"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Diýarymyz polşaly suratkeşiň eserlerinde

Düýn Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan sergi «Türkmenistan polşaly suratkeşiň gözi bilen» diýlip atlandyryldy. Sergide Polşa Respublikasynyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Ioanna Galeskanyň 25 sany nakgaşlyk we grafika eserleri görkezilýär. Olaryň arasynda suratkeşiň «Gyzyl suwuň ýanynda», «Bebži derýasynyň peýzažlary», «Aşgabat bazary», «Felisiýanyň topragy», «Günler we gije» ýaly eserleri bar. Ioanna Galeska dünýäniň köp ýurtlarynda öz şahsy sergilerini yzygiderli guraýar. Ol biziň ýurdumyzda hem öz eserleriniň ilkinji sergisini 2001-nji ýylda gurady. Onuň döreden eserlerinde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, milli gymmatlyklary hem däp-dessurlary dürli reňk öwüşginleriniň sazlaşygynda beýan edilýär. Aýratyn bellemeli tarapy: onuň pastel usulynda döreden eserlerindäki her bir keşp dürli reňkleriň üsti bilen düzülipdir. Suratkeşiň eserlerinde türkmen gelin-gyzlarynyň wasp edilişi bolsa has-da haýrana goýýar.

«Şükür bagşynyň» Täjigistandaky pursatlary

Kinorežissýor Bulat Mansurowyň meşhur «Şükür bagşy» çeper filminiň käbir pursatlary doganlyk Täjigistanyň paýtagty Duşenbeden 40 kilometr uzaklykda ýerleşýän Mawzana obasynda surata düşürilýär. Ol görnüş Şükür bagşy bilen Gulam bagşynyň çekeleşikli bäsleşigini şöhlelendirýär. Şeýle-de ussat kompozitor Nury Halmämmedow tarapyndan sazy ýazylan bu filmiň soňunda Täjigistanyň dolup-daşýan Wahş derýasy görkezilýär.

Polşaly suratkeşiň gözi bilen

Türkmen tebigatynyň aşygy

Gobelençi suratkeş Wiktor Kozlow ömür örki Türkmenistan bilen bagly diýilýän adamlaryň biridir. Bereketli türkmen topragynda ýaşan ussat suratkeşiň dürli ýyllarda döreden gobelen eserleri milliligi bilen ünsüňi özüne çekýär. Munuň özi onuň güneşe baý ýurdumyzy çäksiz söýenligi hem-de milli däp-dessurlarymyzdan düýpli baş çykaranlygynyň aýdyň subutnamasydyr.

«Türkmenistan polşaly suratkeşiň gözi bilen» atly serginiň açylyş dabarasy boldy

Şu gün — 3-nji awgustda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Polşa Respublikasynyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Joanna Galeçkanyň «Türkmenistan polşaly suratkeşiň gözi bilen» atly sergisiniň açylyş dabarasy boldy.

ARKADAG ŞÄHERI ― MEDENIÝETIŇ WE SUNGATYŇ MEKANY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:  ―Gözelligi we döwrebaplygy bilen dünýäniň ünsüni özüne çekjek Arkadag şäheri halkara sport hem-de medeni çäreleriň, toý-tomaşalaryň, dabaralaryň, festiwallaryň geçirilýän şäheri bolar.Bu işleriň has giň gerimde wagyz edilmegini gazanmak bolsa döredijilik adamlarynyň paýyna düşýär.

TÜRKMEN SUNGATYNYŇ PARLAK ÝYLDYZY

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa bilbil owazy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň milli medeniýetine egsilmez goşant goşan ussatlaryň biridir. Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa bilbil owazy bilen ençeme aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirip, agzybirligi, parahatlygy şirin owazy bilen äleme ýaýdy. Ussat opera aýdymçysy Maýa Kulyýewa «Zöhre-Tahyr», «Leýli-Mežnun», «Şasenem-Garyp», «Abadan», «Aýna» ýaly operalarda baş gahrymanlaryň keşplerini ýatda galyjy we ynandyryjy janlandyrmagy başaryp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Ýadymda, 2012-nji ýylda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Zöhre-Tahyr» operasy görkezildi. Halypa artistler bu opera tomaşaçy hökmünde gatnaşyp, ýaş artistleriň çykyşlaryny diňlediler. Ussat halypalar opera tamamlanandan soňra, özlerinde galan täsirler dogrusynda çykyş edip, ýaşlara bolan guwanjyny beýan etdiler. Şol duşuşyga gatnaşyp, Maýa Kulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Ene Baýramberdiýewa ýaly ägirtler bilen ýakyndan tanyşmak bagtyna eýe bolanymy men ömrümiň iň bir ajaýyp pursady hökmünde ýatlaýaryn. Dabaraly duşuşykdan soňra gujagy elwan güllerden doly halypa ussatlarymyz teatryň gapysyna ýöneldiler. Men ol gülleri halypalaryň öýüne äkidişmäge ýardam etmäge isleg bildirdim. Bu sözüme mähriban käbämi ýatladyp duran ussatlarymyz diýseň hoşal boldy. Men ol

Kö­ňül gö­zel­li­gi — sun­ga­tyň ör­ki

Sungat ojagynda her bir taplanan zehin bu sözbaşynyň manysynyň giňligini aňlasa gerek. Çünki köňlüň gözelligi — ömrüň zynaty. Sungat halypasynyň bu giň dünýä meňzeş gursagyndaky zehini bolsa asla-asla tükenerli däl. Oňa zehin ylahydan berlen. Şondan bolsa gerek, ol tebigatyň täsin künjeklerine barsa, ep-esli wagtlap dymyp durýar-da, soňam birden serine ornaşan görnüşlerini çalasynlyk bilen kagyza ýa kendire geçirýär. Hawa, «Söhbeti edilýän beýle zehin kimkä?» diýýän bolmagyňyz mümkin. Oňa Çarymyrat Ýazmyradow diýýärler. Sungat dünýä ýaly giň, ummanlar ýaly joşly. Sungatyň jadyly dünýäsine aralaşaýmak her kese eýgerdibem duranok, dogrusy. Köňlüňde baryny şekile geçirip, galamyň güýjüni sungatsöýer köňüllere ýetirmek diňe guýmagursak zehini bolan kişä başardýan hysyrdyly iş. Suratkeşiň eseriniň diline düşünen adama bolsa gyzykly ruhy syýahat garaşýar. Şol syýahat her bir sungat muşdagyna çäksiz kanagatlanma duýgusyny bagyş edýän bolsa, suratkeşiň öz göwnüne uçursyz joşguny guýýan güýje eýedir. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradowyň döredijiligi hakyndaky söhbedimize onuň hyýalbentlikden bina bolan eserlerine özboluşly syn hem tarypnama diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Ilki bilen, suratkeşiň döredijilik ýoly hakynda durup geçmekligi dürs hasapladyk. Çarymyrat Ýazmyradow 1975-nji ýylyň 19-njy awgustynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Baýraç

Yk­ba­lyň yba­da­ty

Ynsan ömrüne ybadat edilmeli närseler duş bolsa, onda her kişi şony bagtdan alamat saýmaly. Çünki ýagşylyga we zehine, sungata, halal zähmete edilen ybadat hem-de ybadatly ykbal ynsany ümmülmez abraýa we şöhrata eýe edýär. Onsoňam ybadat edilen haýyrly zat gowy pursatlary ömre hünji kimin düzüp, ony ýalkawa duş edýär. Heniz çagaka oba arygynyň başynda deň-duş oglanlary bilen balyk tutmagy höweslän ýigit balykçy bolmak üçin ümsümligiň hökmanydygyny bilse-de, birdenkä aýdyma zowladyp, diňe bir balyklary däl, ony tutmagyň küýüne düşüp, dünýäni unudan deň-duşlaryny tisgindirip goýbererdi. Şol wagt geň hem gülkünç ýagdaýy döretse-de, soňabaka şol aýdyma zowlatmalardan başlanan ykbal akabasy ony has ullakan at-abraýyň eýesi etdi. Ýognas sesi bilen sapak aýdanda-da mugallymlaryny we synpdaşlaryny ünsli diňledip bilýän ýigidiň okuwa ýetişiginiň nusgalyk bolandygyny onuň okan Boldumsaz etrabynyň 4-nji (öňki 26-njy) orta mekdebinde buýsanç bilen ýatlaýarlar.

Hünärli elleriň ajaýyp sungaty

Türkmen halky dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň biridir. Türkmeniň guran döwletleriniň her biri öz döwrüniň iri döwletleri bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, ösen medeniýeti we sungaty bilen taryhda yz galdyrypdyr. Gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalýan, öz nepisligi, mizemez owadan öwüşginliligi bilen tapawutlanýan palas, kilim, halydyr keçelerimiz medeni mirasymyzyň naýbaşy nusgalary hasaplanýar. Aslynda-da, gadymy çarwaçylyk jemgyýetinde, ilki bilen, iň sada hünärler özleşdirilýär. Birinji keçe basmak, palas, kilim kakyp dokamak, soň bolsa çitimli haly dokamak usuly döredilýär. Öýdäp kilim kakmak, nagyş salyp palas dokamak däbi Türkmenistanyň ähli künjeklerinde giňden ýaýrandyr. Palaslar hem halylar ýaly, esasan, öýleriň içine ýazmak üçin düşek hökmünde ulanylýar. Ýakyn Gündogar ýurtlarynda dokalan palas zolaklary bilen çadyrlary, ýagny ýaşaýyş öýlerini örtüpdirler. Türkmenistanyň çäklerinde ýüňden we beýleki ýüplüklerden dokalan kilimiň halydan tapawudy — ýüz tarapynyň çitimsiz, tekiz we gaty bolmagy hem-de dürli nagyşlar bilen bezelmegidir.

Zehinli bagşy-sazandalar saýlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda guralan dabara welaýatyň etrap-şäherlerinde deslapky gözden geçirilişde öňe saýlanan bagşylaryň 10-sy, sazandalaryň hem şonçasy gatnaşdy. Mukaddes ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk toýuna bagyşlanyp, baý many-mazmunda geçirilen bäsleşik milli aýdym-saz muşdaklaryna ýatdan çykmajak tolgundyryjy pursatlary peşgeş berdi. Milli öwüşginli, owadan sahnada ýerine ýetirilen aýdym-sazlary diňlemek diýseň ýakymly boldy. Bagşy-sazandalar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, türkmen halk aýdym-sazlaryny, mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerini ýerine ýetirmekde zehin-başarnyklaryny ýaýyp, halypa-şägirtlik ýörelgesini mynasyp dowam etdirýändiklerini aýan etdiler. Toý öwüşginli sahnanyň ruhubelentligini goşalandyran çykyşlar welaýatda milli saz sungatynyň ösmegine, gadymy senedimiziň baýlaşmagyna goşant goşýan zehinleriň az däldigine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Bäsleşikde aýratyn tapawutlanan bagşylar — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ikinji ýyl talyby Merdan Baýramgeldiýew, welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Nurberdi Gulow (Türkmenistanyň halk artisti N.Gulowyň at dakyla

Sirk sungaty ussatlara başardýar

Ýurdumyzda russiýaly sirk artistleriniň tomaşalary guralýar Şu günler paýtagtymyzda Russiýanyň döwlet sirkiniň, Wernadskiý şaýolundaky Moskwanyň uly döwlet sirkiniň hem-de Nikuliniň Swetnoý bulwardaky Moskwa sirkiniň artistleriniň tomaşalary yzygiderli guralýar. Şowhunly çykyşlar çagalaryň tomusky dynç alyş döwrüniň gyzykly, täsirli geçmegi, uly ýaşdaky ildeşlerimiziň bolsa medeniýetli, rahat dynç almagy üçin uly mümkinçilik döredýär. Russiýaly artistleriň Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkindäki çykyşlary hem özboluşly häsiýete eýe boldy.

«Söz — jahanda bir at bolar»

Söz halk paýhasynyň durnukly ösüşi arkaly jemgyýetçilik durmuşynyň gymmatlyklary bilen üsti ýetirilip, kämilleşip durýan taryhy häsiýete eýedir. Häzirki edebi sözleýşiň esasyny goýan, söz medeniýetiniň taryhyna uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda bu aýratynlyklary aýdyň görmek bolýar. Sözleriň döreýşi, gelip çykyşy, taryhy, many aýratynlyklary dil biliminiň leksikologiýa bölüminde öwrenilýär. Beýik dana Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny köptaraply öwrenmek boýunça ylymda wajyp derňewler alnyp barlyp, akyldaryň döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmekde maksatnamalaýyn we toplumlaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ähli yklymlaryndaky halklaryň wekillerine tanyş bolan hem-de dünýä edebiýatynyň çeperçilik sungatynyň ösmegine uly goşant goşan akyldaryň nusgalyk ady Watanymyzyň dolandyryş-çäk birlikleriniň düzüminde ýerleşýän döwlet edaralarynyň, geografik gurşawyň dürli ilatly nokatlarynyň, taryhy-durmuş maksatly desgalaryň, binalaryň, tapawutlandyryjy döwlet sylaglaryň nyşanlarynyň köp görnüşlerinde duş gelýär. Magtymguly Pyragy ylmyň we medeniýetiň rowaçlanmagyna uly badalga beren görnükli şahsyýet, milli jemgyýetçilik gymmatlyklaryň kämilleşmegi üçin köp zähmet siňdiren meşhur şahyr, çeper söz senediniň tanymal we iň uly ussat wekili hasap edilýär. Bu nusgalyk ynsanyň adynyň aňladýan manylary köpimizde gyzyklanma döredýär. Adam atlary bilen

Kompozitor Weli Ahmedow

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine Türkmen kompozitorlarynyň arasynda çagalar durmuşy bilen baglanyşykly birnäçe aýdymdyr sazlary döreden saz sungatynyň wekili, belli kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti Weli Ahmedowdyr.

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Täsirli şekilleri kagyza geçirmegiň özboluşly hysyrdysy, kynçylygy bar. Onuň üçin ýiti zehin, ukyp-başarnyk, irginsiz yhlas gerek. Ine, dürli reňkleriň üsti bilen täsin şekilleri kagyz ýüzünde şöhlelendirýän jigilerimiziň çeken suratlaryny synlanymyzda, olaryň özboluşly zehine, ukyp-başarnyga eýedigine göz ýetirýäris. Biz «Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi» atly sahypamyzyň bu gezekki sanynda Mary şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň bize çekip ýollan suratlaryny size hödürlemegi makul bildik.

Buýsançnama

Sazy: Aýläle GulmuradowanyňkyGoşgusy: Akmyrat Muhadowyňky

Owazlar ýaňlandy şirwan perdeden

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň welaýatymyz boýunça jemleýji tapgyry milli aýdym-saz sungatyna höwesli ýaşlaryň barha köpelýändigini aýdyň görkezdi. Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen bagşy-sazandalar gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamyny nusgalyk ösüşlere besläp, naýbaşy derejä çykarýan hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalaryndan, taýsyz tagallalaryndan ruhlanan ýaş bagşy-sazandalar bäsleşige has taýýarlykly gelipdirler. Olar bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, türkmen halk aýdymlaryny hem-de halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Dutara dil bitiren

Aýdym-saz adam kalbyny heýjana getirýän wakalary owaz üsti bilen beýan edýän gudrat. Bu gudratyň erkini ele almak üçin sazanda ylahy zehin, zähmet, joşgun, kärine bolan tükeniksiz söýgi zerurdyr. Biziň gürrüňini etjek bolýan ussadymyz durmuşda saýhally, salyhatly sazanda. Ýöne onuň dutaryny eline alansoň edýän çalasyn hereketleri, dutardan alýan owazlary, dutar bilen bitewileşip, bir owaz toplumyna öwrülip bilişine haýran galýarsyň. Ol ussatlardan tälim alyp saz ýerine ýetirijilik sungatynda öz ýoluny tapan ägirtleriň biri, meniň halypam Çary Täçmämmedowdyr.

Halypalaryň nusgalyk ýörelgesi

Milli aýdym-saz sungatynyň döräp, kämilleşip, nesillerden-nesillere geçip gelmeginde halypa-şägirtlik milli ýol-ýörelgesiniň ähmiýeti uludyr. Hut şu milli ýörelge, diňe bir sungatyň däl, eýsem, her bir hünäriňem halypadan şägirde geçmek arkaly dowam etdirilendigi bu gün biziň her birimiz üçin nusgadyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu milli ýörelge has-da dabaralanýar. Biz hem halypalarymyzdan öwrenen bilimlerimizi öz talyplarymyza öwretmegi borç hasaplaýarys.

Halypa-şägirtlik ýoly

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz: «Her bir şägirt beýik halypadan ak pata alyp bilmändir. Halypalar diňe örän ýokary ynam bildiren şägirtlerine pata beripdirler. Bu örän ýokary derejeli ruhy-ahlak mekdebi bolupdyr» diýip, halypa-şägirtlik ýolunyň ähmiýetini nygtap, ony ýaş nesliň terbiýe mekdebi hökmünde dowam etdirmelidigini ündeýär. Taryha ser salanyňda, edep-terbiýe bermegiň baş ýörelgesini özünde jemleyän bu mekdebiň ähmiyetini ýüze çykarýan ençeme maglumatlar bar. Milli däplerimize ýokary sarpa goyulýan häzirki döwrümizde hormatly Prezidentimiziň halypa-şägirtlik yoluna aýratyn ünsi gönükdirmegi netijesinde, bu mekdebiň terbiýeçilik gymmaty uly gyzyklanma bilen öwrenilýär. Taryhy hakydada halypalarynyň ak patasyna mynasyp bolan şägirtler hakyndaky rowaýata öwrülen wakalar örän köpdür.