli syýahatçylyk pudagyny dünýä derejesine ýetirmegiň başlangyjy öz gözbaşyny tapypdy.