Kino sungaty — dostluk köprüsi

15 Oktýabr 2023
820

14-nji oktýabrda Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal açyldy. Bu medeni çäre ýurdumyzyň kino sungatynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändiginiň subutnamasy boldy.

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimiz we sungatymyz dünýä ýaýylýar. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda sungatyň dürli görnüşlerini ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, sungat işgärleriniň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, ýurdumyzda medeni çäreler, şol sanda halkara derejesindäki çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýakynda Arkadag şäherinde V Wena balynyň we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertiniň geçirilmegi sungatyň dostluk köprüsidigini subut etdi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar