Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz: «Her bir şägirt beýik halypadan ak pata alyp bilmändir. Halypalar diňe örän ýokary ynam bildiren şägirtlerine pata beripdirler. Bu örän ýokary derejeli ruhy-ahlak mekdebi bolupdyr» diýip, halypa-şägirtlik ýolunyň ähmiýetini nygtap, ony ýaş nesliň terbiýe mekdebi hökmünde dowam etdirmelidigini ündeýär.
Taryha ser salanyňda, edep-terbiýe bermegiň baş ýörelgesini özünde jemleyän bu mekdebiň ähmiyetini ýüze çykarýan ençeme maglumatlar bar. Milli däplerimize ýokary sarpa goyulýan häzirki döwrümizde hormatly Prezidentimiziň halypa-şägirtlik yoluna aýratyn ünsi gönükdirmegi netijesinde, bu mekdebiň terbiýeçilik gymmaty uly gyzyklanma bilen öwrenilýär. Taryhy hakydada halypalarynyň ak patasyna mynasyp bolan şägirtler hakyndaky rowaýata öwrülen wakalar örän köpdür.