TÜRKMEN SUNGATYNYŇ PARLAK ÝYLDYZY

3 Awgust 2023
473

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa bilbil owazy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň milli medeniýetine egsilmez goşant goşan ussatlaryň biridir.

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa bilbil owazy bilen ençeme aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirip, agzybirligi, parahatlygy şirin owazy bilen äleme ýaýdy. Ussat opera aýdymçysy Maýa Kulyýewa «Zöhre-Tahyr», «Leýli-Mežnun», «Şasenem-Garyp», «Abadan», «Aýna» ýaly operalarda baş gahrymanlaryň keşplerini ýatda galyjy we ynandyryjy janlandyrmagy başaryp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Ýadymda, 2012-nji ýylda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Zöhre-Tahyr» operasy görkezildi. Halypa artistler bu opera tomaşaçy hökmünde gatnaşyp, ýaş artistleriň çykyşlaryny diňlediler. Ussat halypalar opera tamamlanandan soňra, özlerinde galan täsirler dogrusynda çykyş edip, ýaşlara bolan guwanjyny beýan etdiler. Şol duşuşyga gatnaşyp, Maýa Kulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Ene Baýramberdiýewa ýaly ägirtler bilen ýakyndan tanyşmak bagtyna eýe bolanymy men ömrümiň iň bir ajaýyp pursady hökmünde ýatlaýaryn. Dabaraly duşuşykdan soňra gujagy elwan güllerden doly halypa ussatlarymyz teatryň gapysyna ýöneldiler. Men ol gülleri halypalaryň öýüne äkidişmäge ýardam etmäge isleg bildirdim. Bu sözüme mähriban käbämi ýatladyp duran ussatlarymyz diýseň hoşal boldy. Men olary  ulagly öýlerine alyp gitdim. Şol günüň ertesi meni Maýa Kulyýewa öz öýüne myhmançylyga çagyrdy. Maýa daýza meni hut ogly ýaly görüp, çaý başynda öz döredijilik ýolunyň käbir pursatlary barada gyzykly gürrüňleri berdi. Men hem şol gürrüňleriň birini okyjylara ýetirmegi müwessa bildim. Çünki, halypa ussatlarymyzyň her bir sözi, gürrüňi biz –ýaşlar üçin diýseň gymmatly bolup durýar: Ahal welaýatynyň Akdaş aýak obasynda orta mekdepde okap ýörkäm, mende sungata bolan höwes döredi. 1936-njy ýylda bolsa meni Aşgabatdaky Mugallymçylyk mekdebine okuwa kabul etdiler. Bu mekdepde talyp ýaşlara diňe bir umumy bilim berýän dersler geçilmän, dürli görnüşli gurnaklara hem gatnaşdyrylýardy. Şol döwürde men ol mekdebiň hor gurnagyna gatnaşyp, dürli aýdymlary ýerine ýetirýärdim. Bir gün gurnagyň ýolbaşçysy Allanazar Rejebow meniň wokal ugrundan üýtgeşik sesimiň bardygyny aýdyp, ol maňa bu ugurda ýekelikde aýdym aýtmagy tabşyrdy. Ýekelikde aýdym aýtmak bolsa talyp ýaşlaryň hemmesiniň höwesidi. Ýöne ýekelikde aýdym aýtmak horda aýdanyň ýaly däldi, sesiň owazyň aýratyn çykmalydy. Şeýlelikde, men türkmen halk aýdymy «Garybyma» taýýarlyk görüp başladym. Gije-gündiz maý tapsam, aýdymyň üstünde işlärdim. Otagymda ýeke galan pursadym bolsa sesimi has belentden ýaňlandyrardym. Sesim daş-töwerege ýaýraýandyr-da, ýoldan ötüp geçip barýanlaryň käbiri bolýan otagymyň penjiresine seredip, käbirleri bolsa assajadan ýöräp, aýdymymy diňläp geçip giderdiler. Bir gün meniň taýýar eden aýdymymy Allanazar Rejebow uly zalda diňledi. Men ynam bilen aýdyma başladym:

Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,
Murgap etrabynyň Deňizhan şäherçe kitaphanasynyň kitaphanaçysy, TMÝG-niň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar