"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Kino sungaty — dostluk köprüsi

14-nji oktýabrda Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal açyldy. Bu medeni çäre ýurdumyzyň kino sungatynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändiginiň subutnamasy boldy. Häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimiz we sungatymyz dünýä ýaýylýar. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda sungatyň dürli görnüşlerini ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, sungat işgärleriniň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, ýurdumyzda medeni çäreler, şol sanda halkara derejesindäki çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýakynda Arkadag şäherinde V Wena balynyň we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertiniň geçirilmegi sungatyň dostluk köprüsidigini subut etdi.

Türkmen-Awstriýa dostlugy pugtalanýar

«7/24 tm» № 42 (177) 16.10.2023 Ar­ka­dag şä­he­rin­de V We­na ba­ly we «Gal­ky­nyş» türk­men-awst­ri­ýa sim­fo­ni­ki or­kest­ri­niň kon­ser­ti ge­çi­ril­di

Me­de­ni­ýet we sun­gat

«7/24 tm» № 42 (177) 16.10.2023 meşhur artistler Türk­me­nis­ta­na gel­diler

Halkara festiwallardan hoş habarlar

«Arkadagyň säheri». Ine, şeýle at bilen şu gün ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde halkara kinofestiwal öz işine başlaýar. Türkmen kino sungatynyň taryhynda aýratyn sahypalaryň birine öwrüljek festiwala dünýä döwletleriniň ençemesinden kino ýyldyzlary gatnaşýar. Häzirki döwürde biz öz filmlerimiziň abraýly halkara festiwallarda baýraklara mynasyp bolýan günlerine şaýat bolýarys. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen filmler diňe şu ýylyň özünde, gör, näçe festiwalda, gör, näçe baýraga mynasyp boldular. Hatda türkmen kinoçylary öz ýurdumyzda geçirilýän ilkinji halkara kinofestiwala hem halkara baýrak bilen geldiler.

Dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk köprüsi

11-nji oktýabrda Köpetdagyň ajaýyp tebigy künjeginde ýerleşýän Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk köprüsine öwrüldi.

Zehinli ýaşlar — röwşen geljegimiz

Ýakynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde GDA agza döwletleriň XVII ýaşlar Delfiý oýunlary geçirilip, oňa ýurdumyzdan 20 adamdan ybarat topar gatnaşdy. Türkmenistan döwletimiziň ilkinji gezek wekilçilik eden halkara bäsleşigi Russiýa Federasiýasyndan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan, Azerbaýjandan ýaş zehinleriň 500-den gowragyny bir ýere jemledi. Ýurdumyzyň ýaş zehinleri bäsleşige fortepiano, skripka, estrada aýdymlary, wokal, halk saz gurallary, ýekelikde halk aýdymyny ýerine ýetirmek, şekillendiriş sungaty we çeper senetçilik ugurlary boýunça gatnaşdylar. Bäsleşige ýurdumyzdan saz ugrundan gatnaşan 13 sany ýaş zehinleriň 8-si ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanyp, olaryň 6-sy — iki kümüş, iki bürünç medala hem-de iki sany tapawutlanan diploma mynasyp bolmagy başardy. Çeperçilik ugrundan gatnaşan ýaşlaryň ikisi bolsa surat çekmek boýunça tapawutlanan diploma mynasyp boldy. Biz hem ýaşlarymyza mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edip, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Owaza beslenen şäher

«Wena baly» diýlende, ilki bilen, göz öňüňde frakly ýigitlerimiz we akgara reňkler bilen utgaşyp gidýän nepis köýnekli gyzlarymyz janlanýar. Olar mähir bilen tans edip başlanlarynda bolsa, daştöweregi täsin gözellikler we şahyrana duýgular gurşap alýar. Jübüt oglangyzlaryň sazlaşykly hereketleri seni bendi edýär. Bu tansyň esasy aýratynlygy hem, onuň jübütlikde ýerine ýetirilýänligindedir. Elbetde, islendik tans hereketleriň üsti bilen amala aşyrylýar. Şol hereketi Wena balynda has inçelik bilen duýmak bolýar. Iki ýaş juwanyň mähir bilen ýerine ýetirýän hereketlerinde birekbirege söýgini görmek bolýar. Mähir paýlaýan bu balyň — Wena balynyň öz gözbaşyny geçen asyryň ahyryndan alyp gaýdýandygy aýdylýar. Eger şeýle bolsa, beýleki tanslar bilen deňeşdireniňde, Wena baly ýaş, juwan tanslaryň biri bolup durýar. Sebäbi diňe bir küştdepdi tansymyzy alyp görsegem, onuň ençeme ýüz ýyllyk taryhy, geçen ýoly bar. Bu tansa türkmen halkynda hem uly orun berilmeginiň aňyrsynda Wena balynyň watany hasaplanýan Awstriýa döwleti bilen dostdoganlyk gatnaşyklarymyz durandyr. Çünki şanly Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda, ýagny 2011nji ýylyň 17nji sentýabrynda mermer paýtagtymyz Aşgabatda ilkinji gezek Wena baly geçirilipdi. Ol şol günden bäri iki dostlukly halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň giň gerime eýe bolýandygynyň, türkmenawstriýa hyzmatdaşlygynyň pugtalanýandygynyň aýdyň şaýady bolu

Köpöwüşginli sungat — dostluk köprüsi

Öňňin Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Düýn bolsa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bu orkestriň konserti guraldy. Şowhunly medeni baýramçylykda ýurdumyzyň we Awstriýanyň sungat ussatlarynyň belent owazly aýdymlary ýaňlanyp, tansçy jübütler dürli görnüşli tanslary ýerine ýetirdiler. Olaryň çykyşlary tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Biz awstriýaly myhmanlaryň käbiriniň beren gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Neda BERGER,Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy:

Ussat suratkeşi ýatlap

Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşan medeniýet, sungat işgärleriniň döredijiligine belent sarpa goýulýar. Halkyň hakydasynda uly orun alan şahsyýetleriň biri-de Türkmenistanyň halk suratkeşi, akademik Yzzat Gylyjowdyr. 10-njy oktýabrda ussadyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli Medeniýet ministrligi bilen Suratkeşler birleşiginiň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde suratkeşiň nakgaş hem grafika eserleriniň sergisi açyldy. Öňňin bolsa Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde halk suratkeşiniň ýubileý sergisi we döredijilik mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Arkadagda V Wena baly

Mihael LÝUDWIG,Wenanyň meri we gubernatory:

Ussadyň ussat uçurymlary

Halypa üçin öz ýetişdiren şägirtleriniň üstünligine şaýat bolmak ýaly uly bagt ýok bolsa gerek. Sebäbi halypa şägirdiniň üstünliginde öz senediniň geljekde has kämil derejede dowam etdiriljekdigini görýär. Her bir halypanyň köňül islegi bolan şeýle sözleri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Osman Güjümow hakynda-da aýdyp bileris. Çünki Osman mugallymyň şägirtleri bu günki günde goşa taryň owazyny Diýarymyzyň çar künjünde ýaňlandyryp, halkyň alkyşyna, döredijilik üstünliklerine mynasyp bolýarlar. Golaýda Osman mugallymyň şägirtleriniň dördüsi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginde ýeňiji boldy. Olardan Kerim Nyýazowyň häzirki wagtda biziň ýokary okuw mekdebimiziň 2-nji ýyl talybydygy has-da guwandyryjy. Osman Güjümowyň dürli ýerlerde zähmet çekip ýören şägirtleri Serdar Bäşimow, Akmurat Hoşyýew, Begenç Urpekow hem ýurdumyzda ikinji ýola geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijisi boldular. Watan waspyny şirin owaz bilen ýetirýän şägirtleri ýetişdirmegi ömrüniň manysyna öwren halypa mugallym Osman Güjümowa mundan beýlägem döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.

Sungat maşgalasynyň üstünligi

Ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Riştan şäherinde küýzegärlik senedi boýunça geçirilen halkara bäsleşige amaly-haşam sungaty boýunça ýurdumyzdan ýedi wekil gatnaşdy. 30-a ýakyn döwletden gatnaşan 60-a golaý senetçileriň içinden özüniň ezberligi bilen tapawutlanmagy başaran Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň suratkeşi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, keramikaçy Dilber Umarowa bäsleşikde ikinji orna mynasyp boldy. Suratkeş, sungaty öwreniji Rahman Umarowyň maşgalasy, zehinli keramikaçy Dilber Umarowa bu baýrak Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi, «Sungat» birleşigi we Fergana welaýatynyň häkimligi tarapyndan gowşuryldy. Bu üstünlik Umarowlaryň maşgalasynyň nakgaşlyk, dizaýnerlik ugrundan zähmet çekýän perzentleri bilen bir hatarda sungaty söýüjileri hem buýsandyrdy.

Pyragy we aýdym-saz älemi

Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek, ylmy-amaly maslahatlary, sergileri we beýleki çäreleri geçirmek baradaky başlangyjyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ilimiziň alkyş-senalary ýürekdendir. Çünki Magtymguly Pyragynyň köptaraply döredijiligi milli bagşyçylyk sungatymyza-da uly täsirini ýetirdi. Has dogrusy, türkmen bagşy-sazandasyny Magtymgulusyz, Magtymgulyny bolsa bagşysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Sahy Jepbarow şahyryň dürdäne setirlerini aýdym edip halka ýetirmekde görelde mekdebidir. Ol toý-baýramlarda Magtymgulynyň «Söze myhmandyr» atly goşgusyny pessaý heňde, ýagny «Pelek ömrüm» diýen halk sazynda sanapdyr:

Wena baly

2011-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda ilkinji gezek Wena baly geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin paýtagtymyza Awstriýa Respublikasyndan myhmanlar bilen birlikde Wenanyň esasy saz toparlarynyň biri — professor Wolfgang Harreriň dirižýorlyk etmegindäki «Iogann Ştraus» ansambly geldi. Bu ýyl bolsa Wena baly uly ruhubelentlikde täze sungat şäherinde — Arkadag şäherinde geçirildi. «Wena» bilen «bal» sözi bu günki gün bitewi düşünjä öwrülip gidipdir. Bu ajaýyp şäheriň «Balyň paýtagty» diýip atlandyrylmagy-da ýöne ýerden däl. «Bal» sözi nemesçeden terjime edilende «pökgi» manysyny berýär. Ir döwürlerde Germaniýada pashada oba gyzlary geçen ýyl durmuşa çykan joralarynyň öýlerine baryp, içine ýüň ýa ýelek dykylyp ýasalan pökgi — «bal» sowgat eder ekenler. Oňa derek ýaş maşgala dürli tagamlar taýýarlap, sazanda çagyryp, oba ýaşlary üçin tans agşamyny gurapdyr. Bu şagalaňyň özeninde pökgi (bal) duransoň, soňlugy bilen «bal» sözi «tans agşamy» manysyna eýe bolup gidipdir.

Halypa sarpasy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Türkmenistanyň halk artisti, professor Ýolaman Nurymowyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşýan halypa sazandanyň egindeşleri, kärdeşleri, şägirtleri Ýolaman Nurymowyň ömri we döredijiligi barada gyzykly gürrüň berdiler. Halypa sazandanyň ýerine ýetirijilik ussatlygy, döreden aýdymdyr sazlary hakynda aýratyn durup geçdiler. Dabarada belli bagşylar Şemşat Hojaýewa, Merdan Baýramow, Nepes Meredow, Aýgül Ýagşyýewa, Garýagdy Saryýew we talyp ýaşlar Ýolaman Nurymowyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň we ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň «Türkmenistanym meniň», «Bagtyýar Watan», «Ýaşlyk joşguny», «Watan saňa ýarasam», «Öz ilimiň gara gözli gyzlary» ýaly goşgularyna döreden aýdymlaryny belent heňde ýerine ýetirdiler.

Bagtyýar ýaşlara bagyşlanan sergi

Oktýabr aýynyň 9-14-i aralygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň waspy şekillendiriş sungatynda» atly Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň göçme sergisi we «Magtymguly Pyragy we edebi miras» atly Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitap sergisi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda gurnaldy.

Arkadag şäherinde V Wena baly geçirildi

Eziz Diýarymyzyň Arkadag şäherinde sabyrsyzlyk bilen garaşylan V Wena baly geçirildi. Ýewropa hem-de Aziýa döwletleriniň arasynda meşhur bolan Wena bal tansy biziň ýurdumyzda ilkinji gezek şanly Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk toýy mynasybetli geçipdi.

Halkara hyzmatdaşlygynda täze üstünlik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda ekologiýa ulgamyny ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Ekologiýa abadançylygyna daýanýan syýahatçylyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynda iň ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň durnukly syýasy, ykdysady hem-de medeni ösüşleri dünýäniň köp ýurtlaryny, halkara guramalaryny özüne çekýär we ýurdumyza bolan gyzyklanmalary döredýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyndan (ÝUNESKO) gelip gowşan hoş habar hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Nurly mekanymyz bolan türkmen topragymyzyň üýtgeşik özüne çekiji we örän baý tapylgysyz tebigaty bar. Türkmeniň ar-namysyndan, milli ruhundan habar berýän uçut gaýaly, bag-dereli daglarymyz, aňyrsyna göz ýetmeýän magdana baý gyzyl-gök çägeli çöllerimiz, tolkunynyň sesi bilen döwletimiziň ösüşlerini jar edýän ýaly tolkun atýan deňiz-derýalarymyz Diýarymyzyň tebigatyna özboluşly gözelligine barha gözellik goşýar. Behişdi tebigata eýe bolan ýurdumyzyň özboluşly ajaýyp tebigat gözellikleri dünýä halklaryny, alymlary, syýahatçylary we söwdagärleri gadym wagtlardan bäri hem özüne çekip gelipdir. Olar türkmen sährasynda ýaşaýan adamlaryň durmuşy, tebigy täsinlikleri, ösümli

Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi

Arkadag şäheri, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün Köpetdagyň ajaýyp tebigy künjeginde ýerleşýän Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk köprüsine öwrüldi.

Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi

Arkadag şäheri, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün Köpetdagyň ajaýyp tebigy künjeginde ýerleşýän Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk köprüsine öwrüldi.