«Söz — jahanda bir at bolar»

2 Awgust 2023
803

Söz halk paýhasynyň durnukly ösüşi arkaly jemgyýetçilik durmuşynyň gymmatlyklary bilen üsti ýetirilip, kämilleşip durýan taryhy häsiýete eýedir. Häzirki edebi sözleýşiň esasyny goýan, söz medeniýetiniň taryhyna uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda bu aýratynlyklary aýdyň görmek bolýar.

Sözleriň döreýşi, gelip çykyşy, taryhy, many aýratynlyklary dil biliminiň leksikologiýa bölüminde öwrenilýär. Beýik dana Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny köptaraply öwrenmek boýunça ylymda wajyp derňewler alnyp barlyp, akyldaryň döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmekde maksatnamalaýyn we toplumlaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ähli yklymlaryndaky halklaryň wekillerine tanyş bolan hem-de dünýä edebiýatynyň çeperçilik sungatynyň ösmegine uly goşant goşan akyldaryň nusgalyk ady Watanymyzyň dolandyryş-çäk birlikleriniň düzüminde ýerleşýän döwlet edaralarynyň, geografik gurşawyň dürli ilatly nokatlarynyň, taryhy-durmuş maksatly desgalaryň, binalaryň, tapawutlandyryjy döwlet sylaglaryň nyşanlarynyň köp görnüşlerinde duş gelýär. Magtymguly Pyragy ylmyň we medeniýetiň rowaçlanmagyna uly badalga beren görnükli şahsyýet, milli jemgyýetçilik gymmatlyklaryň kämilleşmegi üçin köp zähmet siňdiren meşhur şahyr, çeper söz senediniň tanymal we iň uly ussat wekili hasap edilýär. Bu nusgalyk ynsanyň adynyň aňladýan manylary köpimizde gyzyklanma döredýär. Adam atlary bilen bagly taryhy, edebi sözleriň we tahalluslaryň ýüze çykyşy, aňladýan manylary dil biliminde çuňňur öwrenilýär. Adam atlary nesil dowamatynyň şöhratydyr, ýüzýyllyklaryň janly taryhydyr. Dana şahyr özüniň «Döner» şygrynda:

Dädebaý PÄLWANOW,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.
Beýleki habarlar