Ussadyň ussat uçurymlary

12 Oktýabr 2023
471

Halypa üçin öz ýetişdiren şägirtleriniň üstünligine şaýat bolmak ýaly uly bagt ýok bolsa gerek. Sebäbi halypa şägirdiniň üstünliginde öz senediniň geljekde has kämil derejede dowam etdiriljekdigini görýär.

Her bir halypanyň köňül islegi bolan şeýle sözleri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Osman Güjümow hakynda-da aýdyp bileris. Çünki Osman mugallymyň şägirtleri bu günki günde goşa taryň owazyny Diýarymyzyň çar künjünde ýaňlandyryp, halkyň alkyşyna, döredijilik üstünliklerine mynasyp bolýarlar. Golaýda Osman mugallymyň şägirtleriniň dördüsi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginde ýeňiji boldy. Olardan Kerim Nyýazowyň häzirki wagtda biziň ýokary okuw mekdebimiziň 2-nji ýyl talybydygy has-da guwandyryjy. Osman Güjümowyň dürli ýerlerde zähmet çekip ýören şägirtleri Serdar Bäşimow, Akmurat Hoşyýew, Begenç Urpekow hem ýurdumyzda ikinji ýola geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijisi boldular. Watan waspyny şirin owaz bilen ýetirýän şägirtleri ýetişdirmegi ömrüniň manysyna öwren halypa mugallym Osman Güjümowa mundan beýlägem döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.

Oguldursun AMANGELDIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.
Beýleki habarlar